Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Ýermeýa 13:11 - Mukaddes Kitap

11 Guşak ynsanyň biline nähili ýapyşýan bolsa, Men hem tutuş ysraýyl we ýahuda halklaryny Özüme şeýle ýapyşdyraryn. Olaryň Maňa at-abraý, öwgi we şöhrat getirjek Öz halkym bolmagyny isledim, emma olar gulak asmadylar. Muny Reb aýdýandyr“.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

11 Гушак ынсаның билине нәхили япышян болса, Мен хем тутуш ысрайыл ве яхуда халкларыны Өзүме шейле япышдырарын. Оларың Маңа ат-абрай, өвги ве шөхрат гетирҗек Өз халкым болмагыны иследим, эмма олар гулак асмадылар. Муны Реб айдяндыр“.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Ýermeýa 13:11
25 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Beýik gudratlary edýän diňe Oldur, Onuň söýgüsi baky.


Maňa alkyş aýtsynlar diýip, Özüm üçin ýaratdym bu halky.


Olara «Mukaddes halk, Rebbiň azat edenleri» diýler, saňa bolsa «Hudaýyň agtarany, terk edilmedik şäher» diýler.


Reb maňa: «Git-de, özüňe nepis zygyr matadan tikilen guşak satyn alyp, ony biliňe guşa, ýöne ony suwa batyrma» diýdi.


Bu pis halk kesirlik bilen öz isleglerine kowalaşyp, sözüme gulak asmak islemeýär. Olar başga hudaýlaryň yzyna düşüp, olara gulluk we sežde edýärler. Şonuň üçin olar hem hiç derde ýaramaýan şu guşak ýaly bolarlar.


Olara şu sözi ýetir, Ysraýyl Hudaýy Reb: „Ähli küýzeler şerapdan dolar“ diýýär diý. Olar saňa: „Ähli küýzäniň şerapdan doljagyny biz näme bilýän däldiris öýdýäňmi?“ diýerler.


«Ysraýyl Hudaýy Hökmürowan Reb şeýle diýýär: „Olaryň boýnuýogynlyk edip, Maňa gulak asmakdan ýüz öwrendikleri üçin, indi Men bu şäheriň we onuň ähli obalarynyň garşysyna aýdan ähli bela-beterlerimi üstlerinden indererin“».


Sen Müsür ýurdunda alamatlar, mugjyzalar görkezdiň. Bu alamatlary Ysraýylda we tutuş adamzat arasynda hem görkezip, şu güne çenli Özüňe at gazandyň.


Dünýädäki hemme milletler olara etjek ähli ýagşylyklarymy eşiderler. Bu şäher olaryň öňünde Meniň üçin at-abraý, şatlyk, öwgi hem şöhrat bolar. Ähli milletler Iýerusalimiň halkyna eden ýagşylyklarym we eçilen parahatlygym sebäpli gorkup titreşerler“.


Men siziň üstüňizden gözegçi goýup: „Surnaýyň sesine gulak asyň!“ diýdim. Emma olar: „Gulak asmarys“ diýdiler.


Bu nejis zatlaryň ählisini etdiňiz; muny Reb aýdýandyr. Men size öwran-öwran aýdanymda gulak asmadyňyz, sizi çagyranymda jogap bermediňiz.


Olara diňe şu buýrugy beripdim: ‘Maňa gulak asyň. Men siziň Hudaýyňyz, siz hem Meniň halkymsyňyz. Diňe Meniň görkezen ýolumdan ýöräň, şonda gowy günler görersiňiz’.


Emma olar diňlemediler, gulak asmadylar, gaýtam, kesirlik bilen öz ýaman niýetlerine kowalaşyp, pis ýüreklerine görä hereket etdiler. Ilerlemegiň deregine gaýra tesdiler.


Emma halk Meni diňlemedi, Maňa gulak asmady, gaýtam boýnuýogynlyk edip, ata-babalaryndan hem beter pislik etdi“.


Eý, ysraýyl halky, Rebbiň size, Müsürden çykaran kowumyňyza garşy aýdan bu sözüne gulak goýuň:


„Şäheriňizde aýagymyza ýapyşan tozany-da size garşy kakýarys. Emma şuny biliň: Hudaýyň Şalygy golaýlandyr!“ diýiň.


Bu gün Reb söz berşi ýaly, Ol sizi Özüniň gymmatly halky hökmünde saýlandygyny we Onuň buýruklaryny ýerine ýetirmelidigiňizi mälim etdi.


Çünki Ol şöhratda, meşhurlykda we sylag-hormatda Özüniň ýaradan ähli milletlerinden sizi ýokarda goýdy. Ol Öz söz berşi ýaly, siz Hudaýyňyz Rebbiň mukaddes halky bolarsyňyz».


Haçan çagyrsak, Hudaýymyz Reb ýanymyzda. Şeýle Hudaýly beýik millet nirede bar?


Emma siz beýle dälsiňiz, çünki siz saýlanyp-seçilen halksyňyz. Siz patyşanyň ruhanylary, mukaddes millet, Hudaýa degişli halksyňyz. Hudaý sizi garaňkylykdan Özüniň ajaýyp nuruna çagyrdy. Siz Onuň şan-şöhratyny yglan etmek üçin saýlanyp-seçilensiňiz.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ