Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Ýermeýa 13:25 - Mukaddes Kitap

25 Seniň nesibäň, saňa ölçäp beren paýym budur. Muny Men – Reb aýdýandyryn, çünki sen Meni unutdyň, ýalana bil bagladyň.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

25 Сениң несибәң, саңа өлчәп берен пайым будур. Муны Мен – Реб айдяндырын, чүнки сен Мени унутдың, ялана бил багладың.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Ýermeýa 13:25
22 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Ine, şudur pisleriň Hudaýdan aljak paýy, Hudaýyň olara beren mirasy».


Garyplaryň ezilişinden, mätäçleriň ahyndan ýaňa Reb şeýle diýýär: «Men şu pursat turaryn, olary küýseýän howpsuzlygyna gowuşdyraryn».


Çykaran höküminde Reb Özüni tanatdy – erbetleriň sapalagyna özlerini düşürdi. Higaýon. Sela


Şol gün Ýakubyň şöhraty öçer, semiz göwresi horlanar.


Siz: «Biz ölüm bilen äht edişdik, ylalaşyk baglaşdyk ölüler dünýäsi bilen; uly betbagtçylyk inende ýurda, geçip gider, bize ýetmez, çünki biz ýalançylygy pena edindik, galplyk içinde gizlendik» diýdiňiz.


Olar üçin bije atdy, Öz eli bilen ýurdy ölçäp paýlady, Olar ony baky eýelärler, ol ýerde ýaşarlar nesiller boýy.


Siziň ýazyklaryňyzyň, daglarda ýakymly ysly tütetgi ýakyp, depelerde Meni äsgermezlik eden atalaryňyzyň ýazyklarynyň almytyny bererin. Öňki eden işlerini ölçäp, olary başlaryna getirerin» diýýär Reb.


Her bir adam akmak hem nadandyr, her zergär ýasan butlaryndan uýada galar, olar ýasalandyr, olarda jan ýokdur.


Emma halkym bolsa Meni terk etdi, biderek hudaýlara tütetgi ýakdy. Bu hudaýlar olaryň gitjek ýollarynda, owalky ýollarda büdremeklerine sebäp boldular. Olar çarkandakly ýoldan ýöräp, dogry ýoly terk etdiler.


Çünki Meniň halkym iki sany pis iş etdi: akar suwlaryň gözbaşy bolan Meni terk etdiler, özlerine howdanlar, gyrasy çat açan, suw saklamaýan howdanlar gazdylar.


Heý-de gyz öz şaý-seplerini, gelin öz kürtesini unudarmy? Emma halkym Meni sansyz günläp unutdy.


Ýalaňaç gaýalardan bir ses eşidilýär, bu ysraýyl halkynyň agysy hem ahy-nalasydyr. Çünki olar ýollaryny urdurdylar, özleriniň Hudaýy Rebbi unutdylar.


Şonuň üçin Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Meni unudandygyňa, Menden ýüz öwrendigiňe görä sen hem öz haýasyzlygyň we zynagärligiň üçin jezaňy çek».


Onuň baştutanlary para alyp, höküm çykarýarlar, ruhanylary tölegli sapak berýärler, pygamberleri pul üçin palçylyk edýärler. Şonda-da olar Rebbe daýanyp: «Reb biziň bilendir! Başymyza hiç bela gelmez» diýýärler.


Ol söze gulak asmady, öwüt almady, Rebbe bil baglamady, Hudaýyna ýakynlaşmady.


Ol hyzmatkärini parça-parça edip, onuň başyna ikiýüzlüleriň gününi salar. Ol ýerde agy we diş gyjama bolar».


Olar Hudaý baradaky hakykaty galp zatlara çalyşdylar. Ýaradana däl-de, ýaradylan zatlara sežde we hyzmat etdiler. Emma baky şöhrata diňe Ýaradan mynasypdyr. Omyn!


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ