Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Ýermeýa 14:19 - Mukaddes Kitap

19 Ýahudany bütinleý ret etdiňmi? Siony ýürekden ýigrenýärsiňmi? Näme üçin şypa tapmaz ýaly, bizi beýle ýaraladyň? Biz parahatlyk gözledik, emma haýyr tapmadyk. Şypa wagtyna garaşdyk, emma howp abanýar.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

19 Яхуданы бүтинлей рет этдиңми? Сионы йүрекден йигренйәрсиңми? Нәме үчин шыпа тапмаз ялы, бизи бейле яраладың? Биз парахатлык гөзледик, эмма хайыр тапмадык. Шыпа вагтына гарашдык, эмма ховп абаняр.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Ýermeýa 14:19
26 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Emma olar Hudaýyň çaparlaryny masgaralap, Hudaýyň sözlerini äsgermezlik etdiler, Onuň pygamberlerini kemsitdiler. Onsoň Rebbiň Öz halkyna garşy gazaby şeýle bir lowlady welin, ondan gutular ýaly bolmady.


Emma ýagşylyga umyt baglamda, ýamanlyk geldi, ýagtylyga garaşanymda, zulmat geldi.


Köp gezek käýelse-de boýnuýogynlyk edýän duýdansyz heläkçilige uçrar, melhem ýokdur.


Men halkymy terk etdim, mirasymy taşladym, jandan söýýän halkymy duşmanlarynyň eline berdim.


Mirasym Meniň üçin tokaýdaky arslan kimin boldy. Maňa tarap nagra çekdi, şonuň üçin Men ony ýigrenýärin.


Soňra Reb maňa şeýle diýdi: «Hatda Musa bilen Şamuwel huzurymda durup ýalbarsalar-da, ýüregim bu halka tarap öwrülmez. Halkymy huzurymdan kow, goý, gitsin!


Neçün meniň agyrym dyngysyz? Neçün ýaralaryma şypa ýok? Neçün olary bejerip bolmaýar? Sen meniň üçin suwy ygtybarsyz bulak, aldawçy bir çeşme boljakmy?»


Reb şeýle diýýär: «Seniň ýaraňy bejerip bolmaz, derdiň gutulgysyzdyr.


Seniň dawaňy çözüp berjek ýok; ýaraňa şypa berjek melhem ýok.


Olaryň ýurdy Ysraýyl Mukaddesine garşy günälerden doly bolsa-da, özleriniň Hudaýy Hökmürowan Reb Ysraýyl bilen Ýahudany terk etmedi.


Olara „ýalan kümüş“ diýler, çünki Reb olary ret etdi».


Eý, ýahuda halky, saçyňy syr-da, ýalaňaç gaýalarda agy aýt. Çünki Reb gazabyny üstüne döken bu neslini terk edip, ony taşlady.


Sag-salamatlyga garaşdyk, emma hiç gowulyk ýok. Şypa pursadyna garaşdyk, emma oňa derek howp abandy.


Gilgatda melhem ýokmudyr? Ol ýerde tebip ýokmudyr? Onda näme üçin biçäre halkymyň ýarasyna em edilmeýär?


Men saňa näme diýeýin? Eý, Iýerusalim gyzy, seni nämä meňzedeýin? Eý, Sion boý gyzy, teselli berer ýaly, seni nämä deňeşdireýin? Seniň heläkçiligiň deňiz deý ägirt, kim şypa berer saňa?


Çar tarapdan maňa howp salanlary çagyrdyň, baýramçylyk günündäki kimin olary üýşürdiň. Rebbiň gahary gelen güni hiç kim gaçyp gutulmady, olaryň arasyndan diri galany bolmady, söýüp ulaldan çagalarymy duşmanym heläk etdi.


Kömege biderek garaşmakdan gözlerimiz küteldi. Biz sakçylyk diňinde köp garaşdyk, halas etmeýän millete garaşan ekenik.


Marotyň halky ýagşylyga sabyrsyzlyk bilen garaşýar, emma Reb Iýerusalimiň derwezesine bela inderdi.


Adamlar heniz: «Hemmeler sag-salamat, howp-hatar hem ýok» diýip durkalar, olaryň üstünden heläkçilik iner. Bu edil göwreli aýalyň burgusy kimin duýdansyz başlanar. Şonda olar gaçyp gutulmazlar.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ