Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Ýermeýa 14:3 - Mukaddes Kitap

3 Han-begleri hyzmatkärlerini suw getirmäge iberýärler. Olar guýa gelip, suw tapmaýarlar, yzlaryna boş küýzeli dolanýarlar. Olar aljyraňňylyga düşüp, utanç içinde başlaryny büreýärler.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

3 Хан-беглери хызматкәрлерини сув гетирмәге иберйәрлер. Олар гуя гелип, сув тапмаярлар, ызларына бош күйзели доланярлар. Олар алҗыраңңылыга дүшүп, утанч ичинде башларыны бүрейәрлер.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Ýermeýa 14:3
23 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Dawut aglap-eňräp Zeýtun dagyna çykdy. Başynda örtügi bardy, aýaklary ýalaňaçdy. Onuň ýanyndakylaryň-da ählisiniň başlary örtülgidi, gidip baryşlaryna olaram aglaýardylar.


Patyşa ýüzüni aşak salyp: «Wah, oglum, Abşalom! Jan oglum, jan oglum, Abşalom!» diýip, gaty sesi bilen möňňürip aglaýardy.


Wagtyň geçmegi bilen çeşme gurady, çünki ýurda ýagyş ýaganokdy.


Hizkiýa gulak asmaň!“ Aşur patyşasy şeýle diýýär: „Meniň bilen ýaraşyk ediň-de, meniň ýanyma geliň. Şonda her kim öz üzümçiliginiň hem-de injir daragtynyň miwesinden iýip, öz guýusyndan suw içer.


Soňra Mordekaý ýene-de dolanyp patyşanyň derwezesine geldi. Ýöne Haman ýas tutup, ýüzüni büräp, tiz öýüne gaýtdy.


Olar ynam edendikleri üçin utanýarlar, ol ýere gelip, ruhdan düşýärler.


Ysraýylyň Hudaýy Rebbe alkyş bolsun ezelden ebedä çenli! Omyn! Omyn!


Ýurtda ýagyş ýagmansoň, toprak çat açdy. Muňa daýhanlar utanyp, başlaryny büreýärler.


Neçün meniň agyrym dyngysyz? Neçün ýaralaryma şypa ýok? Neçün olary bejerip bolmaýar? Sen meniň üçin suwy ygtybarsyz bulak, aldawçy bir çeşme boljakmy?»


Çünki Meniň halkym iki sany pis iş etdi: akar suwlaryň gözbaşy bolan Meni terk etdiler, özlerine howdanlar, gyrasy çat açan, suw saklamaýan howdanlar gazdylar.


Reb ret etdi bil baglaýan halklaryňy, indi rowaçlyk gazanmarsyň olaň üsti bilen. Çykarsyň eliňi ýüzüňe tutup, ol ýerden hem“».


Emma Reb batyr söweşiji kimin meniň bilendir, şonuň üçin meni yzarlaýanlar büdrärler, ýeňip bilmezler. Üstünlik gazanyp bilmändikleri üçin, olar erbet utanja galarlar. Olaryň utanjy ebedilik bolar, hiç wagt unudylmaz.


Şonuň üçin ýagmyrlaryň yzy kesildi, ýaz ýagşy ýagmady. Sen bihaýa lola meňzediň, utanjyň nämedigini bilmediň.


Süýt emýän çaganyň dili teşnelikden damagyna ýapyşýar. Çagalar çörek diläp ýalbarýarlar, emma hiç kim hiç zat bermeýär.


Aýyrmasa Men ony edil doglan wagtyndaky ýaly çuw-ýalaňaç ederin. Ony boş çöle, gury topraga öwrerin. Teşnelikden öldürerin.


Saňa perýat edýär hatda çöl haýwanlary, çünki gurap galdy suw akarlary, ot hem ýalmap ýuwutdy gök ýaýlalary.


Hasyl ýygnamaga üç aý galanda, sizden ýagmyry gysgandym, Men bir şähere ýagyş ýagdyryp, başga birine ýagdyrmadym. Bir ekin meýdany ygaldan gandyrdym, beýleki birini bolsa ygalsyz guratdym.


Agyz suwy üçin şäherden-şähere entediňiz, emma suwdan ganyp içmediňiz, şonda-da siz Maňa tarap dolanmadyňyz. Muny Reb aýdýandyr.


Patyşa, ýagny Hökmürowan Rebbe ybadat etmek üçin ýer ýüzündäki halklardan Iýerusalime gitmedikler ýagyş garasyny görmez.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ