Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Ýermeýa 11:15 - Mukaddes Kitap

15 Köp pis işler edeninden soň, söýgüli halkymyň Meniň öýümde näme işi barka? Hatda Rebbe bagyş edilen et kömek etmez. Siz pislik etmekde şatlanýarsyňyz.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

15 Көп пис ишлер эденинден соң, сөйгүли халкымың Мениң өйүмде нәме иши барка? Хатда Реббе багыш эдилен эт көмек этмез. Сиз пислик этмекде шатланярсыңыз.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Ýermeýa 11:15
29 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Eý, Hudaý, meni halas eýleýän Hudaý! Döken ganymyň günäsinden Sen meni gutar, dilim Saňa – Halasgärime nagmalar aýdar.


Men çadyryňda baky mesgen tutaýyn, ganatlaryňyň astynda pena tapaýyn. Sela


Akmak ýamanlyga şatlanar, düşünjeli adam danalyga.


Erbetleriň gurbanlygy Rebbe ýigrenjidir, dogruçyllaryň dogasy-da Onuň guwanjydyr.


Ýaman iş edip şatlanýarlar, ýamanyň erbetligine guwanýarlar.


Erbetleriň gurbanlygy ýigrenjidir, eger ol ýaman niýet bilen getiren bolsa, ondanam beterdir.


Öz ýakynyny aldap: «Men oýun edýän ahyryn» diýýän adam gor, ok we ölüm ýagdyrýan kişi ýalydyr.


Kim kanuny diňlemezlik üçin gulagyny dykýan bolsa, onuň Hudaýdan dilegi-de ýigrenjidir.


Reb şeýle diýýär: «Ejeňiz talak zerarly gitdimi? Eýsem bergidar bolup satdymmy sizi? Ine, siz öz etmişleriňiz sebäpli satyldyňyz, siziň ýazyklaryňyz zerarly ejeňiz kowuldy.


Men halkymy terk etdim, mirasymy taşladym, jandan söýýän halkymy duşmanlarynyň eline berdim.


Meýdanda we depeleriň üstünde seniň eden nejis işleriňi: zynahorlygyňy, esräp kişňeýşiňi, haýasyz loluçylygyňy gördüm. Dat günüňe, eý, Iýerusalim! Tämizlenmegiň üçin, ýene näçe wagt gerek saňa?!»


Soňra Reb maňa şeýle diýdi: «Hatda Musa bilen Şamuwel huzurymda durup ýalbarsalar-da, ýüregim bu halka tarap öwrülmez. Halkymy huzurymdan kow, goý, gitsin!


«Git-de, şulary Iýerusalim halkyna jar et. Reb şeýle diýýär diý: „Men seniň ýaşlygyňdaky wepaňy, gelin wagtyňdaky söýgiňi ýatlaýan, çölde – ekin bitmeýän ýerde, Meniň yzyma eýerişiňi ýatlaýan.


«Pygamber-de, ruhany-da hudaýsyzdyr, olaryň pisligini hatda Öz öýümde-de gördüm. Muny Reb aýdýandyr.


Eý, biwepa halk, Maňa dolan, muny Men – Reb aýdýandyryn, çünki siziň hojaýynyňyz Mendirin. Men sizi bir-birden şäherden, iki-ikiden urugdan çykaryp, Siona getirerin.


Men ähli eden zynalary üçin biwepa Ysraýylyň talagyny berip, kowup goýberenimde hem onuň haýyn uýasy Ýahudanyň hiç gorkmandygyny, gaýtam onuň hem loly bolup, zyna edendigini gördüm.


Reb maňa şeýle diýdi: «Sen ýene git-de, aýalyňy getir. Oýnaşy bolsa-da, zyna etse-de, ony söý. Ine, ysraýyl halky-da başga hudaýlara köňül berip, butlara kişmişli külçeleri hödür etmegi halaýarlar. Emma Men şonda-da olary söýýärin».


Patyşa myhmanlary görmäge girende, onuň toý geýimini geýmedik bir adama gözi düşýär.


Ol Isany görende, gygyryp goýberdi. Onuň öňünde ýere ýüzin ýykylyp, batly ses bilen: «Eý, Isa, Beýik Hudaýyň Ogly! Meniň bilen näme işiň bar? Ýalbarýan, meni gynama» diýdi.


Ysraýyl halky Hoş Habary kabul etmän, Hudaýa duşman boldy. Bu bolsa başga milletler, ýagny siziň üçin bähbitli boldy. Ýöne ysraýyl halky şonda-da Hudaýyň saýlap-seçen halkydyr. Hudaý olary ata-babalarynyň haky üçin söýýändir.


Söýgi ýamanlyga şatlanmaýar, ol hakykata şatlanýandyr.


Kalby päkler üçin hemme zat päkdir, ýöne azgynlar we iman getirmedikler üçin ýekeje-de päk zat ýokdur. Olaryň aň-düşünjeleri-de, ynsaplary-da murdar bolandyr.


Siz bolsa öz tekepbirligiňiz bilen öwünýärsiňiz. Beýle öwünmeleriň bary erbetlikdir.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ