Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Ýermeýa 11:7 - Mukaddes Kitap

7 Çünki Men siziň ata-babalaryňyzy Müsürden çykaran günümden tä şu güne çenli dyngysyz „Sözüme gulak asyň“ diýip, berk duýduryş berip geldim.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

7 Чүнки Мен сизиң ата-бабаларыңызы Мүсүрден чыкаран гүнүмден тә шу гүне ченли дынгысыз „Сөзүме гулак асың“ дийип, берк дуйдурыш берип гелдим.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Ýermeýa 11:7
29 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Emma Reb şonda-da ähli pygamberler we görgürler arkaly ysraýyl we ýahuda halklaryna duýduryş berip, şeýle diýipdi: «Siz bu pis ýollaryňyzdan dönüň, atalaryňyza tabşyran, gullarym pygamberler arkaly size ýollan kanunyma görä Meniň tabşyryklarymy we parzlarymy berjaý ediň».


Atalarynyň Hudaýy Reb olara pygamberleriň üsti bilen yzygiderli duýduryş berdi, çünki Onuň Öz halkyna we mesgenine rehimi indi.


Reb şeýle diýdi: «Eger-de siz Hudaýyňyz Rebbiň sözüne dykgat bilen gulak goýup, Onuň nazarynda dogry hasap edýän işlerini etseňiz, Onuň buýruklaryna boýun bolup, buýran ähli parzlaryny ýerine ýetirseňiz, onda Men müsürlileriň başyndan inderen apatlarymyň hiç birini siziň başyňyza salmaryn. Çünki Men size şypa berýän Rebdirin».


Men ata-babalaryňyzy Müsürden – demir ojagyndan çykaran günüm olara şeýle buýruk berdim: ‘Meniň sözüme gulak asyp, Meniň buýran ähli tabşyryklarymy ýerine ýetiriň. Şonda siz Meniň halkym, Men hem siziň Hudaýyňyz bolaryn.


«Ine, ýigrimi üç ýyl bäri, Ýahuda patyşasy Amonyň ogly Ýoşyýanyň şalygynyň on üçünji ýylyndan tä şu güne çenli Rebbiň sözi maňa aýan bolup gelýär. Men-de her gün ony size dyngysyz aýtdym, ýöne siz diňlemediňiz.


Reb Özüniň gullary bolan pygamberleri gaýta-gaýta size ýollady, emma siz diňlemediňiz, gulak asmadyňyz.


Bu äht Meniň olaryň ata-babalarynyň ellerinden tutup, Müsürden çykaran günüm baglaşan ähtim ýaly däldir. Men olaryň Hojaýyny bolsam-da, olar şol ähtimi bozdular». Muny Reb aýdýandyr.


Olar gelip, ony eýelediler, emma Saňa gulak asmadylar. Seniň kanunyňa eýermediler, berjaý etmekleri üçin buýran tabşyryklaryňyň hiç birini ýerine ýetirmediler. Şonuň üçin hem, Sen bu betbagtçylyklaryň ählisini olaryň başyndan inderdiň.


„Özlerini gul edip satyp, size alty ýyl gulluk eden ýewreý doganyňyzy ýedinji ýylda azatlyga goýberiň“. Ýöne siziň ata-babalaryňyz Meni diňlemediler, gulak asmadylar.


Rekabyň ogly Ýonadabyň öz nesillerine şerap içmäň diýen tabşyrygy berjaý edilýär. Olar tä şu güne çenli şerap içmän, ata-babalarynyň tabşyrygyna gulak asýarlar. Men bolsam size irginsiz aýtdym, emma Meni diňlemediňiz.


Men siziň ýanyňyza yzly-yzyna gullarym bolan pygamberlerimiň ählisini iberip: ‘Indi her biriňiz pis ýollaryňyzdan dönüp, ýagşylyk ediň, başga hudaýlara gulluk etmek üçin olaryň yzyna düşmäň, şonda siz özüňize hem ata-babalaryňyza beren ýurdumda ýaşarsyňyz’ diýdim. Emma siz Meni diňlemediňiz, Maňa gulak asmadyňyz.


Bu nejis zatlaryň ählisini etdiňiz; muny Reb aýdýandyr. Men size öwran-öwran aýdanymda gulak asmadyňyz, sizi çagyranymda jogap bermediňiz.


«Eý, ysraýyl halky, Rebbiň sözüni eşit, çünki bu ýurtda ýaşaýanlar bilen Rebbiň dawasy bar. Sebäbi ýurtda wepalylyk-da, söýgi-de, Hudaýy tanamaklyk-da ýok.


«Muny eşidiň, eý, ruhanylar. Dykgat ediň, eý, ysraýyllar! Gulak as, patyşanyň öýi! Siziň üstüňizden höküm çykarylar. Sebäbi siz Mispada duzak bolduňyz. Taborda gurlan tor bolduňyz.


Ata-babalaryňyz ýaly bolmaň. Öňki pygamberler olara ýüzlenip, şuny jar etdiler: Hökmürowan Reb ýaman ýollaryňyzdan, pis işleriňizden el çekiň diýýär. Ýöne olar muny diňlemediler, Maňa gulak asmadylar. Muny Men – Reb aýdýandyryn.


Şonuň üçin Rebbiň adyndan size şuny buýurýaryn: mundan beýläk keseki milletler ýaly boş düşünjeler bilen ýaşamaň.


Meniň buýranlarymyň ählisini yhlas bilen ýerine ýetirmelisiňiz. Olaryň üstüne hiç zat goşmaň hem, olardan hiç zat aýyrmaň hem.


Hudaýyňyz Rebbi söýüň, Oňa gulak asyň we Oňa bil baglaň, çünki ýaşaýşyňyzyň we ömrüňiziň uzaklygy Ondadyr. Bu Rebbiň ata-babalaryňyz Ybraýyma, Yshaga, Ýakuba bermegi wada eden ýurdunda ýaşamagyňyz üçindir».


Olary yhlas bilen berjaý ediň, çünki bu beýleki halklara akyl-paýhaslydygyňyzy we juda düşünjelidigiňizi görkezer. Bu parzlary eşidenler: „Dogrudan hem, bu millet akylly we düşünjeli eken!“ diýerler.


Käşgä olar diňe şu pikirde bolup, Menden gorkup, ähli buýruklarymy hemişe saklasadylar, onda olar we olaryň çagalary hemişe eşretde ýaşardylar!


Çagalaryňyz, çagalaryňyzyň çagalary bilen bile Hudaýyňyz Rebden gorkup, Onuň size meniň üstüm bilen berýän ähli buýruklarydyr parzlaryny ömürboýy berjaý ediň. Şonda ömrüňiz uzak bolar.


Şonuň üçin hem Hudaýyňyz Rebbiň ýolundan ýöräň we Ondan gorkuň, Onuň buýruklaryny ýerine ýetiriň.


Şeýle adamlara gep-gürrüňsiz işlemegi we öz çöreklerini gazanmagy Rebbimiz Isa Mesihiň adyndan tabşyryp ýalbarýarys.


Sen indi olara gulak as, ýöne öz üstlerinden höküm sürjek patyşanyň ýöretjek düzgünlerinden olary mazaly habardar et».


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ