Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Ýermeýa 14:14 - Mukaddes Kitap

14 Reb maňa şeýle jogap berdi: «Pygamberler Meniň adymdan ýalandan pygamberlik edýärler. Olary Men ýollamadym. Olara Men ne buýruk berdim, ne-de olar bilen gepleşdim. Olaryň size edýän pygamberlikleri galp görnüş, biderek palçylyk bilen öz ýürekleriniň hilesidir».

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

14 Реб маңа шейле җогап берди: «Пыгамберлер Мениң адымдан яландан пыгамберлик эдйәрлер. Олары Мен ёлламадым. Олара Мен не буйрук бердим, не-де олар билен геплешдим. Оларың сизе эдйән пыгамберликлери галп гөрнүш, бидерек палчылык билен өз йүреклериниң хилесидир».

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Ýermeýa 14:14
32 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Ysraýylyň sakçylary kör, hiç zady bilmeýärler; ählisi üýrüp bilmeýän lal itlerdir; olar ýatyp, düýş görýärler, uklamagy gowy görýärler.


Ýaşulular hem at-abraýly adamlar-a başdyr, ýalan zady öwredýän pygamberler bolsa guýrukdyr.


Eý, Paşhur, sen bilen seniň öýüňde ýaşaýanlaryň bary Babyla sürgün ediler. Sen-de, seni söýýänler-de, ýagny seniň ýalandan pygamberlik eden adamlaryň-da şol ýerde ölüp, şol ýerde jaýlanarsyňyz“».


Onsoň Hananýa ähli halkyň öňünde söz sözläp: «Reb şeýle diýýär: „Men iki ýylyň içinde Babyl patyşasy Nebukadnesaryň boýuntyrygyny ähli milletleriň boýnundan aýryp, şeýle döwerin“» diýdi. Ýermeýa pygamber bolsa öz ýoluna gitdi.


«Bar, Hananýa Reb şeýle diýýär diýip aýt: „Sen agaç boýuntyrygy döwdüň, emma onuň ýerine demir boýuntyryk ýasarsyň!


Onsoň Ýermeýa pygamber Hananýa pygambere şeýle diýdi: «Eý, Hananýa, indi eşit! Seni Reb ýollamady, emma sen bu halky ýalan geplere ynandyrdyň.


Meniň adym bilen size ýalandan pygamberlik edýän Kolaýanyň ogly Ahap bilen Magaseýanyň ogly Sidkiýa hakda Ysraýyl Hudaýy Hökmürowan Reb şeýle diýýär: „Men olary Babyl patyşasy Nebukadnesaryň eline tabşyraryn. Ol hem gözüňiziň alnynda olary öldürer.


«Ähli sürgündäkilere habar ýollap, Reb nehelamly Şemagýa hakda şeýle diýýär diý: „Men ony ýollamadyk hem bolsam, Şemagýa size pygamberlik edip, ýalana bil bagladýar“.


„Babyl patyşasy siziň üstüňize, bu ýurduň üstüne çozmaz“ diýip, size welilik eden pygamberleriňiz hany nirede?


pygamberler galp pygamberlik edýärler, ruhanylar olaryň görkezmesi bilen dolandyrýarlar. Meniň halkym bolsa muny söýýär. Emma bu zatlaryň soňy gelende näme edersiňiz?»


Uludan-kiçä ählisi haram gazanjyň yşkynda, pygamberden ruhana çenli her kes hile bilen gün görýär. Şonuň üçin aýallaryny başgalara, melleklerini talaňçylara bererin.


Sag-salamatlyk bolmasa hem „sag-salamatlyk, sag-salamatlyk“ diýip, halkymyň ýarasyny ýüzleý bejerdiler.


Sen hakda pygamberleriň galp, manysyz görnüşler gördüler. Öňki kaddyňa dikeltmek üçin etmişiňi ýüzüňe basmadylar. Gaýtam, seni ýoldan çykarýan ýalan görnüşler gördüler.


Onuň derwezeleri ýere çökdi; Reb kiltlerini döwüp ýok etdirdi. Patyşasy we ýolbaşçylary ýat milletleriň arasynda galdy. Indi halka öwüt-nesihat berilmeýär, pygamberlerine Rebden görnüş gelmeýär.


Mundan beýläk ysraýyl halkynyň arasynda ýalan aýanlyk we aldawçy palçylyk bolmaz.


«Eý, ynsan ogly! Pygamberlik edýän Ysraýyl pygamberlerine garşy pygamberlik et. Öz-özlerinden pygamberlik edýän ol pygamberlere Rebbiň sözüni diňlemegi tabşyr.


Munuň üçin siz indi ýalan görnüşler görmersiňiz we palçylyk etmersiňiz. Men halkymy siziň eliňizden halas ederin. Onsoň siz Meniň Rebdigimi bilersiňiz“».


Eý, ammon halky, sen hakda görülýän görnüşler biderek, atylýan pallar ýalandyr. Eý, gylyç, ol zalym pisleriň boýnuny çapyp taşla, çünki olaryň soňky güni geldi, ahyrky jezasynyň wagty ýetdi.


Onuň baştutanlary para alyp, höküm çykarýarlar, ruhanylary tölegli sapak berýärler, pygamberleri pul üçin palçylyk edýärler. Şonda-da olar Rebbe daýanyp: «Reb biziň bilendir! Başymyza hiç bela gelmez» diýýärler.


Butlar bimany gepleýärler, palçylar ýalan sözleýärler, galp düýşleri ýorýarlar, soňy boş göwünlik berýärler. Şol sebäpden goýun ýaly ygyp ýörler, çopansyzdyklary üçin ejir çekýärler.


Eger kimdir biri ýene pygamberlik edäýse, ata-enesi oňa: «Sen diri galmarsyň, sebäbi Rebbiň adyndan ýalan sözleýärsiň» diýer. Ol pygamberlik edende, ata-enesi ony pyçaklar.


Emma başga hudaýlaryň adyndan sözleýän pygamber ýa-da Meniň buýurmadyk zadymy, hyýanatçylyk edip, Meniň adymdan sözleýän pygamber ölüme höküm ediler“ diýdi.


Bu taglymatlar ynsaplaryny ýuwudan ikiýüzli ýalançylar tarapyndan ýaýradylýar.


Mähribanlarym, özünde Hudaýyň Ruhunyň bardygyny aýdýan her bir adama ynanyp ýörmäň. Olaryň Hudaýdandygyny ýa-da däldigini bilmek üçin synagdan geçiriň. Sebäbi dünýäde ençeme galp pygamberler peýda boldy.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ