Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Ýermeýa 10:12 - Mukaddes Kitap

12 Ýeri Öz gudraty bilen ýaradan Rebdir. Ol paýhasy bilen dünýäni berkarar etdi, akyly bilen gökleri ýaýdy.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

12 Ери Өз гудраты билен ярадан Ребдир. Ол пайхасы билен дүнйәни беркарар этди, акылы билен гөклери яйды.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Ýermeýa 10:12
38 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

ýer ýüzünde heniz gyrymsy agaç ýokdy, gök ot hem bitmändi, çünki Hudaýymyz Reb ýere ýagyş ýagdyrmandy we ýeri bejermek üçin entek hiç kimi ýaratmandy, emma ýeriň astyndan çykan suw tutuş topragy suwarardy.


Halklaryň bar hudaýlary ýöne bir butdur, emma gökleri Reb ýaradandyr.


Hudaý gökleri boşlugyň üstüne ýazýar, ýeri-de hiç zatdan asýar.


guýma bürünç aýna dek berk bolan asmany Hudaý bilen bile guýup bilermiň?


Onuň ýeke Özi gögi ýaratdy, Ol deňiz tolkunlarynyň üstünde gezýär.


Oňa nagma aýdyň, Ony şöhratlandyryň, ähli gudratly işleri barada siz gürrüň beriň.


Reb Öz halkyny juda köpeltdi, olary duşmanlaryndan kuwwatly etdi.


Eý, Hudaýym, men Saňa bil baglaýan; men utanja galmaýyn; duşmanlarym menden üstün çykmasyn.


Oňa nazar salyň, nurlanarsyňyz, asla utandyrylmaz siziň ýüzüňiz.


Ol kuwwaty arkaly höküm sürýär ebedi, milletlere garaýar Onuň gözleri; goý, pitneçiler baş galdyrmasyn. Sela


Ýa Reb, öç alýan Hudaý, nuruňy saç, eý, öç alýan Hudaý!


Reb danalyk bilen jahany bina etdi; düşünje bilen gökleri ýerleşdirdi.


Kim göge çykyp, aşak indi? Ýeli owujynda toplan kim? Suwlary geýiminde oran kim? Kim ýeriň ähli uçlaryny berkarar etdi? Onuň ady näme? Onuň oglunyň ady näme? Bilýäňmi näme?


«Eý, keruplaryň üstünde tagt guran Ysraýyl Hudaýy Reb! Bütin dünýäniň patyşalyklarynyň Hudaýy Sensiň, Sen ýeke-täksiň. Ýeri-gögi ýaradan-da Sensiň.


Zemin gümmezinde oturýan Oldur, ýerde ýaşaýanlar çekirtgeler kimindir, gökleri perde kimin gerip, ýaşamak üçin çadyr kimin ýazýan Oldur.


Gökleri ýaradyp, olary geren, ýeri we ondakylary ýaýan, ondaky ynsanlara dem beren, onda gezýänlere jan beren Hudaý şeýle diýýär:


Size ýatgyda şekil beren Penakäriňiz Reb şeýle diýýär: «Ähli zady ýaradan, gökleri ýeke Özi ýaýradan, ýalňyz Özi ýeri ýazan,


Men ýeri döretdim, onda ynsanlary ýaratdym; ellerim gökleri gerdi, asman jisimlerine buýruk berdim.


Gökleri ýaradan, Ol Hudaý, dünýäni ýaradan, oňa şekil beren, ony berkiden, boş bolmasyn, adamly bolsun diýen Reb şeýle diýýär: «Men Rebdirin, Menden başga hiç kim ýokdur».


Ýeriň binýadyny goýan Meniň elimdir, Meniň sag elimdir gökleri ýaýradan; bary birlikde öňümde durýarlar, olary çagyranymda».


Reb şeýle diýýär: «Merhemet görkezjek döwrümde saňa jogap bererin, kömek ederin halas etjek günümde; seni goraryn, halka äht hökmünde bererin seni sen ýurdy täzeden dikeldersiň, çolaryp galan mülki paýlarsyň.


Ol gürlände, şaglaýar gökdäki suwlar, göterilýär ýeriň uçlaryndan bulutlar. Ýagyş üçin ýyldyrymlar çakdyrýar, ammarlaryndan şemal öwüsdirýär.


Emma Ýakubyň paýy beýle däldir, çünki ähli zatlary ýaradan Hudaýdyr, Ysraýyl tiresi Onuň mirasydyr, Onuň ady Hökmürowan Rebdir.


Milletleriň butlarynyň arasynda ýagyş ýagdyryp bilýäni barmy? Asman çabga ýagdyryp bilermi? Muny diňe Sen edip bilýärsiň, ýa Beýik Hudaýymyz! Bularyň baryny edýän Sensiň. Sendedir umydymyz!


„Men dünýäni, ýer ýüzünde ýaşaýan ynsanlardyr haýwanlary beýik gudratym hem güýjüm bilen ýaratdym. Olary göwnümiň islän kişisine bererin.


«Eý, Hökmürowan Reb! Beýik gudratyň we güýjüň bilen ýeri we gögi ýaratdyň. Seniň üçin hiç bir kyn zat ýok.


Pygamberlik sözi. Bu Rebbiň Ysraýyl hakyndaky sözüdir. Gögi ýaýan, ýeri esaslandyran we ynsan ruhuny ýaradan Reb şeýle diýýär:


Tutuş barlyk Söz arkaly ýaradyldy, ýaradylan zatlaryň hiç biri Onsuz ýaradylmady.


Çünki ähli zatlar Ol arkaly ýaradylandyr. Gökdäki we ýerdäki, görünýän hem görünmeýän zatlary: tagtlardyr häkimiýetleri, hökümdarlary we erk-ygtyýarlylary – baryny Ol ýaratdy. Hemme zat Ol arkaly we Onuň üçin ýaradyldy.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ