Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Ýermeýa 15:7 - Mukaddes Kitap

7 Ýurduň derwezelerinde halkymy çarşak bilen sowraryn. Perzentsiz goýup, olary heläk ederin, çünki olar pis ýollaryndan dänmediler.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

7 Юрдуң дервезелеринде халкымы чаршак билен соврарын. Перзентсиз гоюп, олары хеләк эдерин, чүнки олар пис ёлларындан дәнмедилер.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Ýermeýa 15:7
21 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Erbetler bolsa beýle däldir, olar ýeliň sowran harpygy ýalydyr.


Siz olary sowrarsyňyz, şemal olary uçuryp äkider, harasat olary pytradar. Onsoň siz Rebde şatlanarsyňyz, Ysraýylyň Mukaddesinde şöhratlanarsyňyz.


gündogardan siriýalylary, piliştlileri günbatardan. Olar Ysraýyly ýuwudarlar, agyzlaryny açarlar-da. Ýöne Rebbiň gazaby sönmändi şonda-da, eli entek-de jeza bermäge taýyn.


Özüne jeza Berene tarap öwrülmedi halk, Hökmürowan Rebbe tabyn bolmady.


Munuň üçin çagalaryny açlyga ber, kesgir gylyja tabşyr. Aýallary perzentsiz dul galsyn, erkeklerini ajal alsyn, ýaş ýigitleri söweşde gylyçdan ölsün.


Ýa Reb, Seniň nazaryň hakykata dikilen dälmidir? Olary urduň, emma olar agyry duýmadylar. Olary heläk etdiň, emma olar ýüz öwürdiler dogry ýoldan. Olar ýüzlerini gaýadan-da gataldyp, yzlaryna dolanmak islemediler.


Babyla gelmişekleri ýollaryn, ony sowrup, ýurduny boş goýarlar. Betbagtlyk güni ony her tarapdan gurşarlar.


Köçelerden çagalary, meýdançalardan ýaş ýigitleri gyryp taşlamak üçin, ölüm penjirelerimize dyrmaşyp, galalarymyza girdi.


«Ysraýyl halkyna Hökmürowan Reb şeýle diýýär diý: „Men güýjüňiziň buýsanjy, gözüňiziň arzuwlaýany, janyňyzyň mähremi bolan mukaddes öýümi harlatmakçy. Galdyryp gaýdan ogul-gyzlaryňyz gylyçdan ölerler“.


«Eý, ynsan ogly! Men olaryň güýjüni, gözellik şatlygyny, göz guwanjyny, janlarynyň perwaz urýan zadyny, ogul-gyzlaryny olardan alan günüm bu beladan gaçyp gutulan biri gelip, muny saňa habar berer.


Depäňizde ynsanlary halkym Ysraýyly gezdirerin; olar sizi mülk edinerler, siz olaryň mirasy bolarsyňyz. Gaýdyp olary öz çagalaryndan mahrum etmersiňiz».


Ata-babalaryňyz ýaly bolmaň. Öňki pygamberler olara ýüzlenip, şuny jar etdiler: Hökmürowan Reb ýaman ýollaryňyzdan, pis işleriňizden el çekiň diýýär. Ýöne olar muny diňlemediler, Maňa gulak asmadylar. Muny Men – Reb aýdýandyryn.


Onuň harman sowurýan çarşagy elindedir. Ol harman ýerini süpürip, bugdaýyny ammara üýşürer, samany bolsa sönmez otda ýakar».


Örňäp ösmegiňize, topragyňyzyň hasylyna, sygyrlaryňyzyň we dowarlaryňyzyň artmagyna nälet bolsun.


Ogullaryňyz we gyzlaryňyz gözüňiziň alnynda başga halklara berler. Günuzyn olary agtarmakdan ýaňa, gözüňiziň nury öçer, emma eliňizden gelen zat bolmaz.


Ogullaryňyz we gyzlaryňyz bolar, emma siz olary ýitirersiňiz, çünki olar ýesir edilip äkidiler.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ