Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Ýermeýa 12:15 - Mukaddes Kitap

15 Hemmesini sogrup taşlanymdan soň, olara ýene ýüregim awar. Olaryň her birini öz mülküne, öz topragyna gaýtaryp getirerin.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

15 Хеммесини согруп ташланымдан соң, олара ене йүрегим авар. Оларың хер бирини өз мүлкүне, өз топрагына гайтарып гетирерин.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Ýermeýa 12:15
16 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Munuň deregine ysraýyl halkyny demirgazyk ýurtdan, dargadylan beýleki ýurtlardan çykaran Rebden ant içýärin diýjek günleri geler. Çünki Men olary ata-babalaryna beren topragyma gaýtaryp getirerin“.


Nazarym ýagşylyk üçin olarda bolar, olary ýene bu ýurda getirerin. Olary bina ederin, ýykmaryn; olary ekerin, sogrup taşlamaryn.


Şonda siz Meni taparsyňyz, muny Men – Reb aýdýandyryn. Men size öňki abadançylygyňyzy gaýtaryp bererin, sizi kowan ýerlerimiň baryndan, ähli milletleriň arasyndan yzyňyza ýygnaryn. Muny Reb aýdýandyr. Men sizi nireden sürgün eden bolsam, şol ýere hem gaýtaryp getirerin.


Git-de, bu sözleri demirgazyga jar edip, şeýle diý: „Eý, biwepa Ysraýyl, Maňa dolan! Muny Reb aýdýandyr. Men merhemetlidirin, indi Men saňa gazaply bakmaryn, gaharymy baky saklamaryn. Muny Reb aýdýandyr.


Şol döwür Iýerusalim Rebbiň tagty diýlip atlandyrylar we ähli milletler şol ýerde, Iýerusalimde Rebbiň huzuryna üýşerler. Mundan beýläk olar kesirlik bilen ýaman niýetlerine kowalaşmazlar.


Emma ahyrky günlerde Men Mowabyň öňki abadançylygyny gaýtaryp bererin“. Muny Reb aýdýandyr. Ine, Mowabyň jezasy şu ýerde gutarýar».


Ýöne ahyrky günlerde Eýlamyň öňki abadançylygyny gaýtaryp bererin. Muny Reb aýdýandyr“».


Emma mundan soňra Men ammonlaryň öňki abadançylygyny gaýtaryp bererin. Muny Reb aýdýandyr».


Ýöne ýaňy güýçlenip, aýaga galan mahaly, onuň patyşalygy dargadylyp, gögüň çar tarapyna bölüner. Patyşalyk onuň nesline geçmez, onuň ýerine patyşa bolanlaryň hiç biri onuň ýaly höküm sürmez. Onuň patyşalygy köki bilen sogrulyp, öz neslinden bolmadyk başga birilerine berler.


Ysraýyllaryň her biri öz mülküne eýe bolýança, biz öýümize gaýtmarys.


„Mundan soň Men dolanyp gelip, Dawudyň ýykylan çadyryny dikelderin. Weýran bolan ýerlerini oňaryp, ony täzeden bina ederin.


Reb doganlaryňyza-da siziňki ýaly parahatçylyk berenden soň we olar hem Hudaýyňyz Rebbiň Iordanyň aňyrsyndan özlerine berýän mülk ýerini eýelänlerinden soň, her biriňiz meniň size beren mülküme dolanyp gelip bilersiňiz“.


diňe şonda Hudaýyňyz Reb size öňki abadançylygyňyzy gaýtaryp berer we rehim-şepagat eder. Hudaýyňyz Reb sizi dargadyp goýberen başga halklarynyň içinden ýene-de yzyňyza ýygnar.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ