Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Ýermeýa 12:10 - Mukaddes Kitap

10 Köp çopanlar üzüm bagymy weýran etdiler, ekin meýdanymy depeläp tozdurdylar, ajaýyp mellegimi takyr çöle öwürdiler.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

10 Көп чопанлар үзүм багымы вейран этдилер, экин мейданымы депеләп тоздурдылар, аҗайып меллегими такыр чөле өвүрдилер.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Ýermeýa 12:10
21 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Reb halkynyň ýaşululary, hökümdarlary bilen höküme girişýär: «Üzümçiligi weýran eden sizsiňiz, öýleriňiz garypdan talan oljaňyzdan doly.


Munuň üçin biabraý etdim ybadathananyň ruhanylaryny, Ýakuby doly weýrançylyga, Ysraýyly ryswalyga höküm etdim».


Mukaddes halkyň az wagt mukaddes ýeriňe eýelik etdi, emma duşmanlarymyz aýak astyna atdylar ony.


«Meniň örimiň goýunlaryny ýok edip, dargadýan çopanlaryň waý halyna! Muny Reb aýdýandyr.


Rebbiň gahar-gazabyndan ýaňa parahat agyllar dargady.


Reb arslan deý süreninden çykdy. Onuň lowlaýan gazabyndan ýaňa, zalymlaryň gaharyndan ýaňa, olaň ýurdy harabalyga döndi».


Men-de bütin demirgazyk tireleri bilen Babyl patyşasy bolan bendäm Nebukadnesary çagyraryn. Muny Reb aýdýandyr. Olary bu ýurduň, onuň ilatynyň, daş-töwerekdäki ähli milletleriň üstüne alyp gelerin. Bu halklary bütinleý ýok edip, bu ýurdy howpa, ryswaçylyga we ebedilik harabaçylyga öwrerin.


Sizi çagalarymyň arasynda ornaşdyryp, size gözel ýurdy – ähli milletleriň iň ajaýyp mirasyny bermekçidim. Siz Meni Atam diýip çagyrarsyňyz, Menden ýüz öwürmersiňiz öýtdüm.


Babyl patyşasynyň ähli ýolbaşçylary içerik girip, Ortaky derwezede oturdylar. Olar: samgarly Nergal Şareser, köşk emeldary Nebosarsekim, baş geňeşçi Nergal Şareser we patyşanyň ähli beýleki ýolbaşçylarydy.


Çopanlar sürüleri bilen onuň ýanyna gelerler. Çadyrlaryny onuň daş-töwereginde dikip, her kim özüniň öri meýdanynda otlar.


Men daglar üçin aglaýaryn, ahy-nala çekýärin, çölüň örüleri üçin ýas tutýaryn, sebäbi olar harabalyga öwrüldi, ol ýerden geçýän ýok. Mal-garalaryň sesi eşidilmeýär, guşlar-da, haýwanlar-da gaçyp gitdiler.


«Eý, ynsan ogly! Ysraýyl çopanlarynyň garşysyna pygamberlik et. Pygamberlik edip, olara, ýagny çopanlara Hökmürowan Reb şeýle diýýär diý: „Özlerini bakyp ýören Ysraýyl çopanlarynyň halyna waý! Çopanlar sürini bakmaly dälmidir?


Çopanyň ýokdugy sebäpli olar dargadyldy; olar dargadylanda, ýyrtyjy haýwanlara şam boldular.


Onsoň men bir perişdäniň geplänini eşitdim. Başga bir perişde bu geplän perişdä şeýle sorag berdi: «Bu görnüşde görlen zatlar haçana çenli dowam ederkä? Haçana çenli gündelik ýakma gurbanlygynyň ýerini weýrançylyk getirýän gozgalaň tutjakka we mukaddes öý bilen goşun aýak astyna taşlanyp depelenjekkä?»


Şeýdip, Men olary tanamaýan-bilmeýän milletleriň arasyna harasat bilen dargatdym. Olaryň taşlap giden ýurduny harabaçylyga öwürdim. Ol ýerde janly-jemende galmady; ne gözel ýurt tozap galdy“».


Emma siz özüňizi nähili gorajakdygyňyzy öňünden gaýgy etmezligi ýüregiňize düwüň.


Emma ybadathananyň daşky howlusyny hasaba alma, ony ölçeme, sebäbi ol başga milletlere berlendir. Olar mukaddes şäheri kyrk iki aýlap depelär.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ