Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Ýermeýa 13:27 - Mukaddes Kitap

27 Meýdanda we depeleriň üstünde seniň eden nejis işleriňi: zynahorlygyňy, esräp kişňeýşiňi, haýasyz loluçylygyňy gördüm. Dat günüňe, eý, Iýerusalim! Tämizlenmegiň üçin, ýene näçe wagt gerek saňa?!»

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

27 Мейданда ве депелериң үстүнде сениң эден неҗис ишлериңи: зынахорлыгыңы, эсрәп кишңейшиңи, хаясыз лолучылыгыңы гөрдүм. Дат гүнүңе, эй, Иерусалим! Тәмизленмегиң үчин, ене нәче вагт герек саңа?!»

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Ýermeýa 13:27
32 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Onuň elindedir ýer çuňluklary, Onuňkydyr dagyň çür depeleri.


«Meribada, ol gün Masa çölündäki deý, siz gatatmaň ýüregiňizi.


«Eý, nadanlar, haçana çenli nadanlygy söýjeksiňiz? Masgaralaýjylar haçana çenli öz masgaralamagyndan keýp aljakkalar? Akmaklar haçana çenli bilimi ýigrenjekkäler?


Beýik, uly dagyň üstünde ýerleşdirdiňiz düşegiňizi, gurbanlyk hödür etmäge çykdyňyz ol ýere.


Siziň ýazyklaryňyzyň, daglarda ýakymly ysly tütetgi ýakyp, depelerde Meni äsgermezlik eden atalaryňyzyň ýazyklarynyň almytyny bererin. Öňki eden işlerini ölçäp, olary başlaryna getirerin» diýýär Reb.


Köp pis işler edeninden soň, söýgüli halkymyň Meniň öýümde näme işi barka? Hatda Rebbe bagyş edilen et kömek etmez. Siz pislik etmekde şatlanýarsyňyz.


Ýoşyýa patyşanyň döwründe Reb maňa şeýle diýdi: «Sen biwepa Ysraýylyň eden zatlaryny gördüňmi? Her bir beýik baýyrda, gür ýaprakly her bir agajyň astynda zyna etdi.


Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Waý halyňa! Seniň halyňa waý! Ähli pislikleriňden soň, her bir açyk meýdançada özüňe çadyr we seždegäh saldyň.


Ony meniň öňümde açyp goýdy, onuň iki tarapy hem ýazylgydy, onda agylar, iňňildiler we nalyş sözleri ýazylgydy.


Men olary wada beren ýurduma getirenimde, olar her bir gören beýik baýyrlykda, her bir gür ýaprakly agajyň astynda gurbanlyklaryny hödürlediler. Ol ýerde Meniň gaharymy getirýän sadakalaryny, hoşboý ysly tütetgilerini we içgi sadakalaryny hödür etdiler».


Onuň bar zähmeti biderek boldy, galyň kesmegi ondan aýrylmaýar; kesmegiň aýrylmagyna hatda ot hem ýardam etmez.


Haýasyzlygyň seni haram etdi. Men seni tämizlejek boldum, emma sen tämizlenmek islemediň. Saňa garşy tutaşan gazabym ýatyşýança, sen haramlygyňdan tämizlenmersiň.


Munuň üçin Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Ganhor şäheriň halyna waý! Kesmek tutan, kesmeginden arassalanmadyk bu gazanyň halyna waý! Saýlamazdan eti gazandan bölek-bölek edip çykaryp zyňyň.


Onsoň üstüňize tämiz suwdan seperin, siz tämiz bolarsyňyz; sizi ähli haramlygyňyzdan, ähli butlaryňyzdan tämizlärin.


Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Men ysraýyl halkynyň Özümden ýene ýardam dilemegine gulak goýup, olar üçin şuny etjek: olary goýun sürüsi kimin köpeltjek.


Her bir beýik baýryň depesindäki, ähli daglaryň başyndaky, her bir gür ýaprakly agajyň astyndaky we belent dub agajynyň astyndaky gurbanlyk sypalarynyň we butlarynyň arasynda, tütetgi hödür edilýän ähli ýerlerinde olaryň gylyçdan geçirilenleri serlip ýatanda, siz Meniň Rebdigimi bilersiňiz.


Hoşeýa Rebbiň sözüniň başlangyjy: Reb Hoşeýa: «Git-de, zynagär aýala öýlen. Ol saňa başga erkeklerden çaga dogrup berer. Çünki bu ýurt Rebden daşlaşyp, bütinleý zyna edýär» diydi.


Gargyş we ýalançylyk, ganhorlyk, ogurlyk we zyna. Jenaýatçylyk artýar we gan üstüne gan dökülýär.


Eý, Samariýa, Men seniň göle butuňy bütinleý ret etdim. Meniň gazabym olaryň garşysyna alawlady. Haçana çenli olar päk bolup biljek däl?


Gozgalaňçy, haram, zalym şäheriň dat gününe!


«Dat günüňe, eý, Horazin! Dat günüňe, eý, Betsaýda! Sizde görkezilen gudratlar Sur bilen Sidonda görkezilen bolsady, onda olar bireýýäm jul geýnip, kül üstünde oturyp toba ederdiler.


Men ýanyňyza baranymda, Hudaýym meni öňüňizde peselderinden gorkýaryn. Ozal günä edip, eden haramlyklary, zynalary we azgynlyklary üçin toba etmedikleriň köpüsi zerarly ýas tutmaly bolarmykam diýip gorkýaryn.


Eý, söýgüli doganlarym, Hudaý bize, ine, şeýle wadalary beripdir! Şonuň üçin-de, geliň, bedenimizi we ruhumyzy murdar edýän ähli zatdan tämizläliň. Hudaýdan gorkup, bütinleý mukaddes bolmaga ymtylalyň.


Eý, biwepalar, dünýä bilen dostluk Hudaýa duşman bolýandygyny bilmeýärsiňizmi? Kim dünýä bilen dostlaşsa, Hudaýa duşman bolýandyr.


Soňra men gökde uçup ýören bürgüdi gördüm. Onuň batly ses bilen şeýle diýýänini eşitdim: «Surnaý çaljak beýleki üç perişdäniň surnaýynyň sesinden ýaňa ýer ýüzünde ýaşaýanlaryň gününe waý-waý-waý!»


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ