Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Ýermeýa 10:21 - Mukaddes Kitap

21 Çünki azaşdylar çopanlar akylyndan, Rebbi agtarmadylar. Şonuň üçin bolmady ugruna işleri, dargady ähli sürüleri.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

21 Чүнки азашдылар чопанлар акылындан, Ребби агтармадылар. Шонуң үчин болмады угруна ишлери, даргады әхли сүрүлери.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Ýermeýa 10:21
18 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Her bir adam akmak hem nadandyr, her zergär ýasan butlaryndan uýada galar, olar ýasalandyr, olarda jan ýokdur.


Olaryň bary akmak hem akylsyzdyr. Biderek butlardan tälim alýarlar, olar guran agaçdan ýasalandyr!


Köp çopanlar üzüm bagymy weýran etdiler, ekin meýdanymy depeläp tozdurdylar, ajaýyp mellegimi takyr çöle öwürdiler.


Ruhanylar: ‘Reb hany?’ diýip soramadylar. Kazylar Meni tanamadylar, ýolbaşçylar Maňa garşy pitne turuzdylar, pygamberler Bagal butunyň adyndan pygamberlik edip, biderek zatlaryň yzyna eýerdiler.


Reb şeýle diýýär: «Bu adamy zürýatsyz, ömründe işi oňuna bolmajak adam diýip ýazyň. Çünki indi onuň neslinden hiç kimiň işi oňuna bolmaz, hiç biri Dawut tagtynda oturmaz we Ýahudada höküm sürmez».


Olaryň düýeleri talanyp, köp mallary olja alnar. Saç-sakgallaryny gyrkan bu adamlary Men çar tarapyň ýeli bilen dargadaryn, her ýandan başlaryna betbagtlyk indererin. Muny Reb aýdýandyr.


pygamberler galp pygamberlik edýärler, ruhanylar olaryň görkezmesi bilen dolandyrýarlar. Meniň halkym bolsa muny söýýär. Emma bu zatlaryň soňy gelende näme edersiňiz?»


Ysraýyl arslanlar kowalap dargadan goýun sürüsine meňzeýär. Ony ilki Aşur patyşasy ýuwutdy, Babyl patyşasy Nebukadnesar soňra onuň süňklerini gemirdi».


Akyldarlar utanja galdylar, howp içinde duzaga düşdüler. Olar Rebbiň sözüni ret etdiler. Olarda näme pähim bar?


Dargan goýunlarynyň arasynda galan çopan sürüsine nähili ideg, gözleg edýän bolsa, Men-de goýunlaryma şonuň ýaly ideg ederin. Gara bulutly, tüm garaňkylyk güni Men olary ähli dargadylan ýerlerinden halas ederin.


Çopanlara garşy tutaşdy gaharym, baştutanlary jezalandyraryn. Hökmürowan Reb Öz sürüsiniň – Ýahuda nesliniň aladasyny eder, olary buýsançly söweş aty kimin eder.


Eý, gylyç, oýan çopanymyň garşysyna! Oýan ýakynymyň garşysyna. Muny Hökmürowan Reb aýdýandyr. Çopany ur, goý, dargasyn goýunlar. Men elimi kiçileriň garşysyna galdyraryn.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ