Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Ýermeýa 14:20 - Mukaddes Kitap

20 Ýa Reb, biz öz pisligimizi, ata-babalarymyzyň ýazygyny boýun alýarys. Çünki biz Saňa garşy günä etdik.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

20 Я Реб, биз өз пислигимизи, ата-бабаларымызың языгыны боюн алярыс. Чүнки биз Саңа гаршы гүнә этдик.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Ýermeýa 14:20
21 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Dawut Natana: «Men Rebbiň öňünde günä gazandym» diýdi. Natan Dawuda: «Reb seniň günäňi geçdi; sen ölmersiň.


Ilat ýazuwyndan soň Dawudyň ýüreginde ynjalyksyzlyk peýda boldy. Dawut Rebbe: «Şu hereketim bilen Seniň öňüňde uly günä gazandym, akmaklyk etdim. Öz guluňy günä astynda goýma, ýa Reb! Ýalbarýaryn!» diýip, Rebbe ýüzlendi.


Ysraýyllar ähli kese ýerlilerden özlerini aýryp, öz günälerini, ata-babalarynyň etmişlerini boýun aldylar.


Ol halkyň öňünde aýdym aýdyp: „Günä etdim, dogry ýoldan çykdym, emma Hudaý maňa jeza bermedi.


Ol dogrulygy, adalaty söýýändir; ýer ýüzi Rebbiň sadyk söýgüsinden doludyr.


Etmişlerimiz bize garşy şaýatlyk etse-de, Öz adyňyň hatyrasyna bir zat edäý, ýa Reb! Biziň dönükligimiz çökderdir juda, çünki biz Saňa garşy etdik günä.


Emma sen öz ýazygyňy boýun al: öz Hudaýyň Rebbiň garşysyna baş galdyrdyň, gür ýaprakly her bir agajyň astynda keseki hudaýlara köňül berdiň, Maňa gulak asmadyň. Muny Reb aýdýandyr.


Utanjymyzda ýatalyň, ryswalyk ýorganymyz bolsun; çünki ata-babalarymyz we biz ýaşlygymyzdan tä şu güne çenli Hudaýymyz Rebbe garşy günä edip geldik. Hudaýymyz Rebbe gulak asmadyk.


Näme üçin biz entek hem bu ýerde otyrys? Geliň, üýşüp, berk galalara çozalyň-da, ol ýerde heläk bolalyň. Rebbe garşy günä edendigimiz üçin, Hudaýymyz Reb zäherli suw berip, bizi ölüme sezewar etdi.


Seret, ýa Reb, nähili ejir çekýän, içim ýanýar, ýüregim çat açýar, çünki Saňa garşy baş galdyrdym. Daşarda gylyç gyrýar, içerde ölüm höküm sürýär.


Biz günä edip baş galdyrdyk, Sen bizi bagyşlamadyň.


Ata-babalarymyz günä etdiler; indi olar ýok, emma olaryň jezasyny biz çekýäris.


Eý, Taňry Hudaýymyz, Sen Öz halkyňy gudratly goluň bilen Müsürden çykardyň. Bu günki ýaly Öz adyňy-da şöhratlandyrdyň! Biz bolsa günä gazandyk, erbetlik etdik.


Çekirtgeler ýurduň ähli gögeren zadyny iýip gutaranda, men şeýle diýdim: «Ýa Hökmürowan Reb, ýalbarýaryn, Öz halkyňy bagyşla! Ýakubyň nesli muňa neneň çydasyn?! Ol bir kiçi halkdyr!»


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ