Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Ýermeýa 16:17 - Mukaddes Kitap

17 Çünki Meniň gözlerim olaryň edýän pis işlerindedir. Olar Meniň huzurymdan gizlenip bilmez, etmişleri nazarymdan sypmaz.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

17 Чүнки Мениң гөзлерим оларың эдйән пис ишлериндедир. Олар Мениң хузурымдан гизленип билмез, этмишлери назарымдан сыпмаз.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Ýermeýa 16:17
25 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Özüne ak ýürekden hyzmat edenlere güýç-kuwwat bermek üçin Reb bütin ýer ýüzüne syn edýär. Sen akmaklyk etdiň. Mundan beýläk sen mydama uruş içinde bolarsyň».


Günä etsem, göz astyňda saklaýarsyň, etmişimi jezasyz goýmaýarsyň.


Ol ýöreýän ýollarymy görüp, her ädimimi yzarlaýar.


Olar betniýetleri ýüregine düwýär, olar dyngysyz uruş turuzýar.


ýamanlykdan aýryl, et sen ýagşylyk, parahatlyk agtar, onuň yzyndan galma.


«Ine, bu adam Hudaýy özüne pena etmedi, öz baýlygynyň köplügine baglady bili; ol öz baýlygyndan pena gözledi».


Sen gözleriň bilen ýöne gararsyň, erbetleriň jezalaryny görersiň.


Rebbiň gözi hemme ýerdedir, ýamana-ýagşa bakýandyr.


Ynsanyň ýollary Rebbiň gözüniň alnyndadyr, olaryň ähli ýodalaryny synlaýandyr.


Öz niýetlerini Rebden gizlemäge çalyşýanlaryň, dat gününe! Işleri garaňkylykda bolup, olar: «Bizi kim görýär? Bizi kim tanaýar» diýýärler.


Reb şeýle diýýär: «Men olaryň işlerini-de, niýetlerini-de bilýärin. Ähli milletleri we dilleri bir ýere toplamak üçin Men gelýärin. Olar gelip, Meniň şöhratymy görerler.


Ýuwsaň-da aşgar bilen özüňi, sürtseň-de köp sabyny, durandyr huzurymda ýazygyňyň tagmasy. Muny Hökmürowan Reb aýdýandyr.


Gizlin ýerlerde bukulany Meniň görmejek gümanym barmy? Muny Reb aýdýandyr. Asmany hem ýeri Men doldurmaýarynmy? Muny Reb aýdýandyr.


Olar Ysraýylda ýaramaz işlere baş goşdular, goňşularynyň aýallary bilen zyna etdiler, özlerine buýurmasam hem Meniň adymdan ýalan sözleri aýtdylar. Bilýän hem güwä geçýän Mendirin“. Muny Reb aýdýandyr».


Seniň taglymatyň neneňsi beýik, işleriň nähili gudratly! Gözleriň ynsanlaryň edýän ähli işlerini görýändir. Her kese öz tutan ýoluna görä, işiniň miwesine görä sylaglaýarsyň.


Meniň adym dakylan bu öý siziň üçin garakçylaryň sürenine öwrüldimi? Emma Men näme edýäniňizi görýärin. Muny Reb aýdýandyr.


Onsoň Ol maňa: «Eý, ynsan ogly! Ysraýyl ýaşulularynyň her biriniň garaňkyda butlardan doly otaglarynda näme edýänini gördüňmi? Olar Reb bizi görmeýär, Reb ýurdy terk etdi diýýärler» diýdi.


Ol maňa: «Ysraýyl bilen ýahuda halkynyň ýazygy juda çökder, ýurt gandan, şäher adalatsyzlykdan doly. Olar: „Reb ýurdy terk etdi, Reb görmeýär“ diýýärler.


Şonda Men Iýerusalimi çyra bilen agtaryp, düýbüne çöken şerap löderesi deýin çöküp, içlerinden: „Reb ne ýagşylyk, ne-de ýamanlyk eder“ diýip, tekepbirlik edýänleri jezalandyraryn.


«Ýeňil işler eden gününi ähmiýetsiz hasaplanlar Zerubabylyň elindäki şuguly görüp şatlanarlar. Bu ýedi çyra Rebbiň gözüdir, olar dünýäni aýlanyp ýörendir».


Şoňa görä-de, bellenilen wagt ýetýänçä, hiç kimiň üstünden höküm çykarmaň. Reb gelýänçä garaşyň. Ol garaňkylykdaky gizlin zatlary ýagtylyga çykarar, adamlaryň ýürek niýetlerini aýan eder. Şonda her kes Hudaýdan öz edenine laýyk öwgüsini alar.


Hudaýdan gizlin ýaradylan hiç zat ýokdur, Onuň nazarynda ähli zat açyk we mese-mälimdir. Biz Oňa hasabat bermelidiris.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ