Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Ýermeýa 15:14 - Mukaddes Kitap

14 Men seni tanamaýan ýurduňda duşmanlaryňa gul ederin, gazabym size garşy ot bolup tutaşyp, ebedilik ýanar».

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

14 Мен сени танамаян юрдуңда душманларыңа гул эдерин, газабым сизе гаршы от болуп туташып, эбедилик янар».

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Ýermeýa 15:14
18 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

«Rebbe tabşyrypdy özüni; goý, Ol ony halas eýlesin, ony azat etsin, çünki Reb ondan köp razy!»


Munuň üçin Ol lowlaýan gazabyny, zalym urşy üstlerinden inderdi; olary hemme tarapdan otlady, emma olar şonda-da düşünmediler, olary ýakdy, ýöne üns bermediler.


Meýdana çyksam, gylyçdan geçirilenleri görýärin! Şähere girsem, açlykdan heläk bolanlary görýärin! Pygamber-de, ruhany-da hiç zada düşünmän, ýurtda enteşip ýörler“».


Ýahuda patyşasy Hizkiýanyň ogly Manaşanyň Iýerusalimde eden işlerinden ýaňa bütin dünýäniň patyşalyklaryny howp astyna salaryn.


Munuň üçin Men sizi bu ýurtdan çykaryp, özüňiziň-de, ata-babalaryňyzyň-da tanamaýan ýurduna taşlaryn. Ol ýerde gije-gündiz başga hudaýlara gulluk edersiňiz, Men size merhemet etmerin“.


Saňa beren mülkümi öz günäň bilen ýitirdiň. Men seni tanamaýan ýurduňda duşmanlaryňa gul ederin, çünki siz Meniň gazabymy tutaşdyrdyňyz, ol ebedilik lowlar».


Eý, ýahuda halky we Iýerusalim ilaty, Men-Reb üçin ýüregiňizi sünnetläp, özüňizi Maňa bütinleý bagyş ediň. Ýogsam pis işleriňiz sebäpli Men gazabymy ot kimin lowladaryn, ony hiç kim söndürip bilmez».


Hamat ýurdunyň Ribla galasynda Babyl patyşasy olary öldürdi. Şeýdip, ýahuda halky öz ýurdundan sürgün edildi.


Munuň üçin sizi Damaskyň aňyrsyna sürgün ederin. Muny Reb aýdýandyr. Onuň ady Hökmürowan Hudaýdyr.


Reb sizi duşmanlaryňyzyň öňünde ýeňlişe sezewar eder. Siz olaryň garşysyna bir tarapdan hüjüm etseňiz, yzyňyza gaçanyňyzda çar tarapa gaçarsyňyz. Başyňyzdan inen bela-beterler ýer ýüzündäki ähli şalyklary howsala salar.


Reb sizi we siziň üstüňizden goýlan patyşany özüňiziň, hatda ata-babalaryňyzyň hem tanamaýan-bilmeýän halkynyň üstünden elter. Ol ýerde siz agaçdan we daşdan ýasalan başga hudaýlara gulluk edersiňiz.


Reb sizi ýeriň bir ujundan beýleki ujuna çenli ähli halklaryň arasyna dargadyp goýberer. Ol ýerde siz özüňiziň-de, ata-babalaryňyzyň-da tanamadyk we bilmedik agaçdan we daşdan ýasalan başga hudaýlara gulluk edersiňiz.


„Kükürt! Duz! Tutuş ýurt ýanýar! Hiç zat ekilmez, hiç zat gögermez, gaýdyp hiç hili ösümlik ösmez. Reb gazap atyna atlanyp, Sodom, Gomora, Adma we Seboýym galalaryny ýok edişi ýaly ýykyp-ýumurdy!“ diýerler.


Çünki ot bolup tutaşar Meniň gazabym, ölüler dünýäsiniň düýbüne çenli ýanar. Ýeri nygmatlary bilen bile ýuwudar ol ot, daglaryň binýadyny ýakyp kül eder.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ