Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Ýermeýa 16:15 - Mukaddes Kitap

15 Munuň deregine ysraýyl halkyny demirgazyk ýurtdan, dargadylan beýleki ýurtlardan çykaran Rebden ant içýärin diýjek günleri geler. Çünki Men olary ata-babalaryna beren topragyma gaýtaryp getirerin“.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

15 Мунуң дерегине ысрайыл халкыны демиргазык юртдан, даргадылан бейлеки юртлардан чыкаран Ребден ант ичйәрин дийҗек гүнлери гелер. Чүнки Мен олары ата-бабаларына берен топрагыма гайтарып гетирерин“.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Ýermeýa 16:15
26 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Men hemişe seniň bilen biledirin. Sen nirede bolsaň-da, Men seni goraryn we seni ýene-de şu ýurda gaýtaryp getirerin. Men seni terk etmerin we saňa beren wadamy ýerine ýetirerin».


Emma Reb Ýakubyň nesline rehim eder, Ysraýyly ýene saýlar we olary öz ýurdunda ornaşdyrar. Kesekiler olara goşulyp, ysraýyl halkyna birleşerler.


Hemmesini sogrup taşlanymdan soň, olara ýene ýüregim awar. Olaryň her birini öz mülküne, öz topragyna gaýtaryp getirerin.


Sürimiň galanlaryny olary dargadan ähli ýurtlarymdan ýygnaryn, olary gaýtadan agyllaryna getirerin; olar köpelerler, örňärler.


Şonuň üçin hem şeýle günler geler, mundan beýläk ‘Ysraýyl halkyny Müsür ýurdundan çykaran Rebbiň barlygyndan ant içýärin’ diýilmez. Muny Reb aýdýandyr.


Muňa derek: ‘Ysraýyl halkynyň tohum-tijini demirgazyk ýurdundan we dargadan ýurtlaryndan çykaryp getiren Rebbiň barlygyndan ant içýärin’ diýiljek günler geler. Olar öz ýurtlarynda ýaşarlar“».


Nazarym ýagşylyk üçin olarda bolar, olary ýene bu ýurda getirerin. Olary bina ederin, ýykmaryn; olary ekerin, sogrup taşlamaryn.


Şonda siz Meni taparsyňyz, muny Men – Reb aýdýandyryn. Men size öňki abadançylygyňyzy gaýtaryp bererin, sizi kowan ýerlerimiň baryndan, ähli milletleriň arasyndan yzyňyza ýygnaryn. Muny Reb aýdýandyr. Men sizi nireden sürgün eden bolsam, şol ýere hem gaýtaryp getirerin.


Şol günlerde ýahuda halky ysraýyl halky bilen birleşer. Ikisi birlikde demirgazyk ýurtdan çykyp, Meniň ata-babalaryna mülk edip beren ýurduma geler.


«Gorkma, eý, gulum Ýakup, howatyrlanma, eý, Ysraýyl! Çünki Men seni uzak ýerlerden, nesliňi sürgün bolan ýurtdan halas ederin. Ýakup yzyna dolanyp, dynçlykda hem asudalykda bolar, indi ony hiç kim gorkuzmaz. Muny Reb aýdýandyr.


Çünki halkym Ysraýyl bilen Ýahudanyň öňki abadançylygyny dikeltjek günlerim ýetip gelýär. Muny Reb aýdýandyr. Men olary ata-babalaryna beren ýurduma gaýtaryp getirerin, olar hem ol ýeri eýelärler. Muny Reb aýdýandyr“».


Ine, Men olary demirgazyk ýurdundan getirerin, dünýäniň aňry uçlaryndan ýygnaryn; olaryň arasynda kör, agsak, göwreli we çaga dogurýan hem bolar; olar uly mähelle bolup bu ýere dolanar.


„Men halkymy gahar-gazabym, otly gazabym bilen dargadan ýurtlarymdan ýygnaryn. Olary bu ýere yzlaryna getirerin we howpsuzlykda ýaşadaryn.


Ysraýyly ýene öz örüsine getirerin, ol Karmelde, Başanda otlap, Efraýym dagyndaky Gilgatda gerk-gäbe doýar.


Men sizi milletleriň arasyndan yzyňyza alaryn, ähli ýurtlardan ýygnap, öz ýurduňyza getirerin.


Sürgün eden ýerlerimden halky yzyna getirenimde, olar Meniň özleriniň Hudaýy Rebdigimi bilerler; ol ýerde olaryň birini-de galdyrman öz ýurtlaryna ýygnaryn.


«Ine, şonda, Ýahuda bilen Iýerusalimiň öňki abadançylygyny dikelden günlerimde,


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ