Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Ýermeýa 11:21 - Mukaddes Kitap

21 Şonuň üçin hem seniň janyňyň kastyna çykyp: «Sen Rebbiň adyndan pygamberlik etmeli dälsiň, ýogsam biziň elimizden ölersiň» diýýän anatot halky hakynda Hökmürowan Reb şeýle diýýändir.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

21 Шонуң үчин хем сениң җаныңың кастына чыкып: «Сен Реббиң адындан пыгамберлик этмели дәлсиң, ёгсам бизиң элимизден өлерсиң» диййән анатот халкы хакында Хөкмүрован Реб шейле диййәндир.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Ýermeýa 11:21
22 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Olar görgürlere: «Görmäň», pygamberlere: «Bize dogry zatlary pygamberlik etmäň, süýji sözler aýdyň bize, hileli zatlary pygamberlik ediň.


Bular benýamin topragyndaky Anatot obasynda ýaşaýan ruhanylaryň biri bolan Hilkiýanyň ogly Ýermeýanyň sözleridir.


Olar seniň garşyňa söweşerler, emma senden üstün çykmazlar. Çünki seni halas etmek üçin Men seniň bilendirin». Muny Reb aýdýandyr.


Men: «Ähli tarapdan howp abanýar! Üstünden arz ediň! Bizem arz edeliň!» diýen pyşyrdylary eşitdim. Ähli ýakyn dostlarym büdremegime göz dikip: «Belki, aldanar, şonda ýeňeris ony, ondan alarys arymyzy» diýýärler.


Ýermeýa Rebbiň ähli halka aýt diýip, özüne buýran zatlarynyň baryny aýdyp bolanynda, ruhanylar, pygamberler we ähli halk ony tutup: «Sen hökman ölersiň!


«Daýyň Şallumyň ogly Hanamel gelip, saňa şeýle diýer: „Meniň Anatotdaky ekin meýdanymy satyn al, sebäbi iň ýakyn garyndaşym bolanyň üçin, ony satyn almaga sen borçlusyň“».


janlarynyň kastyna çykan duşmanlarynyň eline bererin. Olaryň jesetleri guşlara we ýyrtyjy haýwanlara şam bolar.


«Emma nazyr bolana şerap içirdiňiz, pygamberlere „Pygamberlik etmäň!“ diýip buýruk berdiňiz.


Çünki ogly atasyny äsgermeýär, gyz enesine garşy gidýär, gelin gaýynenesiniň ýüzüni alýar, öz içeriňiz size duşmandyr.


Dogan doganyny, ata çagasyny ölüme tabşyrar. Çagalar hem ene-atalaryna garşy çykyp, olary öldürderler.


Kärendeçiler onuň hyzmatkärlerini tutup, birini ýenjýärler, başga birini öldürýärler, beýlekisini-de daşlaýarlar.


Başgalary bolsa onuň hyzmatkärlerini tutup azar berýärler, olary öldürýärler.


Ol ýene şeýle diýdi: «Size dogrusyny aýdýaryn, hiç bir pygamber öz ýurdunda kabul edilmeýär.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ