Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Ýermeýa 14:16 - Mukaddes Kitap

16 Olaryň pygamberlik eden halky-da açlyk we gylyç sebäpli Iýerusalimiň köçelerine taşlanar. Olaryň özlerini, aýallaryny we ogul-gyzlaryny jaýlan bolmaz. Çünki eden pisliklerini Men olaryň öz başlaryndan indererin.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

16 Оларың пыгамберлик эден халкы-да ачлык ве гылыч себәпли Иерусалимиң көчелерине ташланар. Оларың өзлерини, аялларыны ве огул-гызларыны җайлан болмаз. Чүнки эден писликлерини Мен оларың өз башларындан индерерин.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Ýermeýa 14:16
23 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Munuň üçin olar tutan ýollarynyň miwesini iýerler, öz pällerinden taparlar.


Ogullaryň tapdan düşüp, her köçäniň başynda ýatyrlar, tora düşen dag keýigi ýaly bolup; Rebbiň gazabyndan, Hudaýyň käýinjinden pürepür olar.


Ýol görkezýänler bu halky azaşdyrýarlar, olara eýerenler bolsa betbagtçylyga uçraýarlar.


Olar agyr kesellerden ölerler, olar üçin ýas tutulmaz, jesetleri jaýlanylmaz, topragyň ýüzünde ders ýaly bolup ýatarlar. Olar gylyçdan we açlykdan heläk bolarlar. Jesetleri guşlara we ýyrtyjy haýwanlara şam bolar.


Munuň üçin çagalaryny açlyga ber, kesgir gylyja tabşyr. Aýallary perzentsiz dul galsyn, erkeklerini ajal alsyn, ýaş ýigitleri söweşde gylyçdan ölsün.


Eý, Paşhur, sen bilen seniň öýüňde ýaşaýanlaryň bary Babyla sürgün ediler. Sen-de, seni söýýänler-de, ýagny seniň ýalandan pygamberlik eden adamlaryň-da şol ýerde ölüp, şol ýerde jaýlanarsyňyz“».


Olary Men ýollamadym, olar size Meniň adymdan galp pygamberlik edýärler. Munuň netijesinde Men sizi-de, size pygamberlik edýän bu pygamberleri-de kowup çykararyn, siziň baryňyz heläk bolarsyňyz. Muny Men – Reb aýdýandyryn».


Bulary seniň başyňa getiren öz ýollaryň we işleriňdir. Bu seniň jezaň! Nähili ajy! Bu seniň ýüregiňiň törüne ýetdi».


pygamberler galp pygamberlik edýärler, ruhanylar olaryň görkezmesi bilen dolandyrýarlar. Meniň halkym bolsa muny söýýär. Emma bu zatlaryň soňy gelende näme edersiňiz?»


Bu halkyň jesetleri guşlara we ýyrtyjy haýwanlara şam bolar, olary hiç kim kowmaz.


«Şol wagt Ýahuda patyşalarynyň, ýolbaşçylarynyň, ruhanylarynyň, pygamberleriniň süňkleri, Iýerusalimiň ilatynyň süňkleri gabyrlaryndan çykarylar. Muny Reb aýdýandyr.


Bu süňkler olaryň öz söýen, gulluk eden, yzlaryna eýeren, maslahat sorap sežde eden zatlarynyň, ýagny Günüň, Aýyň, tutuş asman jisimleriniň astyna serler. Olar ýygnalyp jaýlanylmaz, topragyň ýüzünde ders ýaly ýatar.


Eý, aýallar, Rebbiň sözüni eşidiň, agzyndan çykýan söze gulak asyň. Gyzlaryňyza ýas tutmagy, goňşyňyza agy aýtmagy öwrediň.


Reb şeýle aýdýar diý: «Ynsan jesetleri ekin meýdanyna sepilen ders deý, orakçynyň yzyndaky desseler deý topraga serler. Olary hiç kim ýygnamaz».


Ýurdy tämizlemek üçin adamlar bellener. Olar hemişe ýurduň içinde gezip, her bir ýerde galan basybalyjynyň jesedini gömerler, şeýdip, ýurdy tämizlärler. Bu tämizleýiş işi ýedi aýyň dowamynda geçirilmelidir.


Şonuň üçin Reb şeýle diýýär: „Aýalyň şäherde loluçylyk eder, ogul-gyzlaryň gylyçdan geçiriler, ölçeg ýüpi bilen ýeriň paýlanylar, özüňem haram ýurtda ölersiň, ysraýyl halky öz ýurdundan ýesir edilip äkidiler“».


Olara zat diýmäň, olar körleri idýän körlerdir. Kör-köri ideklese, olaryň ikisi hem çukura gaçar» diýip jogap berdi.


Şondan soň men ybadathanadan ýedi perişdä: «Gidiň-de, Hudaýyň gazabyndan doly ýedi käsäni ýeriň ýüzüne döküň!» diýen batly sesi eşitdim.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ