Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Ýermeýa 16:11 - Mukaddes Kitap

11 Şonda sen olara Reb, ine, şeýle aýdýar diý: „Bu siziň ata-babalaryňyzyň Meni terk edendikleri üçindir. Olar başga hudaýlaryň yzyna düşdüler, olara gulluk hem sežde etdiler. Menden ýüz öwürdiler, kanunymy ýerine ýetirmediler.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

11 Шонда сен олара Реб, ине, шейле айдяр дий: „Бу сизиң ата-бабаларыңызың Мени терк эдендиклери үчиндир. Олар башга худайларың ызына дүшдүлер, олара гуллук хем сежде этдилер. Менден йүз өвүрдилер, канунымы ерине етирмедилер.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Ýermeýa 16:11
21 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Onsoň ähli halklar: „Çünki ysraýyl halky ata-babalaryny Müsür ýurdundan çykaran özleriniň Hudaýy Rebden ýüz dönderip, başga hudaýlara tarap öwrülip, olara sežde etdiler, olara hyzmat etdiler. Şonuň üçin hem Reb bu betbagtçylygy olaryň başyndan inderdi“ diýerler».


Onsoň ähli halklar: „Çünki ysraýyl halky ata-babalaryny Müsür ýurdundan çykaran özleriniň Hudaýy Rebden ýüz dönderip, başga hudaýlara tarap öwrüldiler. Olaryň öňünde sežde edip, olara hyzmat etdiler. Şonuň üçin hem Reb bu betbagtçylyklary olaryň başyndan inderdi“ diýerler».


Eger içiňden: „Näme üçin bu zatlar meniň başyma düşdükä?“ diýýän bolsaň, bu etmişleriňiň köplügi sebäpli etegiň açyldy we namysyňa degildi.


Ruhanylar: ‘Reb hany?’ diýip soramadylar. Kazylar Meni tanamadylar, ýolbaşçylar Maňa garşy pitne turuzdylar, pygamberler Bagal butunyň adyndan pygamberlik edip, biderek zatlaryň yzyna eýerdiler.


Olara şeýle jogap bererler: ‘Olar özleriniň Hudaýy Rebbiň ähtini terk etdiler, başga hudaýlara sežde we gulluk etdiler’“.


Bu süňkler olaryň öz söýen, gulluk eden, yzlaryna eýeren, maslahat sorap sežde eden zatlarynyň, ýagny Günüň, Aýyň, tutuş asman jisimleriniň astyna serler. Olar ýygnalyp jaýlanylmaz, topragyň ýüzünde ders ýaly ýatar.


Gaýtam, kesirlik bilen niýetlerini ýamana düwüp, ata-babalarynyň öwredişi ýaly, Bagal butunyň yzyna eýerdiler».


Ata-babalarymyz günä etdiler; indi olar ýok, emma olaryň jezasyny biz çekýäris.


Emma ýürekleri ýigrenji we nejis zatlaryň yzyna eýeren adamlary jezalandyraryn, olaryň eden işlerini öz başlaryndan indererin». Muny Hökmürowan Reb diýýär.


Reb şeýle diýýär: «Men Ýahudany günä üstüne günä edendigi üçin jezasyz galdyrmaryn. Çünki Rebbiň kanunyny ret etdiler, Onuň parzlaryny tutmadylar, ata-babalarynyň ýalan hudaýlaryň yzyna eýerişi ýaly indi bular-da olar bilen azdylar.


Ata-babalaryňyzyň döwründen bäri siz Meniň parzlarymdan ýüz öwrüp, olary berjaý etmeýärsiňiz. Maňa tarap öwrüliň, Menem size tarap öwrülerin. Muny Hökmürowan Reb aýdýandyr». Emma siz: «Biz nädip öwrüleli?» diýýärsiňiz.


Geçmişde butparazlyga uýup ýaşanyňyz ýeterlikdir. Şol döwürleri siz ahlaksyzlykda, haram keýp çekmekde, serhoşlykda, içgili keýpi-sapada we ýigrenji butparazlykda geçirdiňiz.


Soňra ysraýyllar Rebbiň ýigrenýän işlerini edip, Bagal butlaryna gulluk etdiler.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ