Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Ýermeýa 12:3 - Mukaddes Kitap

3 Meni bolsa, ýa Reb, Sen tanaýarsyň, meni görýärsiň, Özüň hakdaky pikirlerimi synaýarsyň. Olary soýulmaly goýun kimin çykar-da, soýuljak güni üçin taýýarla.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

3 Мени болса, я Реб, Сен танаярсың, мени гөрйәрсиң, Өзүң хакдакы пикирлерими сынаярсың. Олары союлмалы гоюн кимин чыкар-да, союлҗак гүни үчин тайярла.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Ýermeýa 12:3
23 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

«Saňa ýalbarýaryn, eý, Reb, meniň Saňa wepalylyk bilen ak ýürekden hyzmat edenimi hem-de Seniň nazaryňda dogry işleri edenimi ýatla». Hizkiýa zar-zar aglady.


Seniň kalby synaýandygyňy we kalby päkligi halaýandygyňy men bilýärin, eý, Hudaýym! Şu zatlaryň hemmesini men öz päk kalbym bilen meýletin berdim. Häzir men Seniň şu ýere ýygnanan halkyňyň meýletinlik hem şatlyk bilen sadaka berýändigini görýärin.


Emma Ol meniň ýöreýän ýolumy bilýär, meni synaga salanda, altyn deý päk çykaryn.


Olar şeýle diýýär: «Dilimiz arkaly üstün çykarys, agyz özümiziňki – kim bize hojaýyn çykýan?»


Reb meniň gaýam, galam hem Halasgärim, Hudaýym – pena edinýän gaýam, galkanym, ýeňşim hem-de berkitmäm.


Reb – nurum hem Halasgärim, men kimden heder edeýin? Reb ömrümiň penasy: men kimden wehim edeýin?


Reb halklara höküm çykarýar; ýa Reb, dogrulygym bilen päkligime görä, Sen meni akla.


«Ýa Reb, Özüň bilýärsiň. Meni ýada sal, ýardam et maňa. Meni yzarlanlardan arymy alaýyn. Olara sabyr-takatly bolma, meni öldürmeklerine ýol berme. Bu kemsidilmelere Seniň hatyraň üçin çydaýandygymy bilgin.


Men hyzmatyňda çopan bolmakdan gaçmadym. Betbagtlyk gününiň gelmegini-de islemedim. Agzymdan çykýan her bir sözi Özüň bilýänsiň, ýa Reb, ol söz huzuryňda aýandyr.


Goý, meni yzarlaýanlar utanja galsyn, emma meni utanja goýma. Goý, olar gorka düşsün, emma meni gorka salma. Başlaryndan betbagtlyk gününi inderip, goşa gyrgynçylyk bilen ýok et olary.


Eý, Hökmürowan Reb, dogry adamlary synaýan, ýürekleri görýän we pikirleri okaýan Sensiň! Dawamy Saňa mälim edýärin, olardan aljak öjüňi göreýin!


Mowap weýran ediler, şäherleri basylyp alnar. Saýlama ýigitleri öldürilmek üçin iberildi. Muny ady Hökmürowan Reb bolan Patyşa aýdýar.


Öküzleriniň ählisini öldüriň, olar soýulmaga äkidilsin. Waý olaryň halyna! Çünki olaryň güni doldy, jeza pursady geldi.


Öldürilenler babyllylar ýurdunda, ýaralylar onuň köçelerinde ýazylsyn.


Isa ýene-de ondan: «Eý, Ýohannanyň ogly Simun, Meni söýýärsiňmi?» diýip, üçünji gezek sorady. Isanyň «Meni söýýärsiňmi?» diýip üçünji gezek sorany üçin, Petrus gussa batdy. Ol Isa: «Ýa Reb, Sen ähli zady bilýänsiň, Seni söýýänimi-de bilýänsiň» diýdi. Isa oňa: «Goýunlarymy otlat.


Siz bu dünýäde bolçulykda we keýpi-sapada ýaşadyňyz, özüňizi kyýamat güni soýulmak üçin semretdiňiz.


Emma bu adamlar düşünmeýän zatlaryna dil ýetirýärler. Olar awlanyp, ýok edilmek üçin doglan düşünjesiz ýabany haýwanlar we öz ugruna hereket edýän mahluklar ýalydyrlar. Bular haýwanlar ýaly-da ýok bolup giderler.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ