Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Ýermeýa 1:9 - Mukaddes Kitap

9 Soňra Reb elini uzadyp, agzyma degirdi we maňa şeýle diýdi: «Ine, Men sözlerimi seniň agzyňa saldym.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

9 Соңра Реб элини узадып, агзыма дегирди ве маңа шейле дийди: «Ине, Мен сөзлерими сениң агзыңа салдым.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Ýermeýa 1:9
22 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Dilimi kesgir gylyç kimin etdi, meni eliniň kölegesinde gizledi; ýiti ok edip, Öz sagdagynda ýaşyrdy meni.


Mejalsyzlara söz bilen ýardam ederim ýaly Hökmürowan Reb maňa dana dil berdi. Ol dana adamlar deý diňlesin diýip, gulagymy oýarýar her säher.


«Sözlerimi agzyňa saldym, seni elimiň kölegesinde gizledim; gökleri berkarar etdim, ýeriň düýbüni tutdum, Siona: „Sen Meniň halkymsyň“ diýdim».


«Meniň bolsa, olar bilen edýän ähtim, ine, şudur: üstüňizdäki Ruhum, agzyňyza salan sözlerim şu günden ebedä çenli öz diliňizden, zürýatlaryňyzyň dilinden, zürýatlaryňyzyň zürýatlarynyň dilinden düşmesin». Muny Reb aýdýandyr.


Munuň üçin Reb şeýle diýýär: «Eger toba etseň, seni ýene kabul edip, huzurymda durzaryn. Eger biderek sözleri däl-de, gymmatly sözleri aýtsaň, Meniň dilim bilen geplärsiň. Bu halkyň özi saňa tarap öwrüler, emma sen olara tarap öwrülmersiň.


Şeýdip, Ýermeýa pygamber bu sözleriň baryny Iýerusalimde Ýahuda patyşasy Sidkiýa ýetirdi.


«Özüňe düýrlenen kagyz al-da, Ýoşyýanyň döwründe seniň bilen gepleşen günümden tä şu güne çenli Ysraýyl, Ýahuda we ähli milletler hakynda saňa aýdanlarymyň baryny ýaz.


Munuň üçin Hökmürowan Beýik Hudaý şeýle diýýär: «Şeýle sözleri aýdandyklary üçin, sözlerimi agzyňda alawa öwrerin. Bu halky bolsa odun ederin, ot olary ýandyryp ýok eder».


Ol maňa ýene-de şulary diýdi: «Eý, ynsan ogly! Meniň saňa aýdýan ähli sözlerime gowuja gulak goý we ýüregiňe ornaşdyr.


Şonda bir el maňa galtaşyp, dyzyma galdyrdy.


Şol wagt ynsana meňzeş biri dodaklaryma elini degirdi. Men agzymy açyp geplemäge başladym, öňümde durana ýüzlenip, şeýle diýdim: «Eý, jenabym, bu görnüş zerarly men dert çekdim, mende güýç-kuwwat galmady.


Reb Bilgamyň agzyna aýtmaly sözlerini salyp: «Ballagyň ýanyna bar we oňa şulary aýt» diýdi.


Ýöne olar sizi eltip tabşyranlarynda, siz näme ýa-da nädip aýtjakdygyňyzy gaýgy etmäň. Size näme aýtmalydygyňyz şol wagtyň özünde berler.


Isa ol adamy mähelläniň içinden bir çete çykaryp, barmaklaryny onuň gulaklaryna sokdy, tüýkürip, onuň diline elini degirdi.


Mukaddes Ruh size näme diýmelidigiňizi şol pursadyň özünde öwreder».


Munuň üçin Men size söz hem akyldarlyk bererin. Size garşy çykýanlaryň hiç biri muňa ne garşy durup biler, ne-de bir zat aýdyp biler.


Horep dagynda üýşen günüňiz, siz Hudaýyňyz Rebden haýyş edip: „Hudaýymyz Rebbiň sesini mundan artyk eşitmäli we bu beýik ody indi görmäli, ýogsam biz öleris“ diýipdiňiz.


Men olar üçin öz halkynyň arasyndan seniň ýaly pygamber çykararyn. Meniň buýran zatlarymyň ählisini halka aýdar ýaly, Men sözlerimi pygamberiň agzyna salyp bererin.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ