Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Ýermeýa 16:13 - Mukaddes Kitap

13 Munuň üçin Men sizi bu ýurtdan çykaryp, özüňiziň-de, ata-babalaryňyzyň-da tanamaýan ýurduna taşlaryn. Ol ýerde gije-gündiz başga hudaýlara gulluk edersiňiz, Men size merhemet etmerin“.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

13 Мунуң үчин Мен сизи бу юртдан чыкарып, өзүңизиң-де, ата-бабаларыңызың-да танамаян юрдуна ташларын. Ол ерде гиҗе-гүндиз башга худайлара гуллук эдерсиңиз, Мен сизе мерхемет этмерин“.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Ýermeýa 16:13
21 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Babyl patyşasy Hamat ýurdunyň Ribla galasynda olaryň baryny öldürdi. Şeýdip, ýahuda halky öz ýurdundan ýesir edilip äkidildi.


Çünki Reb şeýle diýýär: «Ine, bu gezek Men bu ýurduň ilatyny uzaklara taşlaryn. Görsünler diýip, üstlerine bela indererin».


Eý, Ysraýylyň Umydy, hasratly wagtyndaky Halasgäri! Neçün bolýaň bu ýurtda gelmişek ýaly, gijäni geçirmek üçin düşlän ötegçi ýaly?


Soňra Reb maňa şeýle diýdi: «Hatda Musa bilen Şamuwel huzurymda durup ýalbarsalar-da, ýüregim bu halka tarap öwrülmez. Halkymy huzurymdan kow, goý, gitsin!


Men seni tanamaýan ýurduňda duşmanlaryňa gul ederin, gazabym size garşy ot bolup tutaşyp, ebedilik ýanar».


Ýahuda patyşasy Hizkiýanyň ogly Manaşanyň Iýerusalimde eden işlerinden ýaňa bütin dünýäniň patyşalyklaryny howp astyna salaryn.


Çünki Reb şeýle diýýär: „Ýas tutulýan öýe girme, matam tutmak, aglamak üçin gitme. Çünki Men bu halkdan sag-salamatlygymy, söýgimi we rehim-şepagatymy aýyrdym. Muny Reb aýdýandyr.


Saňa beren mülkümi öz günäň bilen ýitirdiň. Men seni tanamaýan ýurduňda duşmanlaryňa gul ederin, çünki siz Meniň gazabymy tutaşdyrdyňyz, ol ebedilik lowlar».


Sen bilen seni dogran ejeňi özüňiziň dogulmadyk ýeriňiz bolan başga ýurda zyňaryn, şol ýerde-de ölersiňiz.


Bu Ýehoýakyn diýen adam äsgerilmeýän döwük küýze bolup, hiç kime gerekmejek gapdyr. Ol nesli bilen birlikde özleriniň tanamaýan ýurduna taşlandy.


«Halk senden: „Näme üçin Hudaýymyz Reb bize bu zatlary etdi?“ diýip sorasa, sen olara şeýle jogap ber: „Siz Ony terk edip, ýurduňyzdaky keseki hudaýlara gulluk etdiňiz. Indi siz hem özüňize degişli bolmadyk bir ýurtda kesekilere gulluk edersiňiz“.


Olar özlerini bihaýa alyp baryp, nejis işler etdiler, emma muňa utanmadylar. Utanyp gyzarmagyň nämedigini bilmediler. Şonuň üçin olar-da heläk bolup, ýykylanlaryň arasyna ýykylarlar, jezalandyranymda, ýer bilen ýegsan bolarlar». Muny Reb aýdýandyr.


Reb sizi we siziň üstüňizden goýlan patyşany özüňiziň, hatda ata-babalaryňyzyň hem tanamaýan-bilmeýän halkynyň üstünden elter. Ol ýerde siz agaçdan we daşdan ýasalan başga hudaýlara gulluk edersiňiz.


Reb olary güýçli gahar bilen, gazap atyna atlanyp, öz ýurtlaryndan kowup çykaryp, şu günki görşüňiz ýaly, başga ýurda äkidip taşlady“.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ