Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Ýermeýa 13:22 - Mukaddes Kitap

22 Eger içiňden: „Näme üçin bu zatlar meniň başyma düşdükä?“ diýýän bolsaň, bu etmişleriňiň köplügi sebäpli etegiň açyldy we namysyňa degildi.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

22 Эгер ичиңден: „Нәме үчин бу затлар мениң башыма дүшдүкә?“ диййән болсаң, бу этмишлериңиң көплүги себәпли этегиң ачылды ве намысыңа дегилди.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Ýermeýa 13:22
24 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Aşuryň patyşasy-da Müsüre utanç bolsun diýip, müsürlileri sürgün edip, efiopiýalylary ýesir alyp, ýaşlardyr garrylary ýalaňaç, aýakýalaň, otyrýerleri açyk halda äkider.


Şonuň üçin Taňry Sion gyzlarynyň kellesini kel eder, Reb maňlaýlaryny takyradar.


Eý, eşreti söýýän, howpsuzlykda ýaşap, içinden: «Diňe men, menden başga ýok, dul oturmaryn, perzent ýitgisini görmerin» diýýän sen muňa gulak goý indi!


Men-de uýat ýeriň açylsyn diýip, etegiňi ýüzüňe çenli galdyraryn.


Olaryň pygamberlik eden halky-da açlyk we gylyç sebäpli Iýerusalimiň köçelerine taşlanar. Olaryň özlerini, aýallaryny we ogul-gyzlaryny jaýlan bolmaz. Çünki eden pisliklerini Men olaryň öz başlaryndan indererin.


«Halk senden: „Näme üçin Hudaýymyz Reb bize bu zatlary etdi?“ diýip sorasa, sen olara şeýle jogap ber: „Siz Ony terk edip, ýurduňyzdaky keseki hudaýlara gulluk etdiňiz. Indi siz hem özüňize degişli bolmadyk bir ýurtda kesekilere gulluk edersiňiz“.


Iýerusalim agyr günä etdi, şeýdip, ol gülki boldy. Öňki sylaýanlar ýalaňaçlygyny görüp, indi ony ýigrenýärler. Munuň üçin onuň özi ah çekip, hemmelerden ýüzüni gizleýär.


Olar seniň geýimiňi sypyrarlar, owadan şaý-sepleriňi alarlar.


«Men baýadym – diýer Efraýym. – Özüm üçin gor topladym. Men näme iş edenem bolsam, hiç kim menden günä tapmaz».


Indi oýnaşlarynyň öňünde aýybyny açaryn, hiç kim ony Meniň elimden halas etmez.


Aýyrmasa Men ony edil doglan wagtyndaky ýaly çuw-ýalaňaç ederin. Ony boş çöle, gury topraga öwrerin. Teşnelikden öldürerin.


Çünki olaryň ejesi zyna etdi we bilinde çaga galdyryp, özüni ryswa etdi. Çünki: „Maňa nan bilen suwumy, ýüňümi, zygyr matamy, zeýtun ýagymy hem içgimi berýän oýnaşlarymyň yzyndan gitjek“ diýdi.


Hökmürowan Reb: «Men seniň duşmanyňdyryn, eý, Ninewe halky!» diýýär. «Eşigiňi sypyryp, milletlere ýalaňaçlygyňy görkezerin, patyşalyklara aýbyňy açaryn.


Şonda Men Iýerusalimi çyra bilen agtaryp, düýbüne çöken şerap löderesi deýin çöküp, içlerinden: „Reb ne ýagşylyk, ne-de ýamanlyk eder“ diýip, tekepbirlik edýänleri jezalandyraryn.


Siz öz-özüňize: „Biz Rebbiň aýtmadyk sözüni nädip bileli?“ diýersiňiz.


Siz öz-özüňize: „Bu halklaryň sany biziňkiden köp, biz bulary nädip kowup çykararkak?“ diýip,


Siz öz-özüňize: „Men öz güýjüm bilen ýa-da öz golumyň gudraty bilen bu baýlygy topladym“ diýmäň.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ