Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Ýermeýa 10:5 - Mukaddes Kitap

5 Olaryň butlary ekin garantgasy ýaly, gepläp bilýän däldirler. Ýöräp bilmeýändikleri üçin olary göterip äkitmelidir. Olardan gorkmaň: Çünki olar ne ýamanlyk ederler, ne-de ýagşylyk».

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

5 Оларың бутлары экин гарантгасы ялы, гепләп билйән дәлдирлер. Йөрәп билмейәндиклери үчин олары гөтерип әкитмелидир. Олардан горкмаң: Чүнки олар не яманлык эдерлер, не-де ягшылык».

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Ýermeýa 10:5
16 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Şeýdip, olar özlerine berlen öküzi alyp taýýarlap, ertirden günortana çenli Bagaldan dileg edip, gygyryşyp: «Eý, Bagal, bize jogap ber!» diýip, özleriniň guran gurbanlyk sypasynyň töwereginde bökjekleşip, tans etmeklerini dowam etdiler, ýöne ses-üýn bolmady, jogap beren-de bolmady.


Rebbiň Amazýa gahary gelip, onuň ýanyna bir pygamber iberdi. Pygamber Amazýa: «Näme üçin sen öz halkyny seniň eliňden halas edip bilmedik halkyň taňrylaryna sežde edýärsiň?» diýdi.


Mowaplylar seždegählerine çykyp, özlerini tapdan düşürýärler; öz mukaddes ýerlerine dileg etmäge gidýärler, ýöne bu hiç peýda bermez.


Eý, milletlerden gaçyp gutulanlar, toplanyň, bir ýere toplanyň, birek-birege ýakynlaşyň! Agaç butlary göterip gezýänler, halas edip bilmeýän hudaýdan dileg edýänleriň bilýän zady ýokdur.


Bel hudaýy dyza çökýär, Nebo hudaýy egilýär, heýkelleri öküzlere ýüklenýär; daşaýan zatlaryňyz agyr ýük deý, ýadaw haýwanlara ýüklenilýär;


Ony gerişlerine alyp göterýärler, ýerinde goýýarlar, ol şol ýerde durýar, ýerinden gozganyp bilmeýär. Jogap bermeýär oňa perýat edenlerinde, hiç bir beladan gutarmaýar.


Her bir adam akmak hem nadandyr, her zergär ýasan butlaryndan uýada galar, olar ýasalandyr, olarda jan ýokdur.


Agaja: «Oýan!», dilsiz daşa: «Tur!» diýýäniň, dat gününe! But ýol görkezip bilermi? Altyn-kümşe gaplanandyr ol, ýöne içinde jany bolmaz.


Ýadyňyzdamy, siz butparazkaňyz, dilsiz-agyzsyz butlaryň täsirine düşüp, olara eýerýärdiňiz.


Şunlukda, butlara gurbanlyk berlen eti iýip-iýmezlik barada şuny aýtmakçy. Siziň: «But aslynda hiçdir. Ýeke-täk bir Hudaý bardyr» diýýäniňiz dogrudyr.


Ol ýerde siz adamlar tarapyndan ýasalan hudaýlara, agaçdan we daşdan ýasalan, ne görýän, ne eşidýän, ne iýýän, ne-de ys alýan başga hudaýlara gulluk edersiňiz.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ