Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Ýermeýa 12:4 - Mukaddes Kitap

4 Haçana çenli ýurt ýas tutup, otlar saralyp solar? Ol ýerde ýaşaýanlaň pis işlerinden ýaňa haýwanlar bilen guşlar ýitip gitdiler. Çünki bu halk diýýär: «Ol bize näme boljagyny görmeýär».

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

4 Хачана ченли юрт яс тутуп, отлар саралып солар? Ол ерде яшаянлаң пис ишлеринден яңа хайванлар билен гушлар йитип гитдилер. Чүнки бу халк диййәр: «Ол бизе нәме болҗагыны гөрмейәр».

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Ýermeýa 12:4
22 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Şonda dogrulyk gurbanlyklary, ýakma gurbanlyklary, tutuş ýakma gurbanlyklary-da Seniň göwnüňden turar. Şonda Seniň gurbanlyk sypalaryňda öküzler sadaka berler.


Ýer ýüzi solýar, guraýar heläk bolup, ýitip gider dünýä; dünýäniň halklarynyň güýçlüleri heläk bolarlar.


Muňa görä dünýä lagnat ýagýar, ilaty ýazyklarynyň jezasyny çekýär, şonuň üçin ýer ýüzüniň ilaty ýanyp, gaty az adam galýar.


Ony harabaçylyga dönderdiler, haraba içinde huzurymda aglaýar. Tutuş ýurt weýran boldy, emma hiç kimiň piňine-de däl.


«Ýahuda ýas tutýar, onuň şäherleri perýat edýär. Halky hasratdan ýaňa ýere çökdi, Iýerusalimiň perýady barha güýjeýär.


Çünki ýurt zynahorlykdan doludyr, ýurt nälet zerarly ýas tutýar, çölüň örüleri guraýar. Adamlar pis ýola düşüp, güýçlerini zorluga sarp edýär.


Seretdim, hiç bir ynsan ýokdy, gökdäki ähli guşlar uçup gidipdir.


Şonuň üçin ýurt ýas tutar, asman garalar. Men sözledim, Men karar etdim, gaýtmyşym etmerin, pikirimden dänmerin».


Pygamberler şemal ýalydyr, Rebbiň sözi olara aýan däldir. Bu külpetler olaň öz başyndan insin!“».


pygamberler galp pygamberlik edýärler, ruhanylar olaryň görkezmesi bilen dolandyrýarlar. Meniň halkym bolsa muny söýýär. Emma bu zatlaryň soňy gelende näme edersiňiz?»


Munuň üçin Men – Hökmürowan Reb şeýle diýýärin: „Ine, Men gahar-gazabymy bu ýeriň, ynsandyr haýwanlaryň, meýdandaky agaçlaryň, topragyň hasylynyň üstüne dökerin. Ol ot bolup tutaşar we söndürilmez“.


Men daglar üçin aglaýaryn, ahy-nala çekýärin, çölüň örüleri üçin ýas tutýaryn, sebäbi olar harabalyga öwrüldi, ol ýerden geçýän ýok. Mal-garalaryň sesi eşidilmeýär, guşlar-da, haýwanlar-da gaçyp gitdiler.


Bu zatlar üçin Men olary, heý-de, jezalandyrmarynmy? Beýle milletden öç almarynmy?» Muny Reb aýdýandyr.


Şonuň üçin toprak hasrat çekýär. Onda ýaşaýanlar ejizleýärler. Sähradaky haýwanlar hem asman guşlary, hatda deňizdäki balyklar gyrylýarlar.


Mal-gara neneňsi zaryn yňranýar! sygyr sürüleri yranyp barýar, çünki olar üçin ýokdur ýaýlalar; goýun sürüleri-de ysgyndan düşen.


Amos şeýle diýdi: «Reb Siondan nagra çekýär, Iýerusalimden sesini eşitdirýär. Çopanlaryň öri meýdanlary solýar, Karmel dagynyň başy guraýar».


Injir agajy güllemese-de, üzüm agaçlary miwe getirmese-de, zeýtun agaçlary hasyl bermese-de, ekin meýdanlary hasyl öndürmese-de, dowar agyllary boş galyp, ýataklar mal-garasyz bolsa-da,


Rebbiň perişdesi: «Eý, Hökmürowan Reb, Sen ýetmiş ýyllap Iýerusalim bilen Ýahuda gahar etdiň, ýene-de näçe wagtlap olaryň şäherlerinden Öz rähmetiňi gaýgyrjak?» diýdi.


Biz bütin ýaradylyşyň şu wagta çenli ahy-nala çekip, burgy jebirlerini çekýändigini bilýäris.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ