Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Ýermeýa 12:11 - Mukaddes Kitap

11 Ony harabaçylyga dönderdiler, haraba içinde huzurymda aglaýar. Tutuş ýurt weýran boldy, emma hiç kimiň piňine-de däl.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

11 Оны харабачылыга дөндердилер, хараба ичинде хузурымда аглаяр. Тутуш юрт вейран болды, эмма хич кимиң пиңине-де дәл.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Ýermeýa 12:11
23 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Ýas öýüne gitmek toý öýüne gitmekden gowudyr. Çünki her kesiň ahyry ölümdir; ýaşaýanlar muny ýatda saklasynlar.


Munuň üçin Ol lowlaýan gazabyny, zalym urşy üstlerinden inderdi; olary hemme tarapdan otlady, emma olar şonda-da düşünmediler, olary ýakdy, ýöne üns bermediler.


Dogry adamlar ölüp gidýärler, hiç kim muňa üns bermeýär. Takwa adamlar ýogalýarlar, muňa hiç kim düşünmeýär, dogrular betbagtçylykdan gutarylýar.


Diňläň, bir habar gelýär! Ýahuda şäherlerini harabalyga, şagallar sürenine öwürmek üçin demirgazyk ýurtdan uly gopgun gelýär.


Gazabyňy dök Seni tanamaýan milletleriň, adyňy çagyrmaýan halklaryň üstünden. Çünki olar Ýakubyň neslini ýalmadylar, ony ýuwudyp, ýok etdiler, mekanyny weýran etdiler.


«Ýahuda ýas tutýar, onuň şäherleri perýat edýär. Halky hasratdan ýaňa ýere çökdi, Iýerusalimiň perýady barha güýjeýär.


Men bu şäheri harabaçylyga öwrüp, ryswa ederin. Ol ýerden geçýänleriň baryny gorky basar we onuň başyndan inen ähli bela-beterler sebäpli oňa sykylyk çalarlar.


Çünki ýurt zynahorlykdan doludyr, ýurt nälet zerarly ýas tutýar, çölüň örüleri guraýar. Adamlar pis ýola düşüp, güýçlerini zorluga sarp edýär.


Bu ýurt tutuşlygyna harabaçylyga we gorkunç ýere öwrüler. Bu milletler ýetmiş ýyllap Babyl patyşasyna gulluk ederler.


Betbagtlyk üstüne betbagtlyk geldi, tutuş ýurt wes-weýran boldy, ýok boldy birdenkä çadyrlarym, bir demde perdelerim.


Munuň üçin Reb şeýle diýýär: «Tutuş ýurt haraba döner, ýöne Men onuň bütinleý soňuna çykmaryn.


Şonuň üçin ýurt ýas tutar, asman garalar. Men sözledim, Men karar etdim, gaýtmyşym etmerin, pikirimden dänmerin».


Eý, Iýerusalim, akylyňa aýlan, ýogsam Men senden ýüz öwrerin. Seni harabaçylyga, ilatsyz bir ýurda öwrerin».


Men daglar üçin aglaýaryn, ahy-nala çekýärin, çölüň örüleri üçin ýas tutýaryn, sebäbi olar harabalyga öwrüldi, ol ýerden geçýän ýok. Mal-garalaryň sesi eşidilmeýär, guşlar-da, haýwanlar-da gaçyp gitdiler.


Men Iýerusalimi weýran edip, şagallar sürenine öwrerin. Ýahuda şäherlerini ilatsyz goýup, harabaçylyga öwrerin.


Bu zatlar üçin Men olary, heý-de, jezalandyrmarynmy? Beýle milletden öç almarynmy?» Muny Reb aýdýandyr.


Meýdanlar boşady, toprak aglaýar, çünki weýran boldy onuň gallasy. Şerap gurap galdy, zeýtun-da soldy.


Siziň ýurduňyzy şeýle bir weýran ederin welin, onda ornaşmaga gelýän duşmanlaryňyz muňa haýran galarlar.


«Ýurduň ähli halkyna hem-de ruhanylaryna aýt: „Ýetmiş ýyllap bäşinji hem ýedinji aýlarda ýas tutup, agyz bekläniňizde, siz muny Meniň üçin edipmidiňiz?


Biz bütin ýaradylyşyň şu wagta çenli ahy-nala çekip, burgy jebirlerini çekýändigini bilýäris.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ