Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Ýermeýa 10:25 - Mukaddes Kitap

25 Gazabyňy dök Seni tanamaýan milletleriň, adyňy çagyrmaýan halklaryň üstünden. Çünki olar Ýakubyň neslini ýalmadylar, ony ýuwudyp, ýok etdiler, mekanyny weýran etdiler.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

25 Газабыңы дөк Сени танамаян миллетлериң, адыңы чагырмаян халкларың үстүнден. Чүнки олар Якубың неслини ялмадылар, оны ювудып, ёк этдилер, меканыны вейран этдилер.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Ýermeýa 10:25
28 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Şeýle bolýandyr erbediň kysmaty, Hudaýy tanamaýanyň mesgeni şudur».


onuň nazarynda ret edilen ýigrenji, emma sylaýandyr Rebden gorkýany; eden ähti zyýanyna bolsa-da, ondan dänmeýän;


Saňa dat-perýat eden wagtymda, iň mukaddes otagyňa tarap ellerimi galdyranymda, ýalbaryşlarymyň sesini eşit.


Emma sen, eý, Ýakup, çagyrmadyň Meni, eý, Ysraýyl, Menden irdiň sen!


Seniň adyňy tutýan, Saňa daýanjak bolup, oýanýan ýok; Sen ýüzüňi gizlediň bizden, bizi ýazyklarymyzyň ygtyýaryna berdiň.


gündogardan siriýalylary, piliştlileri günbatardan. Olar Ysraýyly ýuwudarlar, agyzlaryny açarlar-da. Ýöne Rebbiň gazaby sönmändi şonda-da, eli entek-de jeza bermäge taýyn.


Emma seni iýenleriň ählisi iýler, ähli duşmanlaryň sürgün ediler, seni talanlar talanarlar, olja alanlar olja bolarlar.


Ysraýyl arslanlar kowalap dargadan goýun sürüsine meňzeýär. Ony ilki Aşur patyşasy ýuwutdy, Babyl patyşasy Nebukadnesar soňra onuň süňklerini gemirdi».


Kim tapsa iýdi olary. Duşmanlary diýdiler: „Biz ýazykly däl, sebäbi olar hakykat örüsi bolan Rebbe garşy, atalarynyň umydy bolan Rebbe garşy günä etdiler“.


Duşman atlarynyň horruldysy Dandan eşidilýär, bedewleriniň kişňemesinden tutuş ýer ýüzi titreýär. Olar bu ýurdy, onuň içindäki ähli zatlary, şäheri hem onda ýaşaýanlary ýok etmäge geldiler.


Çar tarapdan maňa howp salanlary çagyrdyň, baýramçylyk günündäki kimin olary üýşürdiň. Rebbiň gahary gelen güni hiç kim gaçyp gutulmady, olaryň arasyndan diri galany bolmady, söýüp ulaldan çagalarymy duşmanym heläk etdi.


Rebden ýüz öwrenleri, Rebbi agtarmaýanlary, Ondan maslahat almaýanlary bu ýerden ýok ederin».


Munuň üçin Reb şeýle diýýär: «Siz Maňa garaşyň, halklara höküm etjek günüme çenli garaşyň. Çünki Meniň kararym milletleri toplap, patyşalyklary bir ýere jemläp, gaharymy, lowlaýan gazabymy başlaryndan indermekdir. Gabanjaň gazabymyň ody bütin dünýäni ýakyp kül eder.


Men Öz halkymy diňe ýeňil jezalandyrmakçydym, emma asudalykda biperwaý oturan bu halklar olaryň başyna düşen külpeti has hem artdyrdylar. Indi bu halklara Meniň gaty gaharym gelýär“».


Eý, adalatly Ata, dünýä Seni tanamaýar, emma Men Seni tanaýaryn. Bu adamlar hem Meni Seniň iberendigiňi bilýärler.


Men bütin şähere aýlanyp çykyp, siziň ybadat edýän zatlaryňyzy gözden geçirdim. Bu zatlaryň arasyndan „NÄTANYŞ HUDAÝA“ diýen ýazgyly bir gurbanlyk sypasyny gördüm. Ine, men size özüňiziň tanamazdan sežde edýän Hudaýyňyz barada gürrüň bermekçi.


Akylyňyza aýlanyň, günä etmegi bes ediň. Siziň araňyzda Hudaýy tanamaýanlar hem bar. Men muny sizi utandyrmak üçin aýdýaryn.


Hudaýy tanamaýan milletler ýaly öz bedeniňizi haram keýpe bermäň;


Şondan soň men ybadathanadan ýedi perişdä: «Gidiň-de, Hudaýyň gazabyndan doly ýedi käsäni ýeriň ýüzüne döküň!» diýen batly sesi eşitdim.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ