Olaryň dul aýallaryny deňiz çägesinden-de köpelderin. Ýigitleriň hem ejeleriniň üstüne günorta çagy heläkleýji ibererin. Ejelerini duýdansyz gorky we howp astyna salaryn.
Men bu şäheriň ähli baýlygyny, mal-mülküni, gymmatbaha zatlary bilen Ýahuda patyşalarynyň ähli genji-hazynalaryny duşmanlarynyň eline bererin. Olara talaň salyp, ähli zatlaryny Babyla äkiderler.
Şeba, Dedan, Tarşyş söwdagärleri we onuň ähli ýolbaşçylary senden: „Talamaga geldiň dälmi? Jemagatyňy olja almak, altyn-kümüş äkitmek, emläk we köp olja edinmek üçin ýygnadyňmy?“ diýip sorarlar».
Mal-mülkleri olja bolar, jaýlary haraba döner, jaý salynsalar-da, ýaşamazlar onuň içinde, üzüm agaçlaryny oturdarlar, emma olaryň şerabyndan içmezler».