Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Ýermeýa 14:18 - Mukaddes Kitap

18 Meýdana çyksam, gylyçdan geçirilenleri görýärin! Şähere girsem, açlykdan heläk bolanlary görýärin! Pygamber-de, ruhany-da hiç zada düşünmän, ýurtda enteşip ýörler“».

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

18 Мейдана чыксам, гылычдан гечириленлери гөрйәрин! Шәхере гирсем, ачлыкдан хеләк боланлары гөрйәрин! Пыгамбер-де, руханы-да хич зада дүшүнмән, юртда энтешип йөрлер“».

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Ýermeýa 14:18
19 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Eý, şowhun-şagalaňly, goh-galmagally, şadyýan şäher! Öldürilenleriň gylyçdan ölmedi, söweşde-de ölmedi.


Ruhanydyr pygamberler-de şerapdan ýaňa yraň atýarlar, çakyr zerarly entirekleýärler; şerap içip ýoldan çykýarlar, şerapdan başlary aýlanýar, çakyr zerarly entrekleýärler, nähak görnüşler görýärler, höküm edenlerinde büdreýärler.


Ruhanylar: ‘Reb hany?’ diýip soramadylar. Kazylar Meni tanamadylar, ýolbaşçylar Maňa garşy pitne turuzdylar, pygamberler Bagal butunyň adyndan pygamberlik edip, biderek zatlaryň yzyna eýerdiler.


Bu pygamberleri Men ýollamadym, olaryň özleri ylgadylar. Olar bilen gepleşmedim, özlerinden pygamberlik etdiler.


pygamberler galp pygamberlik edýärler, ruhanylar olaryň görkezmesi bilen dolandyrýarlar. Meniň halkym bolsa muny söýýär. Emma bu zatlaryň soňy gelende näme edersiňiz?»


«Uludan-kiçä ählisi haram gazanjyň yşkynda, pygamberden ruhana çenli her kes gün görýär hile bilen.


Daşary çykmaň, ýoldan ýöremäň, çünki duşmanyň elinde gylyç bar, ähli tarapdan howp abanýar.


Uludan-kiçä ählisi haram gazanjyň yşkynda, pygamberden ruhana çenli her kes hile bilen gün görýär. Şonuň üçin aýallaryny başgalara, melleklerini talaňçylara bererin.


Seret, ýa Reb, nähili ejir çekýän, içim ýanýar, ýüregim çat açýar, çünki Saňa garşy baş galdyrdym. Daşarda gylyç gyrýar, içerde ölüm höküm sürýär.


Tur! Gijeki nobat başynda perýat et! Ýüregiňi Taňrynyň huzurynda suw kimin dök! Her köçäniň başynda açlygyndan ýykylýan çagalaryňyň jany üçin eliňi ser Oňa.


Açlykdan öleniňden gylyçdan öleniň gowudyr. Ýeriň hasylyndan mahrum bolup, olaryň ömür tanaplary gyryldy.


Daşarda gylyç, içerde mergi we açlyk bar; şäheriň daşyndakylar gylyçdan ölerler; içindäkiler açlykdan we mergiden heläk bolarlar.


Ähli şäherleriňizde açlykdan dişiňiziň kirini sordurdym, tutuş ýurduňyzy nana zar etdim, emma şonda-da siz Maňa tarap dolanmadyňyz. Muny Reb aýdýandyr.


Onuň baştutanlary para alyp, höküm çykarýarlar, ruhanylary tölegli sapak berýärler, pygamberleri pul üçin palçylyk edýärler. Şonda-da olar Rebbe daýanyp: «Reb biziň bilendir! Başymyza hiç bela gelmez» diýýärler.


Reb sizi we siziň üstüňizden goýlan patyşany özüňiziň, hatda ata-babalaryňyzyň hem tanamaýan-bilmeýän halkynyň üstünden elter. Ol ýerde siz agaçdan we daşdan ýasalan başga hudaýlara gulluk edersiňiz.


Reb sizi ýeriň bir ujundan beýleki ujuna çenli ähli halklaryň arasyna dargadyp goýberer. Ol ýerde siz özüňiziň-de, ata-babalaryňyzyň-da tanamadyk we bilmedik agaçdan we daşdan ýasalan başga hudaýlara gulluk edersiňiz.


Açgözlükden ýaňa bu galp mugallymlar öz toslama hekaýatlary bilen siziň puluňyzy üterler. Şonuň üçin olaryň jezasy gadymdan taýýar durandyr, heläkçiligi bolsa gijikmez.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ