Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Ýermeýa 12:13 - Mukaddes Kitap

13 Olar bugdaý ekip, tiken ordular, gara zähmet çekip, haýyr görmediler. Rebbiň gahar-gazabyndan ýaňa alan hasyllaryna utansynlar.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

13 Олар бугдай экип, тикен ордулар, гара зәхмет чекип, хайыр гөрмедилер. Реббиң гахар-газабындан яңа алан хасылларына утансынлар.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Ýermeýa 12:13
19 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Näme üçin puluňy çörek bolmajak zada, zähmetiňi doýurmajak zada sarp edýäň? Meni ünsli diňläň, ýagşy zady iýiň, janyňyz näz-nygmatlardan lezzet alar.


«Men-Reb her ynsana tutan ýoluna, eden işlerine görä jeza bermek üçin, ynsanyň ýüregini barlaýaryn, pikirlerini synaýaryn».


Seretdim, ine, Rebbiň huzuryndan, Onuň lowlaýan gazabyndan ýaňa hasylly toprak çöle dönüpdir, ähli şäherler weýran bolupdyr.


Her kim öz dostuny aldaýar, hiç kim hakykaty sözlemeýär. Dillerine ýalan sözlemegi öwretdiler, şer işler edip, toba etmegi bilmediler.


Olar ýel ekip, tupan orarlar. Sümmülsiz bugdaý un bermez. Hasyl beräýse-de, özgeler iýer.


Siz güýjüňizi biderek sarp edersiňiz, ýeriňiz hasyl, agaçlaryňyz miwe bermez.


Ekersiňiz, emma ormarsyňyz. Zeýtuny ýenjersiňiz, emma ýagyny sürtmersiňiz, üzüm sykarsyňyz, emma şerabyny içmersiňiz.


Halklaryň çeken zähmetiniň biderek bolmagy, milletleriň özlerini biderek kösemegi bu Hökmürowan Rebbiň işi dälmidir?


Siz köp ekip, az hasyl alýarsyňyz, iýip doýmaýarsyňyz, içip ganmaýarsyňyz, geýinýärsiňiz, ýöne ýylynmaýarsyňyz, gazanjyňyz düýbi deşik pul torba düşýär“».


Siz köp hasyla garaşýardyňyz, ýöne ol hasyl az bolup çykdy. Ony öýe getireniňizde, Men ony ýele sowurdym. Näme üçin? Meniň öýümiň haraba öwrülip ýatany üçin! Men muny siziň ähliňiziň diňe öz öýleriňiz bilen gümradygyňyz üçin şeýle etdim. Muny Men – Hökmürowan Reb aýdýandyryn.


Ozal eden işleriňizden, ýagny şindi utanýan işleriňizden näme bähbit gördüňiz? Şeýle işleriň soňy ölümdir.


Meýdana köp tohum sepersiňiz, emma az hasyl alarsyňyz, çünki ony çekirtge iýip ýok eder.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ