Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Ýermeýa 15:3 - Mukaddes Kitap

3 «Olaryň başyndan dört hili betbagtlyk indererin: öldürmek üçin – gylyjy, düýt-müýt etmek üçin – itleri, iýip ýok etmek üçin – wagşy guşlar bilen ýyrtyjy haýwanlary ibererin. Muny Reb aýdýandyr.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

3 «Оларың башындан дөрт хили бетбагтлык индерерин: өлдүрмек үчин – гылыҗы, дүйт-мүйт этмек үчин – итлери, ийип ёк этмек үчин – вагшы гушлар билен йыртыҗы хайванлары иберерин. Муны Реб айдяндыр.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Ýermeýa 15:3
21 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Olara öz saçagy, goý, duzak bolsun, myhmanlary üçin bir gapan bolsun.


Hemmesi daglardaky ýyrtyjy guşlara, ýerdäki wagşy haýwanlara galdyrylar. Olar tomsuna ýyrtyjy guşlara, gyşyna wagşy haýwanlara şam bolarlar.


Mirasym nazarymda gyrgy deý boldumy? Her tarapdan wagşy guşlar üstüne çozdy. Gidiň-de, ähli ýabany haýwanlary toplaň, goý, olar mirasymy ýuwudyp-ýalmasynlar.


Olar agyz bekleseler-de, olaryň perýadyna gulak asmaryn. Olar ýakma gurbanlygyny, galla sadakasyny hödürleseler-de, Men olary kabul etmerin. Tersine, gylyç, açlyk we mergi bilen olary ýok ederin».


Olaryň pygamberlik eden halky-da açlyk we gylyç sebäpli Iýerusalimiň köçelerine taşlanar. Olaryň özlerini, aýallaryny we ogul-gyzlaryny jaýlan bolmaz. Çünki eden pisliklerini Men olaryň öz başlaryndan indererin.


Olar agyr kesellerden ölerler, olar üçin ýas tutulmaz, jesetleri jaýlanylmaz, topragyň ýüzünde ders ýaly bolup ýatarlar. Olar gylyçdan we açlykdan heläk bolarlar. Jesetleri guşlara we ýyrtyjy haýwanlara şam bolar.


Bu halkyň jesetleri guşlara we ýyrtyjy haýwanlara şam bolar, olary hiç kim kowmaz.


Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Iýerusalimdäki ynsanlary we haýwanlary ýok etmek üçin üstlerine dört agyr hökümimi: gylyç, açlyk, ýyrtyjy haýwanlar we mergi ýollanymda, olaryň ýagdaýy has çökder bolar.


Olara Hökmürowan Reb şeýle diýýär diý: «Öz barlygymdan ant içýärin, harabalykdakylar gylyçdan heläk bolarlar; çöldäkileri ýyrtyjy haýwanlara şam ederin; galadakylar we gowakdakylar bolsa mergiden ölerler.


Üstüňize wagşy haýwanlary ibererin. Olar sizi çagalaryňyzdan jyda düşürerler, mallaryňyzy gyrarlar, sanyňyzy azaldyp, ýollaryňyzy çolardarlar.


Men siziň ýurduňyzda uruş turzaryn. Ähtimi bozanlygyňyz üçin, Men size hökman jeza bererin. Eger siz galalaryňyzda gaçyp gizlenseňiz, Men siziň araňyza gyrgyn keselini ibererin. Şeýdip, Men sizi duşmanyňyzyň eline bererin we olar siziň üstüňizden höküm sürerler.


Ol gün bir kişiniň arslandan gaçyp, aýa duş gelşi kimindir. Öýüne gelip, elini diwara söýände, ony ýylanyň çakyşy kimindir.


Siziň jesetleriňiz asmandaky guşlara we ýerdäki haýwanlara iýmit bolar. Olary kowmaga adam tapylmaz.


Gowrup barýan gytlyk, ýakýan hassalyk, gyrgyn ýok eder olary. Iberýän ýyrtyjy haýwanlarym olara agyz salar, ýerde süýrenýän ýylanlar zäherin pürker.


Görsem, ine, reňki solgun bir at dur. Onuň üstündäki atlynyň ady Ölümdi, onuň yzyndan ölüler dünýäsi gelýärdi. Olara ýeriň dörtden bir bölegine ygtyýar berlip, şol ýerdäki adamlary gylyç, açlyk, mergi, wagşy haýwanlar bilen öldürmäge rugsat edilipdi.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ