Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Ýermeýa 15:21 - Mukaddes Kitap

21 Seni erbetleriň elinden azat ederin, rehimsizleriň penjesinden halas ederin».

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

21 Сени эрбетлериң элинден азат эдерин, рехимсизлериң пенҗесинден халас эдерин».

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Ýermeýa 15:21
24 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

meni ähli ýamanlykdan goran perişde bu oglanlary-da ýalkasyn! Goý, meniň adym, ata-babalarym Ybraýymyň hem Yshagyň ady şu oglanlaryň üsti bilen dowam etsin! Goý, olardan köp nesiller döresin!»


Saňa dat-perýat eden wagtymda, iň mukaddes otagyňa tarap ellerimi galdyranymda, ýalbaryşlarymyň sesini eşit.


Zalymlar ýok bolarlar, masgaralaýjylaryň soňuna çykylar, ýamanlyk etmäge garaşýanlar ýok ediler.


Duşmanlaryňyň köpüsi toz dek bolar, zalymlaryň sowrulan saman çöpi deýindir. Birdenkä, duýdansyz,


Saňa sütem edýänleriň özlerini özüne iýdirerin, täze şerap içen deý öz ganlaryndan serhoş bolarlar. Onsoň ähli ynsanlar Meniň Rebdigimi, seniň Halasgäriňdigimi, Penakäriňdigimi, Ýakubyň Gudratly Hudaýydygymy bilerler».


Seniň garşyňa ýasalan ýarag derde ýaramaz, hökümde garşyňa çykýan her dili aýyplarsyň. Rebbiň bendeleriniň mirasy şudur, Men olary aklaryn». Muny Reb aýdýandyr.


Milletleriň süýdüni emersiň, Sorarsyň şalaryň göwsün. Şonda sen Men Rebbiň Halasgäriňdigimi, Penakäriňdigimi, Ýakubyň Gudratly Hudaýydygymy bilersiň.


Rebbe nagma aýdyň, Rebbe alkyş okaň! Çünki garybyň janyny ýaramazlaryň elinden Ol halas etdi.


Emma Şapanyň ogly Ahykamyň Ýermeýany goraýandygy sebäpli, ol öldürilmäge halkyň eline berilmedi.


Çünki Reb Ýakuby halas eýledi, ony özünden güýçliniň elinden azat etdi.


Ýermeýa Iýerusalimiň basylyp alnan gününe çenli garawulhanada galdy.


Babyl patyşasy Nebukadnesar janpenalaryň baştutany Nebuzaradona Ýermeýa barada şeýle buýruk berdi:


«Ony al-da, oňa gowuja göz-gulak bol, hiç bir zeper ýetirme, näme sorasa, şony et».


Emma Ysraýylyň Penakäri güýçlüdir, Onuň ady Hökmürowan Rebdir. Ol Ysraýylyň işini derňäp, ýurda rahatlyk berer, emma Babylyň ilatyna biynjalyk berer».


Eý, patyşahym, bizi ýanyp duran küreden halas edip bilýän Hudaý – bu biziň gulluk edýän Hudaýymyzdyr, Ol bizi seniň eliňden halas eder.


Patyşa: «Emma men oduň içinde gezip ýören, el-aýagy çözülen dört adamy görýärin. Olara hiç hili zeper ýetmändir we olaryň dördünjisiniň keşbi hudaýlaryň biriniňkä meňzeýär» diýdi.


Bizi synaga salma, gaýtam bizi şeýtandan halas et.“


Parahatlygyň gözbaşy bolan Hudaý bolsa tiz wagtda şeýtany aýaklaryňyzyň astynda mynjyradar. Goý, Rebbimiz Isa Mesihiň merhemeti size ýar bolsun!


Hudaý bizi ajalyň penjesinden halas etdi we ýene-de halas eder. Biziň üçin edýän doga-dilegleriňiz arkaly Onuň bizi ýene-de halas etjekdigine umyt baglaýarys. Şonda köpleriň doga-dilegine jogap hökmünde bize berlen merhemet üçin köp adamlar Hudaýa şükür ederler.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ