Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Ýermeýa 13:18 - Mukaddes Kitap

18 Patyşa bilen onuň ejesine aýt: „Tagtyňyzdan düşüp, aşakda oturyň, çünki şöhrat täjiňiz başyňyzdan aýryldy“.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

18 Патыша билен онуң эҗесине айт: „Тагтыңыздан дүшүп, ашакда отурың, чүнки шөхрат тәҗиңиз башыңыздан айрылды“.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Ýermeýa 13:18
30 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Ýahuda patyşasy Ýehoýakyn ejesi, hyzmatkärleri, serkerdeleri we köşk emeldarlary bilen birlikde Babyl patyşasyna tabyn boldular. Babyl patyşasy Ýehoýakyny patyşalygynyň sekizinji ýylynda ýesir aldy.


Nebukadnesar patyşa Ýehoýakyny we patyşanyň ejesini, onuň aýallaryny we emeldarlaryny, ýurduň baştutanlaryny Iýerusalimden Babyla ýesir edip äkitdi.


Manaşa muşakgat içinde öz Hudaýy Rebbe ýalbaryp, ata-babalarynyň Hudaýynyň öňünde özüni gaty kiçeltdi.


Manaşanyň dilegi we onuň dileginiň jogaby, onuň ähli günäleri, biwepalygy barada görgürleriň taryh kitabynda ýazylandyr. Şeýle-de bu kitapda Manaşa özüni Hudaýyň öňünde peseltmezden öň guran seždegähleri, Aşera we beýlekilere diken butlary barada ýazylandyr.


Kakasy Manaşanyň özüni Rebbiň öňünde peseldişi ýaly, Amon özüni Rebbiň öňünde peseltmän, gaýtam köpden-köp günä etdi.


Şeýlelikde, Musa bilen Harun faraonyň ýanyna baryp, oňa şuny aýtdylar: «Ýewreýleriň Hudaýy Reb şeýle diýýär: „Meniň öňümde haçana çenli pespällikden boýun towlajak? Meniň halkymy goýber, goý, olar gidip, Maňa ybadat etsinler.


Şeýle hem, nepis zygyr matadan selle, başdaňy we ýüplükden içki geýimler tikdiler.


Çünki baýlyk ebedi däldir, täç-de elmydama nesilden-nesle geçýän däldir.


«Eý, boýy ýeten Babyl gyzy, aşak düş-de, toza çök! Eý, kesetler gyzy, ýerde otur, tagtyň ýokdur! Näzik, mylaýym, diýilmez indi saňa.


Öz barlygymdan ant içýärin, muny Men – Reb aýdýandyryn. Eý, Ýahuda patyşasy Ýehoýakymyň ogly Ýehoýakyn, sag elimdäki möhür ýüzügi bolaýanam bolsaň, Men seni çykaryp taşlaryn.


Sen bilen seni dogran ejeňi özüňiziň dogulmadyk ýeriňiz bolan başga ýurda zyňaryn, şol ýerde-de ölersiňiz.


Bu hat Ýekonýa patyşa bilen onuň ejesi, köşk emeldarlary, Ýahudanyň we Iýerusalimiň ýolbaşçylary, hünärmentler hem-de demirçiler Iýerusalimden sürgün edilenden soň iberildi.


Olar bu sözleri eşidenlerinde, gorkudan ýaňa biri-birlerine bakyşyp, Baruga: «Biz bu sözleriň ählisini hökman patyşa aýdarys» diýdiler.


Sion gyzynyň ähli şan-şöhraty gaçdy. Ýolbaşçylary öri tapmaýan keýik kimindi, kowguçylardan gaçmaga mejallary ýokdy.


Iýerusalimiň ahlaksyzlygy etegindedi, gelejegi hakda pikir etmedi. Onuň ýykylyşy aýylgançdy, oňa teselli berýän ýokdy. «Ýa Reb, agyr halyma nazar sal, çünki duşman üstün çykdy!»


Sion gyzynyň ýaşululary ýerde çök düşüp otyrlar ümsüm. Jul geýindiler, başlaryndan sowurdylar gum. Başlaryny aşak egdiler, Iýerusalimiň ýaş gyzlary hem.


Başymyzdan täç gaçdy. Waý halymyza! Çünki günä etdik.


Burnuňa ysyrga, gulaklaryňa gulakhalkalar dakyp, başyňa gözellik täjini geýdirdim.


Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Selläňi aýyr, täjiňi çykar. Indi bu beýle bolmaz. Pes bolan beýgeler, beýik bolan peseler.


Dymyp ah çek; öliň üçin ýas tutma; selläňi geý, çarygyňy geý, sakgalyňy örtme; ýas çöregini iýme».


Selläňiz başyňyzda, çarygyňyz aýagyňyzda bolar. Ýas tutmarsyňyz, aglamarsyňyz, emma etmişleriňiz zerarly gurap ýok bolarsyňyz, biri-biriňiz üçin ah çekersiňiz“.


Başlaryna zygyrdan selle orap, eginlerine nepis zygyr matadan tikilen içki geýimleri geýerler; derledýän zat geýmesinler.


Emma ol doňýürek bolup, tekepbirlik bilen gopbamsy hereket edende, patyşalyk tagtyndan düşürildi we şöhraty elinden alyndy.


Bu habar Ninewe patyşasyna ýetende, ol tagtyndan düşüp, şa lybasyny çykardy we jul geýnip, kül üstünde oturdy.


Kim şu çaga ýaly pes göwünli bolsa, Gögüň Şalygynda iň beýik şoldur.


Rebbiň huzurynda özüňizi pes tutuň, Ol sizi beýgelder.


Hudaý sizi wagty gelende beýgelder ýaly, Onuň gudratly goly astynda özüňizi pes tutuň.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ