Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Ýermeýa 16:16 - Mukaddes Kitap

16 Reb şeýle diýýär: „Men köp balykçylary ýollaryn, olary tutarlar. Ondan soňra Men köp awçylary ýollaryn. Her dagyň, her depäniň üstünden we her gaýanyň gowagyndan olary awlarlar.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

16 Реб шейле диййәр: „Мен көп балыкчылары ёлларын, олары тутарлар. Ондан соңра Мен көп авчылары ёлларын. Хер дагың, хер депәниң үстүнден ве хер гаяның говагындан олары авларлар.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Ýermeýa 16:16
21 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Nimrot Rebbiň huzurynda batyr awçy bolup ýetişdi. Şol sebäpden hem il arasynda: «Rebbiň huzuryndaky Nimrot ýaly batyr awçy» diýilýär.


Reb ýeri lerzana salmaga galkanda, ynsanlar Onuň şan-şöhratyndan, howpundan gaýalardaky gowaklara, kert gaýalardaky jaýryklara girerler.


Olar hem gelip, ýapaşak derelerde, gaýalaryň jaýryklarynda, ähli tikenekli gyrymsy agaçlarda we örülerde ornaşarlar.


Men-de bütin demirgazyk tireleri bilen Babyl patyşasy bolan bendäm Nebukadnesary çagyraryn. Muny Reb aýdýandyr. Olary bu ýurduň, onuň ilatynyň, daş-töwerekdäki ähli milletleriň üstüne alyp gelerin. Bu halklary bütinleý ýok edip, bu ýurdy howpa, ryswaçylyga we ebedilik harabaçylyga öwrerin.


Ähli şäheriň halky atlylaryň we ýaýçylaryň güpürdisinden gaçýar. Kimsi jeňňele sümýär, kimsi gaýalara dyrmaşýar. Şäherleriň ählisi terk edildi, olarda hiç kim ýaşamaýar.


Ine, daş-töweregiňdäkileriň baryndan üstüňe howp indererin. Muny Gudratygüýçli–Hökmürowan Reb aýdýandyr. Siz dargadylarsyňyz, her adam çem gelen ýere gaçar; gaçanlary hiç kim ýygnamaz.


Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Üzümiň soňky salkymynyň ýygnalyşy ýaly, Ysraýylyň aman galanlary hem soňkusyna çenli ýygnalar. Şonuň üçin üzüm ýygýançy deý eliňi soňky gezek şaha uzat».


Yzymyzy yzarladylar, köçelerimizde gezip bilmedik; ahyrymyz golaý, günlerimiz gutardy, çünki soňumyz ýetip gelipdi.


Bizi kowalaýanlar gökdäki bürgütlerden ýyldamdy. Olar daglarda bizi yzarladylar, çölde bizi peýläp ýatdylar.


Men islän wagtymda olara temmi bererin. Öz etmişine iki esse daňlan wagtynda, milletler olaryň garşysyna birleşerler.


Hökmürowan Reb Öz mukaddesliginden ant içdi: «Siziň çeňňekler bilen, iň soňkyňyzyň hem balyk garbaklary bilen tutuljak günüňiz hökman ýetip geler.


Ol gün bir kişiniň arslandan gaçyp, aýa duş gelşi kimindir. Öýüne gelip, elini diwara söýände, ony ýylanyň çakyşy kimindir.


Ýer ýüzünde wepadar galmady, ynsanlaryň arasynda dogruçyly ýok. Gan dökmek üçin bukuda ýatýar bary, dogan dogana duzak gurýar.


Şonda Men Iýerusalimi çyra bilen agtaryp, düýbüne çöken şerap löderesi deýin çöküp, içlerinden: „Reb ne ýagşylyk, ne-de ýamanlyk eder“ diýip, tekepbirlik edýänleri jezalandyraryn.


Şu gün gowagyň içinde Rebbiň özüňi meniň elime berendigini öz gözleriň bilen gördüň. Seni öldürmegi talap edenlerinde-de, men saňa rehim etdim. Men olara: „Öz jenabyma el galdyrmaryn, çünki ol Rebbiň Öz seçip-saýlanydyr“ diýdim.


Şoňa görä, goý, meniň ganym Rebbiň huzuryndan uzakdaky topraga dökülmesin. Eý, Ysraýylyň patyşasy, näme üçin sen meni aňtap ýörsüň? Men bir büre ahyryn!»


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ