Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Ýermeýa 13:17 - Mukaddes Kitap

17 Emma siz muňa gulak asmasaňyz, tekepbirligiňiz üçin gizlinlikde aglaryn; Rebbiň sürüsiniň ýesir edilendigi üçin, gözlerimiň ýaşy dökülip, sil bolup akar.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

17 Эмма сиз муңа гулак асмасаңыз, текепбирлигиңиз үчин гизлинликде агларын; Реббиң сүрүсиниң есир эдилендиги үчин, гөзлеримиң яшы дөкүлип, сил болуп акар.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Ýermeýa 13:17
25 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Aýdymçylar toparynyň ýolbaşçysyna. Gititde. Asafyň mezmury.


Hudaýyň halky geçmişi, Rebbiň guly Musany ýatlady. Sürüsiniň çopanlary bilen bile olary deňizden geçiren nirede? Öz Mukaddes Ruhuny içlerine salan nirede?


Sen olara şu sözi ýetir: „Goý, gözlerimiň ýaşy gije-gündiz kepemesin, çünki boý gyzym – eziz halkym agyr ýaralandy, güýçli zarba sezewar boldy.


Keýp çekýänleriň meýlisinde oturmadym, şatlanmadym men. Seniň eliň üstümde bolup, meni gazapdan dolduranyň üçin ýalňyz özüm oturdym,


Men hyzmatyňda çopan bolmakdan gaçmadym. Betbagtlyk gününiň gelmegini-de islemedim. Agzymdan çykýan her bir sözi Özüň bilýänsiň, ýa Reb, ol söz huzuryňda aýandyr.


Eger-de bu sözleri diňlemeseňiz, Öz barlygymdan ant içýärin, bu öý haraba döner. Muny Reb aýdýandyr“.


«Meniň örimiň goýunlaryny ýok edip, dargadýan çopanlaryň waý halyna! Muny Reb aýdýandyr.


Şonuň üçin Ysraýyl Hudaýy Reb halkymy bakýan çopanlar hakda şeýle diýýär: „Siz Meniň sürimi dargatdyňyz, kowduňyz, olary idetmediňiz. Ine, Men ýaramaz işleriňiz zerarly sizi jezalandyraryn. Muny Reb aýdýandyr.


Wah, käşge başym bir bulak, gözlerim gözýaş çeşmesi bolsady! Biçäre halkymyň öldürilenleri üçin aglasadym men gije-gündiz!


Men bular üçin aglaýaryn, gözýaşlarym sil bolup akýar. Janyma aram berýän ýok, teselli beriji menden uzakda. Çagalarym derbi-dagyn edildi, çünki duşman üstün çykdy».


Gijesine zar-zar aglaýar, ýaňaklarynda gözýaşy. Oýnaşlaryndan köşeşdirýän ýok ony. Ähli dostlary haýynlyk edip, oňa duşman boldular.


Iýerusalimiň ahlaksyzlygy etegindedi, gelejegi hakda pikir etmedi. Onuň ýykylyşy aýylgançdy, oňa teselli berýän ýokdy. «Ýa Reb, agyr halyma nazar sal, çünki duşman üstün çykdy!»


Halk Rebbe ýürekden perýat edýär. Gije-gündiz gözýaşyň sil bolup aksyn, gözleriňiň ýaşy kepemesin, eý, Sion gyzynyň diwary!


Eziz halkymyň heläkçiliginden ýaňa gözýaşlarym sil bolup akýar.


«Eý, ynsan ogly! Ine, Men gözleriňe iň gymmatly bolan kişini bir zarbada senden alaryn, ýöne sen zeýrenme, aglama, gözýaş dökme.


Siz Meniň goýunlarym, örimiň goýunlarysyňyz. Siz ynsansyňyz, Men bolsam siziň Hudaýyňyzdyryn». Muny Hökmürowan Reb diýýär.


Baýramçylyklarda Iýerusalim gurbanlyk sürüsi bilen näçe doly bolsa, weýran edilen galalar-da adamlardan şonça doly bolar. Şonda olar Meniň Rebdigimi bilerler».


oňa: «Iýerusalim şäheriniň içinden geç-de, onda edilýän nejis işlerden ýaňa ah çekip, aglaýanlaryň maňlaýyna tagma bas» diýdi.


Şondan soň Şamuwel ömri ötýänçä Şawuly gaýdyp ýeke gezek görmese-de, onuň derdini çekip gezdi. Reb Şawuly Ysraýyla patyşa edendigine ökündi.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ