Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Ýermeýa 12:7 - Mukaddes Kitap

7 Men halkymy terk etdim, mirasymy taşladym, jandan söýýän halkymy duşmanlarynyň eline berdim.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

7 Мен халкымы терк этдим, мирасымы ташладым, җандан сөййән халкымы душманларының элине бердим.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Ýermeýa 12:7
23 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Mirasymdan – ysraýyllardan aman galanlary taşlaryn-da, olary duşmanlarynyň eline bererin. Olar ähli duşmanlaryna talaň we olja bolarlar.


Ol şazadalaryň üstüne betnamlyk guýýar, olary ýol-ýodasyz çölde sergezdan edýär.


Sen Öz halkyňy, ýagny Ýakubyň neslini terk etdiň. Olar gündogaryň palçylaryndan, piliştlileriňki ýaly müneçjimlerden doly, keseki halk bilen el berişýärler olar.


Köp pis işler edeninden soň, söýgüli halkymyň Meniň öýümde näme işi barka? Hatda Rebbe bagyş edilen et kömek etmez. Siz pislik etmekde şatlanýarsyňyz.


Ýahudany bütinleý ret etdiňmi? Siony ýürekden ýigrenýärsiňmi? Näme üçin şypa tapmaz ýaly, bizi beýle ýaraladyň? Biz parahatlyk gözledik, emma haýyr tapmadyk. Şypa wagtyna garaşdyk, emma howp abanýar.


Saňa beren mülkümi öz günäň bilen ýitirdiň. Men seni tanamaýan ýurduňda duşmanlaryňa gul ederin, çünki siz Meniň gazabymy tutaşdyrdyňyz, ol ebedilik lowlar».


Eger-de bu sözleri diňlemeseňiz, Öz barlygymdan ant içýärin, bu öý haraba döner. Muny Reb aýdýandyr“.


Bu halk ýa-da bir pygamber, ýa bolmasa bir ruhany senden: „Rebden gelen pygamberlik ýüki näme?“ diýip sorasa, sen olara: „Siziň özüňiz ýük ahyryn. Men sizi terk ederin“ diýip jogap ber. Muny Reb aýdýandyr.


Şonuň üçin hem Men sizi terk edip, sizi-de, özüňize we ata-babalaryňyza beren şäherimi-de huzurymdan aýryp taşlaryn.


Olaryň ýurdy Ysraýyl Mukaddesine garşy günälerden doly bolsa-da, özleriniň Hudaýy Hökmürowan Reb Ysraýyl bilen Ýahudany terk etmedi.


Munuň üçin Meniň adym dakylan, siziň bil baglan bu öýüňizi – size we ata-babalaryňyza beren bu ýerimi Şilony nähili ýok eden bolsam, şeýle ederin.


Eý, ýahuda halky, saçyňy syr-da, ýalaňaç gaýalarda agy aýt. Çünki Reb gazabyny üstüne döken bu neslini terk edip, ony taşlady.


«Ysraýyl halkyna Hökmürowan Reb şeýle diýýär diý: „Men güýjüňiziň buýsanjy, gözüňiziň arzuwlaýany, janyňyzyň mähremi bolan mukaddes öýümi harlatmakçy. Galdyryp gaýdan ogul-gyzlaryňyz gylyçdan ölerler“.


«Ysraýyly ýaş wagtynda söýdüm, ony – oglumy Müsürden çagyrdym.


Reb diýýär: «Olaryň Gilgaldaky ýaramaz işleri üçin, şol ýerde olary ýigrendim. Men olary öýümden kowaryn. Indi Men olary halamaryn. Bar hökümdary Maňa garşy baş göterdiler.


Sionda çalyň surnaýy, jar ediň mukaddes ýygnanyşygy, Agyz beklemäge belläň siz wagty,


Men ähli milletleri ýygnap, olary Ýehoşapat jülgesine getirerin, saýlan ysraýyl halkymy milletler arasynda pytradandygy üçin, Men şol ýerde olara höküm çykararyn. Olar Meniň topragymy böldüler,


Olar gylyçdan geçiriler, ýesir alnyp, ähli milletleriň arasyna sürgün ediler. Keseki milletler özleriniň möhleti dolýança, Iýerusalimi ýer bilen ýegsan ederler.


Benýamin hakda şeýle diýdi: «Ol Rebbiň iň gowy görýäni, howpsuz ýaşar, Beýik Hudaý bütin gün onuň üstüne ganat gerer, ol Rebbiň dagynda mesgen tutar».


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ