Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Ýermeýa 15:1 - Mukaddes Kitap

1 Soňra Reb maňa şeýle diýdi: «Hatda Musa bilen Şamuwel huzurymda durup ýalbarsalar-da, ýüregim bu halka tarap öwrülmez. Halkymy huzurymdan kow, goý, gitsin!

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

1 Соңра Реб маңа шейле дийди: «Хатда Муса билен Шамувел хузурымда дуруп ялбарсалар-да, йүрегим бу халка тарап өврүлмез. Халкымы хузурымдан ков, гой, гитсин!

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Ýermeýa 15:1
32 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Ybraýym daň bilen turup, özüniň Rebbiň huzurynda duran ýerine gitdi.


Reb bütin Ysraýyl nesillerinden ýüz dönderdi. Ol olary jezalandyryp, talaňçylaryň eline berdi. Şeýdip, Reb olaryň baryny Öz huzuryndan ýok etdi.


Deňizdäki gämilerde ýüzýänler, haýbatly suwlarda söwda edýänler


Paýhasly iş edýän hyzmatkär patyşanyň merhemetini gazanýar, masgara iş edýän bolsa Onuň gazabyna duçar bolýar.


Çünki Reb şeýle diýýär: «Ine, bu gezek Men bu ýurduň ilatyny uzaklara taşlaryn. Görsünler diýip, üstlerine bela indererin».


Eý, Ýermeýa, sen-de bu halk üçin dileg etme, olar üçin dady-perýat etme, ýalbarma, çünki betbagtçylyga uçrap, Meni çagyranlarynda, olary diňlemerin.


Onsoň Reb maňa şeýle diýdi: «Bu halkyň abadançylygy üçin dileg etme.


Olar agyz bekleseler-de, olaryň perýadyna gulak asmaryn. Olar ýakma gurbanlygyny, galla sadakasyny hödürleseler-de, Men olary kabul etmerin. Tersine, gylyç, açlyk we mergi bilen olary ýok ederin».


Munuň üçin Reb şeýle diýýär: «Eger toba etseň, seni ýene kabul edip, huzurymda durzaryn. Eger biderek sözleri däl-de, gymmatly sözleri aýtsaň, Meniň dilim bilen geplärsiň. Bu halkyň özi saňa tarap öwrüler, emma sen olara tarap öwrülmersiň.


Munuň üçin Men sizi bu ýurtdan çykaryp, özüňiziň-de, ata-babalaryňyzyň-da tanamaýan ýurduna taşlaryn. Ol ýerde gije-gündiz başga hudaýlara gulluk edersiňiz, Men size merhemet etmerin“.


Çünki Reb şeýle diýýär: „Ýas tutulýan öýe girme, matam tutmak, aglamak üçin gitme. Çünki Men bu halkdan sag-salamatlygymy, söýgimi we rehim-şepagatymy aýyrdym. Muny Reb aýdýandyr.


Ýagşylyga ýamanlyk edilermi? Emma olar janymy almak üçin çukur gazdylar. Gazabyňy olardan sowmak, olara ýagşylyk dilemek üçin, huzuryňda nähili duranymy ýadyňa sal.


Bu Ýehoýakyn diýen adam äsgerilmeýän döwük küýze bolup, hiç kime gerekmejek gapdyr. Ol nesli bilen birlikde özleriniň tanamaýan ýurduna taşlandy.


Şonuň üçin hem Men sizi terk edip, sizi-de, özüňize we ata-babalaryňyza beren şäherimi-de huzurymdan aýryp taşlaryn.


Munuň üçin Ysraýyl Hudaýy Hökmürowan Reb şeýle diýýär: „Rekabyň ogly Ýonadabyň neslinden Meniň huzurymda hyzmat etjek adamlaryň sany hiç wagt kemelmez“».


Rebbiň Iýerusalime we ýahuda halkyna garşy bolan gahary tutaşýardy. Ol şonuň üçin olary Öz huzuryndan kowdy. Sidkiýa Babyl patyşasyna garşy uruş turuzdy.


Ine, Siondan perýat eşidilýär: «Bizi, gör, nähili weýran etdiler! Gaty utanja galdyk, çünki ýurdumyzy terk etdik, öýlerimiz ýer bilen ýegsan boldy».


Eger şu üç adam Nuh, Danyýel we Eýýup ol ýerde bolsalar-da, olar dogruçyllyklary bilen diňe öz janlaryny halas edip bilerler. Muny Hökmürowan Reb diýýär.


Ýurdy heläk etmezligim üçin diwary täzeden bejerip, onuň gädiginde ýurt üçin öňümde durup biljek bir adam agtardym, ýöne tapyp bilmedim.


Reb diýýär: «Olaryň Gilgaldaky ýaramaz işleri üçin, şol ýerde olary ýigrendim. Men olary öýümden kowaryn. Indi Men olary halamaryn. Bar hökümdary Maňa garşy baş göterdiler.


Perişdäniň öňünde duran Ýeşuwanyň egnindäki geýimi kirlidi.


Men Rebbe ýüzlenip, şeýle dileg etdim: „Eý, Hökmürowan Reb, Öz saýlan aýratyn halkyňy ýok etme. Sen olary Öz beýikligiň bilen gulçulykdan azat edip, gudratly goluň bilen Müsürden çykaryp getirdiň.


Mesih ynsan eli bilen ýasalan we asyl nusganyň ýöne bir görnüşi bolan iň mukaddes otaga girmedi. Ol biziň üçin Hudaýyň huzurynda häzir bolup, gökdäki mukaddes otaga girdi.


Eý, Ysraýyl serkerdeleri, ýüregim siz bilen, gahrymanlarça söweşjekler bilen. Rebbe şöhrat bolsun!


Olar Şamuwele şeýle diýdiler: «Öz gullaryňyň aman galmagy üçin, Hudaýyň Rebbe dileg et. Biz şu pis iş, ýagny özümize patyşa talap etmek bilen öz günämizi has-da agraldypdyrys».


Üstesine-de, siziň üçin dileg etmegimi bes edip, Rebbiň öňünde günä gazanmagymdan Rebbiň Özi saklasyn! Men size hözirli hem dogry ýol görkezjek.


Şamuwel heniz otukmadyk bir guzyny Rebbe başbütin ýakma gurbanlyk berdi. Soň ol Ysraýyl üçin Rebbe perýat etdi; Reb oňa seslendi.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ