Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Ýermeýa 11:4 - Mukaddes Kitap

4 Men ata-babalaryňyzy Müsürden – demir ojagyndan çykaran günüm olara şeýle buýruk berdim: ‘Meniň sözüme gulak asyp, Meniň buýran ähli tabşyryklarymy ýerine ýetiriň. Şonda siz Meniň halkym, Men hem siziň Hudaýyňyz bolaryn.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

4 Мен ата-бабаларыңызы Мүсүрден – демир оҗагындан чыкаран гүнүм олара шейле буйрук бердим: ‘Мениң сөзүме гулак асып, Мениң буйран әхли табшырыкларымы ерине етириң. Шонда сиз Мениң халкым, Мен хем сизиң Худайыңыз боларын.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Ýermeýa 11:4
39 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Häzirki gelmişek bolup ýaşap ýören ýeriň bolan Kengan ýurduny tutuşlygyna Men saňa hem-de nesliňe ebedilik mülk edip bererin. Men olaryň Hudaýy bolaryn».


Çünki olar Seniň demir peç kimin lowlaýan Müsürden çykaran halkyňdyr, Seniň mirasyňdyr.


Çünki Hizkiýa Rebbe wepaly bolup, hiç haçan Onuň yzyna eýermekden ýüz döndermedi we Rebbiň Musa beren tabşyryklaryny berjaý etdi.


Emma kim Meni söýüp, buýruklarymy ýerine ýetirse, onuň müňlerçe nesline sadyk söýgimi görkezerin.


Negep haýwanlary barada pygamberlik: urkaçy hem erkek arslanyň, alahöwreniň hem uçýan ýylanyň ýaşaýan, alada hem hasrat ýurdunyň üstünden geçip, baýlyklaryny eşekleriniň arkasyna, hazynalaryny düýeleriniň örküjine atyp, peýdasyz halka äkidip berýärler.


Ine, seni sapladym, ýöne kümüş dek däl, azap küresinde synadym seni.


Çünki Men siziň ata-babalaryňyzy Müsürden çykaran günümden tä şu güne çenli dyngysyz „Sözüme gulak asyň“ diýip, berk duýduryş berip geldim.


Olaryň ýüreklerine Meni tanamak islegini salaryn, şonda olar Meniň Rebdigimi bilerler. Olar Meniň halkym bolar, Men-de olaryň Hudaýy bolaryn, çünki olar tutuş kalby bilen Maňa öwrülerler“.


Indi ýollaryňyzy we işleriňizi düzediň, Hudaýyňyz Rebbe gulak asyň. Şonda Reb-de siziň garşyňyza aýdan betbagtçylygyny goýbolsun eder.


Siz Meniň halkym bolarsyňyz, Men-de siziň Hudaýyňyz bolaryn».


Şonuň üçin hem Men-Reb şeýle diýýärin: „Men bu şäheri babyllylaryň we Babyl patyşasy Nebukadnesaryň eline bererin, ol ony basyp alar.


Ýermeýa şeýle diýdi: «Eline bermezler. Özüňe aýdan zatlarym babatda sen Rebbe gulak goý ahyry. Şonda özüň üçin ýagşy bolar, diri galarsyň.


Şonda olar parzlarymy berjaý edip, hökümlerimi saklap, olary doly berjaý ederler. Şeýle hem olar-a Meniň halkym, Menem olaryň Hudaýy bolaryn.


Şeýdip, ysraýyl halky indi Menden aýrylmaz, günäleri bilen özlerini haram etmezler. Olar Meniň halkym, Men-de olaryň Hudaýy bolaryn». Muny Hökmürowan Reb diýýär.


Ata-babalaryňyza beren ýurdumda mesgen tutarsyňyz. Siz Meniň halkym bolarsyňyz, Men-de siziň Hudaýyňyz bolaryn.


Mundan beýläk özlerini butlary bilen, ýigrenji zatlary bilen ýa-da her dürli jenaýatlary bilen haram etmezler; Men olary eden ähli dönükliginden halas ederin, tämizlärin. Şeýlelikde, olar Meniň halkym bolarlar, Men hem olaryň Hudaýy bolaryn.


Men olaryň arasynda mekan tutaryn. Men olaryň Hudaýy, olar hem Meniň halkym bolarlar.


Onsoň Nebukadnesar ýanyp duran küräniň agzyna golaý baryp: «Eý, Beýik Hudaýyň sadyk gullary Şadrak, Meýşak we Abednego, daşary çykyň! Bäri geliň!» diýdi. Şeýdip, Şadrak, Meýşak we Abednego oduň içinden çykdylar.


Men siziň araňyzda bolup, siziň Hudaýyňyz bolaryn, sizem Meniň halkym bolarsyňyz.


Eger siz Meniň parzlaryma eýerip, tabşyryklarymy saklap, olary ak ýürekden berjaý etseňiz, Men siziň ýerleriňize gerek wagtynda ýagyş ýagdyraryn. Ýer hasyl berer, meýdan agaçlary-da miwe getirer.


Şol galan üçden birini otdan geçirerin, olary kümüş kimin saplaryn, altynyň barlanyşy ýaly synaryn. Olar Maňa dileg ederler, Men olara jogap bererin, «Bu – Meniň halkym» diýerin; Olar-da: «Reb – biziň Hudaýymyz» diýerler.


Uzakda ýaşaýanlar hem gelip, Rebbiň ybadathanasynyň gurluşygyna kömek ederler“». Şeýlelikde, siziň ýanyňyza meni Hökmürowan Rebbiň iberendigini bilersiňiz. Eger siz Hudaýyňyz Rebbiň sözüni berk tutsaňyz, gurluşyk babatda bu aýdylanlar amala aşar.


Men olary ýene Iýerusalime ýaşamaga getirerin. Olar Meniň halkym bolar, Men olaryň wepaly hem adalatly Hudaýy bolaryn» diýýär.


Size buýran ähli zatlarymy berjaý etmegi olara öwrediň. Men hemişe, tä dünýäniň ahyryna çenli siziň bilen bolaryn» diýdi.


Hudaýyň ybadathanasy bilen butlaryň, heý-de, özara ylalaşygy bolarmy? Çünki biz diri Hudaýyň ybadathanasydyrys. Hudaý: «Men olaryň arasynda mesgen tutaryn we olaryň arasynda bolaryn. Men olaryň Hudaýy, olar hem Meniň halkym bolarlar» diýipdi ahyryn.


Hudaýyňyz Rebbiň bu günki meniň üstüm bilen berýän buýruklaryna boýun egseňiz, alkyş alarsyňyz.


Emma Reb sizi demir ojagy bolan Müsürden çykaryp getirip, görüp durşuňyz ýaly, sizi Özüniň saýlan aýratyn halky etdi.


„Seniň gul bolup ýaşan ýurduň Müsürden alyp çykan Hudaýyň Reb Mendirin.


Şeýlelikde, Hudaý arkaly Isa Mesih kämil bolup, Ol Özüne tabyn bolýanlaryň hemmesini ebedilik halas etmegi başarýar.


Şamuwel şeýle diýdi: «Rebbe ýakma gurbanlyklardyr sadakalar bereniň bilen, Onuň Özüne boýun egilişindäki ýaly göwni galkynarmyka? Çünki boýun egmeklik gurbanlykdan, gulak asmaklyk goçuň ýagyndan has belentdir.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ