Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Ýermeýa 13:21 - Mukaddes Kitap

21 Ýolbaşçy edip ýetişdiren adamlaryňy Reb özüňe hojaýyn etse, näme diýersiň? Dogurýan aýalyň burgusy ýaly seni-de sanjy tutmazmy?

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

21 Ёлбашчы эдип етишдирен адамларыңы Реб өзүңе хоҗайын этсе, нәме диерсиң? Догурян аялың бургусы ялы сени-де санҗы тутмазмы?

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Ýermeýa 13:21
17 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Ahaz Aşur patyşasy Tiglatpileseriň ýanyna çaparlar ýollap: «Men seniň guluň hem-de ogluňdyryn. Gel-de, maňa garşy hüjüm edýän Siriýa patyşasy bilen Ysraýyl patyşasynyň elinden meni gutar» diýdi.


Jeza güni, uzakdan betbagtçylyk gelende, näme ederkäňiz? Kimden kömek sorarkaňyz, nireden jaý taparkaňyz baýlygyňyza?


Dowla düşer olar, yza hem gaýgy basar; burgusy tutýan deý, agyry çeker olar, aňalyp birek-birege bakarlar, ýüzleri ýalyn dek lowlar.


Munuň üçin sanjy tutdy bilimden, dogurýan aýalyň burgusy dek, burgular tutdy meni; eşidýänlerimden ýaňa iki büküldim, görýänlerimden ýaňa gorky gaplady.


Aýagyňy ýalaňaçlykdan, bogazyňy suwsuzlykdan gora. Emma sen: ‘Tamakin bolma! Men keseki hudaýlary söýdüm, olaryň yzyna eýererin!’ diýdiň.


Eý, Liwanda mesgen tutan, kedr agaçlarynda höwürtge ýasan! Seni çaga dogurýanyňky ýaly burgydyr sanjy gurşanda, çekersiň ahy-nala!


Indi soraň, görüň, heý, erkegem çaga dograrmy? Näme üçin çaga dogurýan aýal ýaly erkekleriň ellerini bilinde görýärin? Näme üçin hemmäniň ýüzi soluk?


Ine, Ýahuda patyşasynyň köşgünde galan ähli aýallar Babyl patyşasynyň ýolbaşçylaryna getiriler. Ol aýallar saňa: „Ynamdar dostlaň seni aldawa saldy, olar seni ýeňlişe sezewar etdi; batga batdy seniň aýaklaryň, ynamdarlaň senden gaçyp gitdi“.


Eý, sen, weýran bolan şäher! Sen gyrmyzy eşikler geýseň-de, altyn şaý-sepler dakynsaň-da, gözüňe sürme çekseň-de, gazanan zadyň bolmaz. Özüňi biderek ýere bezeýärsiň. Oýnaşlaryň seni ýigrenýärler, olar seniň janyňyň kastyna çykdylar.


Men burgusy tutýan aýalyň sesini, ilkinji çagasyny dogurýanyň iňňildisini, ellerini uzadyp: «Waý halyma! Ganhorlaryň öňünde janym tapdan düşýär-le!» diýip, sojaýan Sion gyzynyň agysyny eşitdim.


Şäherler ele salnar, galalar basylyp alnar. Şol gün Mowabyň urşujylarynyň ýüregi dogranda sanjy tutýan aýalyň ýüregi kimin bolar.


pygamberler galp pygamberlik edýärler, ruhanylar olaryň görkezmesi bilen dolandyrýarlar. Meniň halkym bolsa muny söýýär. Emma bu zatlaryň soňy gelende näme edersiňiz?»


«Olar hakdaky habary eşidenimizde, ellerimiziň ysgyny gaçdy. Dogurýan aýal kimin çekýäris dert-azaplary.


Sen özüňi öldürenleriň huzurynda-da: „Men hudaý“ diýersiňmi? Özüňi öldürenleriň elinde sen hudaý dälsiň, ynsansyň.


Bularyň hemmesi burgularyň başlangyjydyr.


Adamlar heniz: «Hemmeler sag-salamat, howp-hatar hem ýok» diýip durkalar, olaryň üstünden heläkçilik iner. Bu edil göwreli aýalyň burgusy kimin duýdansyz başlanar. Şonda olar gaçyp gutulmazlar.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ