Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Ýermeýa 15:5 - Mukaddes Kitap

5 Eý, Iýerusalim, kimiň saňa ýüregi awar? Seniň üçin kim aglar? Hal-ýagdaýyňy soramak üçin ýolundan sowlup, kim seniň ýanyňa geler?»

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

5 Эй, Иерусалим, кимиң саңа йүреги авар? Сениң үчин ким аглар? Хал-ягдайыңы сорамак үчин ёлундан совлуп, ким сениң яныңа гелер?»

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Ýermeýa 15:5
15 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Maňa rehim ediň, eý, dostlarym, rehim ediň, maňa! Çünki Hudaý maňa el urdy.


Musa gaýynatasyny garşy almaga çykdy we dyzyna çöküp tagzym etdi we ony ogşady. Olar biri-biri bilen saglyk-amanlyk soraşanlaryndan soň, çadyryň içine girdiler.


Başyňa bu iki bela: harabaçylyk we weýrançylyk, açlyk we gylyç geldi. Kim saňa duýgudaşlyk bildirer? Saňa nädip göwünlik bereýin?


Men olary ata-eneleri we çagalary bilen birlikde biri-birini gyrlyşdyraryn. Olary ýok edenimde, gözüm gaýgyrmaz, haýpym gelmez, ýüregim awamaz. Muny Reb aýdýandyr“.


Çünki Reb şeýle diýýär: „Ýas tutulýan öýe girme, matam tutmak, aglamak üçin gitme. Çünki Men bu halkdan sag-salamatlygymy, söýgimi we rehim-şepagatymy aýyrdym. Muny Reb aýdýandyr.


Mundan soň Ýahudanyň patyşasy Sidkiýany, onuň emeldarlaryny, bu şäheriň ilatyny uruşdan, açlykdan we mergiden aman galanlaryň baryny Babyl patyşasy Nebukadnesaryň, öz janlarynyň kastyna çykan duşmanlarynyň eline bererin. Nebukadnesar olary gylyçdan geçirer, olary gaýgyrmaz, olara haýpy gelmez we ýüregi awamaz. Muny Reb aýdýandyr“.


Sion elini uzadýar, emma oňa teselli berýän ýok. Ýakuba duşman boluň diýip, Reb emr etdi goňşy halklara. Iýerusalim olaryň arasynda murdar zada öwrüldi.


Seni görenleriň bary gaçyp, şeýle diýerler: „Ninewe haraba öwrüldi, Kim onuň ýasyny tutar?“ Saňa teselli berjekleri nireden tapaýyn?»


Bular ol ýere bardylar. Mikanyň topar bolup duran öýleriniň birinde bolýan lewi ýigidiniňkä girdiler, onuň bilen salamlaşdylar.


Olar saňa salam bererler we bir jübüt çörek hödür ederler; çörekleri alarsyň.


Dawut zatlaryny sakça tabşyrdy-da, goşuna tarap ylgady. Agalarynyň ýanyna baryp, olar bilen salamlaşdy.


Şonda Dawut on ýigidini şeýle tabşyryk bilen onuň ýanyna iberdi: «Karmele gidiň. Nabalyň ýanyna baryň-da, oňa menden salam aýdyň


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ