Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Ýermeýa 10:16 - Mukaddes Kitap

16 Emma Ýakubyň paýy beýle däldir, çünki ähli zatlary ýaradan Hudaýdyr, Ysraýyl tiresi Onuň mirasydyr, Onuň ady Hökmürowan Rebdir.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

16 Эмма Якубың пайы бейле дәлдир, чүнки әхли затлары ярадан Худайдыр, Ысрайыл тиреси Онуң мирасыдыр, Онуң ады Хөкмүрован Ребдир.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Ýermeýa 10:16
28 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Beýik gudratlary edýän diňe Oldur, Onuň söýgüsi baky.


Gadymky günleri ýada salýaryn, Seniň ähli edenleriň barada oýa batýaryn, Seniň elleriňiň işi barada pikir edýärin.


Oňa nazar salyň, nurlanarsyňyz, asla utandyrylmaz siziň ýüzüňiz.


Eý, Hudaý, Saňa şükür edýäris, Sen Öz barlygyňy aýan edýäň, şükür edýäris, Biz Seniň gudratlaryň hakda aýdýarys.


Şonuň üçin hem indi siz Meniň sözüme boýun bolup, Meniň ähtimi saklasaňyz, ähli halklaryň arasynda siz Meniň Öz saýlan halkym bolarsyňyz, çünki tutuş zemin Meniňkidir.


Ol: «Eý, Taňry, eger men Seniň öňüňde merhemet tapan bolsam, goý, onda Taňrym biziň bilen gitsin. Bu halk boýnuýogyn bolsa-da, biziň etmişimizi, günämizi bagyşla we bizi Öz mirasdaryň edip al» diýdi.


Reb ähli zady bir maksadyna döretdi, hatda erbedi hem ýaman gün üçin.


Hökmürowan Reb: «Halkym Müsür, Öz elimiň işi bolan Aşur we mirasym Ysraýyl ýalkansyn!» diýip, olara ak pata berer.


Nury, garaňkylygy ýaradýan Mendirin, abadançylygy, betbagtçylygy getirýän-de Mendirin; bularyň hemmesini Men – Reb edýändirin.


Penakärimiz Ysraýylyň Mukaddesidir, Hökmürowan Rebdir ady.


Halkyma gaharlandym, mirasymy harlap, seniň eliňe berdim; sen olara rehim etmediň; hatda gojalara-da agyr boýuntyryk atdyň.


Tolkunlary uwlasyn diýip, deňzi çaýkaýan Hudaýyňyz Reb Mendirin». Onuň ady Hökmürowan Rebdir.


Ýaradyjyň seniň äriňdir, Onuň ady Hökmürowan Rebdir; Ysraýylyň Mukaddesi Penakäriňdir, Oňa bütin dünýäniň Hudaýy diýilýär.


Ýeri Öz gudraty bilen ýaradan Rebdir. Ol paýhasy bilen dünýäni berkarar etdi, akyly bilen gökleri ýaýdy.


Saňa meňzeş ýokdur, ýa Reb. Sen beýiksiň, gudratda adyň beýikdir.


Gündizine yşyk bolsun diýip, Güni beren, gijesine yşyk bolsun diýip, Aýyň we ýyldyzlaryň kanunlaryny düzen, tolkunlar güwwüldeşer ýaly, deňzi öjükdiren Reb, ady Hökmürowan Reb şeýle diýýär:


Sen müňlerçe ynsanlara sadyk söýgiňi görkezýärsiň, emma atalaryň etmişiniň jezasyny olaryň çagalaryna çekdirýärsiň. Eý, beýik we gudratly Hudaý! Seniň adyň Hökmürowan Rebdir.


«Ýeri ýaradan, oňa şekil berip, berkarar eden, ady Reb Bolan şeýle diýýär:


Ady Hökmürowan Reb bolan Patyşa şeýle diýýär: „Öz barlygymdan ant içýärin: biri geler – ol daglar içinde beýik Tabor dagy kimindir, deňiz ýakasyndaky Karmel dagy deýdir.


Emma Ysraýylyň Penakäri güýçlüdir, Onuň ady Hökmürowan Rebdir. Ol Ysraýylyň işini derňäp, ýurda rahatlyk berer, emma Babylyň ilatyna biynjalyk berer».


Emma Ýakubyň paýy beýle däldir, çünki ähli zatlary ýaradan Hudaýdyr, Ysraýyl tiresi Onuň mirasydyr, Onuň ady Hökmürowan Rebdir.


Janym diýýär: «Reb meniň paýymdyr. Şoňa görä Oňa intizardyryn».


Çünki daglara şekil beren, ýeli ýaradyp, Öz pikirlerini ynsanlara aýan eden, daň şapagyny garaňkylyga öwren, dünýäniň belent ýerlerine aýak basan Oldur, Onuň ady Reb Hökmürowan Hudaýdyr!


Reb mukaddes toprakda Öz paýy hökmünde Ýahudany mülk edip alar we ýene Iýerusalimi saýlar.


Öz halkydyr Rebbiň paýy, öz paýy üçin Ýakuby miras aldy Ol.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ