Milletleriň butlarynyň arasynda ýagyş ýagdyryp bilýäni barmy? Asman çabga ýagdyryp bilermi? Muny diňe Sen edip bilýärsiň, ýa Beýik Hudaýymyz! Bularyň baryny edýän Sensiň. Sendedir umydymyz!
Emma halkym bolsa Meni terk etdi, biderek hudaýlara tütetgi ýakdy. Bu hudaýlar olaryň gitjek ýollarynda, owalky ýollarda büdremeklerine sebäp boldular. Olar çarkandakly ýoldan ýöräp, dogry ýoly terk etdiler.
Men Müsür hudaýlarynyň buthanalaryny oda ýakaryn. Babyl patyşasy butlaryň käbirini ýandyrar, käbirini-de ýany bilen äkider. Bir çopan öz ýapynjasyny bürelerden nähili tämizleýän bolsa, Müsür ýurduny hem şeýle tämizlär. Soňra Babyl patyşasy ýerden sag-aman çykar.
«Milletler arasynda yglan ediň, olara eşitdiriň, bir baýdak dikiň. Hiç zady gizlemän, şuny jar ediň: „Babyl basylyp alyndy, Bel hudaýy utanja galdy, Merodak hudaýy bölek-bölek edildi. Onuň heýkelleri masgara boldy, nejis butlary parçalandy“.
Nejis işleri edenlerinde utandylarmy? Ýok, asla utanmadylar. Ýüz gyzarmanyň nämedigini hem bilmediler. Şonuň üçin hem olar-da heläk bolup, ýykylanlaryň arasyna ýykylarlar, jezalandyranymda ýer bilen ýegsan bolarlar. Muny Reb aýdýandyr.
Ine, eziz halkymyň perýady ýeriň aňry ujundan eşidilýär: «Reb Sionda dälmidir? Onuň Patyşasy ol ýerde dälmi?» «Näme üçin olar özleriniň ýigrenji zatlary, özge nejislikleri bilen gaharymy getirdiler?»
Olaryň jeza günleri geldi. Olaryň hasap bermeli günleri ýetdi. Ysraýyl muny bilsin. Etmişleriniň agyr bolany üçin, ýigrenjiniň köplüginden, pygamberi „akmak“, Ruhdan dolanlary bolsa „däli“ saýdylar.
Şol gün Men ýurtdan butlaryň atlaryny öçürip taşlaryn. Muny Hökmürowan Reb aýdýandyr. Mundan beýläk olar ýatlanylmaz. Ýalan pygamberleri-de, erbet ruhy-da ýurtdan çykararyn.
«Adamlar! Näme üçin beýle edýärsiňiz? Biz hem size meňzeş ynsandyrys. Size Hoş Habar alyp geldik. Indi bu boş zatlardan el çekiň-de, ýeri, gögi, deňzi we olardaky ähli zady ýaradan diri Hudaýa tarap dolanyň.
Olar hudaý bolmadyklar bilen Meni gabandyrdylar, boş butlar bilen gaharymy getirdiler. Men hem millet bolmadyklar bilen olary gabandyraryn, akmak bir halk bilen olaryň gaharyny getirerin.
Olar ertesi irden turup görseler, Dagon buty ýene Rebbiň sandygynyň öňünde ýüzin düşüp ýatan eken. Bu sapar Dagonyň kellesi hem-de iki eli döwlüp, bosagada ýatyrdy, onuň diňe göwresi abat galypdy.