Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Ýermeýa 11:23 - Mukaddes Kitap

23 Olardan aman galany bolmaz. Çünki wagty gelende, Men anatot halkynyň başyndan betbagtlyk indererin».

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

23 Олардан аман галаны болмаз. Чүнки вагты геленде, Мен анатот халкының башындан бетбагтлык индерерин».

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Ýermeýa 11:23
15 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Men bolsam damagy çalynmaga äkidilen ýuwaş bir guzy kimindim. Olaryň: «Geliň, agajy miwesi bilen ýok edeliň, mundan beýläk onuň ady ýatlanmaz ýaly, ony dirileriň ýurdundan kesip taşlalyň» diýip, meniň garşyma hile gurýandyklaryny bilmedim.


Munuň üçin ýöreýän ýollary olara garaňkydaky sürçek ýer kimin bolar, ol ýerde büdräp ýykylarlar. Çünki jeza ýyly olaryň başyna bela getirerin. Muny Reb aýdýandyr.


Men olary ýagşylyk üçin däl-de, ýamanlyk üçin aňtaýaryn. Müsür ýurdundaky ýahudalylaryň hemmesi doly gyrlyp ýok bolýança, gylyçdan we açlykdan heläk bolarlar.


Hakyna tutulan esgerleri baga bakylan öküz kimin bolsa-da, olar-da yza dönüp, bilelikde gaçdylar. Öz orunlarynda durup bilmediler. Çünki başlaryna heläkçilik günleri, jezalandyryljak günleri ýetip geldi.


Howpdan gaçan gorpa ýykylar, gorpdan çykan duzaga düşer, çünki Meniň Mowap halkyny jezalandyrjak günlerim gelýär. Muny Reb aýdýandyr.


Bu zatlar üçin Men olary jezalandyrmarynmy? Munuň ýaly milletden, heý-de, öç almarynmy? Muny Reb aýdýandyr.


Bu zatlar üçin Men olary jezasyz galdyrarynmy? Janym beýle milletden öç almazmy?» Muny Reb aýdýandyr.


Öküzleriniň ählisini öldüriň, olar soýulmaga äkidilsin. Waý olaryň halyna! Çünki olaryň güni doldy, jeza pursady geldi.


Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Üzümiň soňky salkymynyň ýygnalyşy ýaly, Ysraýylyň aman galanlary hem soňkusyna çenli ýygnalar. Şonuň üçin üzüm ýygýançy deý eliňi soňky gezek şaha uzat».


Nejis işleri edenlerinde utandylarmy? Ýok, asla utanmadylar. Ýüz gyzarmanyň nämedigini hem bilmediler. Şonuň üçin hem olar-da heläk bolup, ýykylanlaryň arasyna ýykylarlar, jezalandyranymda ýer bilen ýegsan bolarlar. Muny Reb aýdýandyr.


Olaryň jeza günleri geldi. Olaryň hasap bermeli günleri ýetdi. Ysraýyl muny bilsin. Etmişleriniň agyr bolany üçin, ýigrenjiniň köplüginden, pygamberi „akmak“, Ruhdan dolanlary bolsa „däli“ saýdylar.


Ýakubyň nesli ot bolar, Ýusubyň zürýady alawa döner. Oduň samany ýakyşy ýaly, olar Ysawyň neslinden yz goýmaz. Ysawyň ilinden gutulany bolmaz. Çünki muny Reb aýtdy.


Iň gowusy tiken kimindir, iň dogruçyly tikenli germewden beterdir. Gözegçileriniň duýduryşy deý, olaryň jeza güni gelip ýetdi. Indi howsala düşýär olar.


Olar seni weýran edip, seniň içiňdäki çagalary gyryp taşlarlar. Sende daş üstünde daş goýmazlar, sebäbi sen Hudaýyň saňa gelen pursadyny saýgarmadyň».


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ