Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Ýermeýa 14:2 - Mukaddes Kitap

2 «Ýahuda ýas tutýar, onuň şäherleri perýat edýär. Halky hasratdan ýaňa ýere çökdi, Iýerusalimiň perýady barha güýjeýär.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

2 «Яхуда яс тутяр, онуң шәхерлери перят эдйәр. Халкы хасратдан яңа ере чөкди, Иерусалимиң перяды барха гүйҗейәр.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Ýermeýa 14:2
30 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Garyplaryň nalasy Hudaýa baryp ýetdi, Ol ezilenleriň nalasyny eşitdi.


Reb söýgetleýär ähli ýykylanlary, Ol dikeldýär ähli bükülenleri.


Hudaý olaryň nalyşyny eşitdi we Ol Ybraýym, Yshak we Ýakup bilen eden ähtini ýadyna saldy.


Ýüregim Mowap üçin nalyş edýär, gaçgaklary Sogara, Eglat Şelişiýa gaçýarlar. Olar aglaşyp, Luhutyň ýokarsyna çykýarlar. Weýrançylykdan perýat çekýärler Horonaýym ýolunda.


Köçelerde şerap üçin nalaşýarlar, şatlykdan nam-nyşan galmady, begenç dünýäni terk etdi.


Ýer ýüzi solýar, guraýar heläk bolup, ýitip gider dünýä; dünýäniň halklarynyň güýçlüleri heläk bolarlar.


Täze şerap gutarýar, solýar üzüm agajy, ah çekýär şadyýanlar.


Ýurt ýas tutup, ruhdan düşýär, Liwan utançdan saralyp-solýar, Şaron Araba çöli kimindir; Başan we Karmel ýapraklaryny dökýär.


Hökmürowan Rebbiň üzümçiligi Ysraýylyň nesilleridir, hoş görýän bagy-da, ýahuda halkydyr. Ol adalata garaşdy, ýöne zulum gördi; dogrulyga garaşdy, ýöne dady-perýat eşitdi.


Şonuň üçin hem Reb şeýle diýýär: „Men olaryň başyndan bela indererin, olar gaçyp, gutulyp bilmezler. Olar Maňa dady-perýat ederler, emma Men olary diňlemerin.


Ony harabaçylyga dönderdiler, haraba içinde huzurymda aglaýar. Tutuş ýurt weýran boldy, emma hiç kimiň piňine-de däl.


Haçana çenli ýurt ýas tutup, otlar saralyp solar? Ol ýerde ýaşaýanlaň pis işlerinden ýaňa haýwanlar bilen guşlar ýitip gitdiler. Çünki bu halk diýýär: «Ol bize näme boljagyny görmeýär».


Üstlerine garakçylary duýdansyz dökeniňde, öýlerinden dady-perýat eşidilsin. Çünki meni tutmak üçin çukur gazdylar, aýagymyň astyna gizlin duzak gurdular.


Şonuň üçin ýurt ýas tutar, asman garalar. Men sözledim, Men karar etdim, gaýtmyşym etmerin, pikirimden dänmerin».


Seniň utanjyňy milletler eşitdiler, ýer ýüzüne doldy dady-perýadyň. Iki urşujy biri-birine büdräp, ikisi-de birlikde ýere ýazyldy.


Biçäre halkymyň ýarasyndan ötri men-de ýaraly, ýas tutýaryn, üstüme howp abandy.


Reb Sion gyzynyň diwaryny weýran etmegi ýüregine düwdi. Ölçeg ýüpüni gerip, ýykmakdan el çekmedi. Daşky, içki diwar doldy ýas bile, ikisi-de ýegsan boldy ýer bile.


Onuň derwezeleri ýere çökdi; Reb kiltlerini döwüp ýok etdirdi. Patyşasy we ýolbaşçylary ýat milletleriň arasynda galdy. Indi halka öwüt-nesihat berilmeýär, pygamberlerine Rebden görnüş gelmeýär.


Ýakyp barýan açlygyň derdinden derimiz ýanýan köz kimin gyzardy.


Şonuň üçin toprak hasrat çekýär. Onda ýaşaýanlar ejizleýärler. Sähradaky haýwanlar hem asman guşlary, hatda deňizdäki balyklar gyrylýarlar.


Meýdanlar boşady, toprak aglaýar, çünki weýran boldy onuň gallasy. Şerap gurap galdy, zeýtun-da soldy.


Eý, daýhanlar, arpa-bugdaý üçin gamlanyň, üzüm bagbanlary, ses edip aglaň, çünki weýran boldy meýdan gallasy,


Agyz beklemäge belläň siz wagty, jar ediň mukaddes ýygnanyşygy. Ýaşululary hem-de tutuş ýurduň halkyny ýygnaň Beýik Hudaýyňyzyň öýüne hem-de Rebbe dat-perýat ediň.


Halklar dowla düşýär olaň öňünde, ýüzleri-de gorkudan ak tama dönýär.


Şeýle hem Men ýurda we onuň daglaryna, galla meýdanlaryna, üzümçiliklerine, zeýtun baglaryna, ýerden önýän ähli önümlere, ynsandyr haýwanlaryň üstüne, çekýän ähli zähmetiňiziň üstüne gurakçylyk jezasyny inderdim».


Şeýlelikde, Men çagyranymda, olar gulak asmadylar, olar çagyranda Men hem olara jogap bermedim. Muny Hökmürowan Reb diýýär.


Aman galanlara çykuw çykdy. Galanyň ilatynyň ahy-nalasy asmana göterildi.


«Ertir şu wagtlar Men seniň ýanyňa benýamin topragyndan bir adam ibererin. Sen onuň başyna ýag guýup, ony Meniň halkym Ysraýyla hökümdar bellärsiň. Ol Meniň halkymy piliştlileriň elinden halas eder. Halkymyň ejir çekýändigini Men gördüm, çünki olaryň ahy-nalasy Maňa ýetdi».


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ