Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Ýermeýa 10:22 - Mukaddes Kitap

22 Diňläň, bir habar gelýär! Ýahuda şäherlerini harabalyga, şagallar sürenine öwürmek üçin demirgazyk ýurtdan uly gopgun gelýär.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

22 Диңләң, бир хабар гелйәр! Яхуда шәхерлерини харабалыга, шагаллар сүренине өвүрмек үчин демиргазык юртдан улы гопгун гелйәр.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Ýermeýa 10:22
16 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Köşklerinde tikenler, galalarynda çitçitidir bürmekler gögerer, şagallaryň mekanyna, düýeguşlaryň mesgenine öwrüler.


Reb maňa şeýle diýdi: «Ýurduň ähli ilatynyň üstüne demirgazykdan betbagtlyk iner.


Ine, Men demirgazykdaky ähli milletleri çagyrýaryn, muny Men – Reb aýdýandyryn. Olaryň patyşalarynyň ählisi gelip, özleriniň tagtyny Iýerusalim derwezeleriniň girelgesinde, onuň daş-töweregindäki diwarlarynyň we Ýahudanyň ähli şäherleriniň garşysynda gurarlar.


Arslanlar oňa garşy arladylar, seslerine bat berdiler. Ysraýyl ýurduny weýran etdiler, şäherlerini haraba öwürdiler, ol ýerde bir adam-da galmady.


Men-de bütin demirgazyk tireleri bilen Babyl patyşasy bolan bendäm Nebukadnesary çagyraryn. Muny Reb aýdýandyr. Olary bu ýurduň, onuň ilatynyň, daş-töwerekdäki ähli milletleriň üstüne alyp gelerin. Bu halklary bütinleý ýok edip, bu ýurdy howpa, ryswaçylyga we ebedilik harabaçylyga öwrerin.


Çünki Dandan bir ses eşidilýär, Efraýym dagyndan ölüm habary gelýär».


Siona tarap ýoly görkezýän bir nyşan goýuň, gaçyp gutulyň, eglenmäň! Çünki Men demirgazykdan bela, äpet betbagtlyk indererin.


Hasor şagallaryň sürenine we ebedi harabaçylyga öwrüler. Ol ýerde-de ýeke adam galmaz, hiç bir ynsan ýaşamaz».


«Eý, ysraýyl halky, siziň üstüňize uzak ýurtdan bir milleti çozdurjak. Ol güýçli hem gadymy milletdir. Sen ol milletiň dilini bilmersiň, näme aýdýanyna düşünmersiň. Muny Reb aýdýandyr.


«Eý, benýamin halky, janyňyzy halas etmek üçin Iýerusalimden gaçyň! Tekowada surnaý çalyň, Beýthakeremde bir nyşan dikiň, çünki demirgazykdan bir betbagtlyk, äpet weýrançylyk ýetip gelýär.


Reb şeýle diýýär: «Ine, demirgazyk ýurtdan bir halk gelýär, ýeriň ujundan bir beýik millet aýaga galýar.


Men Iýerusalimi weýran edip, şagallar sürenine öwrerin. Ýahuda şäherlerini ilatsyz goýup, harabaçylyga öwrerin.


Siona barýan ýollar ýas baglaýar, çünki baýramçylygyna gelýän ýok. Ähli derwezeleri çolaryp galan, ruhanylary ahy-nala çekýär. Gaýgy-hasrat çekýär ýaş gyzlary, özi hem gam-gussa batýar.


Ýurduň halkyna, Iýerusalim ilatyna we ysraýyl halkyna Hökmürowan Reb şeýle diýýär diý: „Olar çöreklerini gorky bilen iýip, suwlaryny howp astynda içerler, sebäbi ol ýerde ýaşaýanlaryň eden zorlugy zerarly ýurt çolaryp galar.


emma Ysawy ret etdim. Onuň daglaryny weýran etdim, mülküni çöl şagallaryna berdim».


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ