Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Ýermeýa 13:24 - Mukaddes Kitap

24 Men olary çöl ýeli bilen sowrulýan saman külkesi kimin dargadaryn.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

24 Мен олары чөл ели билен соврулян саман күлкеси кимин даргадарын.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Ýermeýa 13:24
19 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Erbetler bolsa beýle däldir, olar ýeliň sowran harpygy ýalydyr.


Milletler güýçli tolkunlaryň uwlaýşy dek uwlaşarlar, emma Ol olara käýär, daglardaky şemala uçýan çöp-çalam deý, uzaklara gaçarlar olar, tüweleýiň öňündäki togalanýan toz deý togalanarlar.


Siz olary sowrarsyňyz, şemal olary uçuryp äkider, harasat olary pytradar. Onsoň siz Rebde şatlanarsyňyz, Ysraýylyň Mukaddesinde şöhratlanarsyňyz.


Olary duşmanlarynyň öňünde gündogar şemaly kimin pytradaryn. Başlaryndan betbagtlyk inen güni ýüzümi däl-de, ýeňsämi görkezerin“».


Men olary özleriniň hem, ata-babalarynyň hem tanamadyk milletiniň arasyna pytradaryn. Olary ýok edýänçäm, yzlaryna gylyç salaryn».


Terk etdi Taňrym ähli urşujylarymy, goşun çagyrdy gyrmak üçin ýigitlerimi. Taňry Ýahuda boý gyzyny üzüm sykýan dek sykyp ýençdi.


Onuň ähli gaçgak esgerleri gylyçdan geçiriler we aman galanlary çar tarapa dargadylar. Onsoň siz muny Men-Rebbiň aýdandygymy bilersiňiz».


Siziň üçden bir bölegiňiz mergiden, ýene üçden bir bölegiňiz daş-töweregiňizdäki gylyçdan öler; beýleki üçden bir bölegiňizi bolsa ýeliň çar tarapyna sowrup, gylyjymy ýalaňaçlap, yzyňyzdan kowalaryn.


Şäheriň gabaw günleri tamamlananda, onuň üçden birini şäheriň ortasynda ýak. Beýleki üçden birini al-da, tutuş şäheriň töweregine gylyç bilen pytrat. Galan üçünji bölegini bolsa ýele sowur, Men-de gylyjymy ýalaňaçlap, olaryň yzyndan kowalaryn.


Emma Men birnäçäňizi aman galdyraryn. Käbiriňiz milletleriň arasynda gylyçdan gaçyp gutularsyňyz we başga ýurtlara dargadylarsyňyz.


Şonuň üçin olar säherki ümür ýaly, basym guraýan çyg ýaly, harmandan sowrulýan harpyk dek, tüýnükden çykýan tüsse ýaly boljaklar.


Men sizi gelmişek milletleriň arasyna pytradyp, garşyňyza uruş turzaryn. Siziň ýurduňyz çolaryp, galalaryňyz haraba öwrüler.


Saman külkesi dek sowrulmazyňdan öň, Rebbiň gahar-gazaby üstüňize inmezden öň, Rebbiň gazaply güni gelmezden öň toplan!


Olar gylyçdan geçiriler, ýesir alnyp, ähli milletleriň arasyna sürgün ediler. Keseki milletler özleriniň möhleti dolýança, Iýerusalimi ýer bilen ýegsan ederler.


Reb sizi ýeriň bir ujundan beýleki ujuna çenli ähli halklaryň arasyna dargadyp goýberer. Ol ýerde siz özüňiziň-de, ata-babalaryňyzyň-da tanamadyk we bilmedik agaçdan we daşdan ýasalan başga hudaýlara gulluk edersiňiz.


Ynsanlar arasyndan olary dagatmakdy, olar hakdaky ýatlamany öçürip taşlamakdy pikirim.


Reb sizi başga halklaryň arasyna dargadyp goýberer. Rebbiň ýol görkezjek milletleriniň arasynda galjaklaryňyzyň sany gaty az bolar.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ