1 Gurakçylyk barada Ýermeýa Rebbiň şu sözi aýan boldy:
1 Гуракчылык барада Ермея Реббиң шу сөзи аян болды:
Ony haraba öwrerin, ony pudamazlar, ýeri bejermezler, onda çalydyr tikenekler biter; bulutlara-da onuň üstüne ýagyş ýagdyrmazlygy buýraryn.
Ol suwuň ýakasynda oturdylan agaç kimindir, çeşmäniň boýunda köküni ýaýradar. Yssydan gorkýan däldir, ýapragy hemişe ýaşyldyr. Ýyl gurak gelende hem gaýga batmaz, miwe bermekden asla galmaz».
Şonuň üçin ýagmyrlaryň yzy kesildi, ýaz ýagşy ýagmady. Sen bihaýa lola meňzediň, utanjyň nämedigini bilmediň.
Etmişleriňiz bulary sizden uzaklaşdyrdy, günäleriňiz sizi ýagşylykdan mahrum etdi.