Hudaý oňa: «Seniň bilen boljak Mendirin. Sen halky Müsürden çykaryp getireniňde, Maňa şu dagda sežde edersiňiz. Bu bolsa seni Meniň ýollandygymyň nyşany bolar» diýdi.
Emma Reb batyr söweşiji kimin meniň bilendir, şonuň üçin meni yzarlaýanlar büdrärler, ýeňip bilmezler. Üstünlik gazanyp bilmändikleri üçin, olar erbet utanja galarlar. Olaryň utanjy ebedilik bolar, hiç wagt unudylmaz.
Men seniň bilendirin, Men seni halas ederin. Seni aralaryna dargadan milletlerimiň baryny ýok etsem-de, seniň soňuňa çykmaryn. Saňa adalatly temmi bererin, emma jezasyz-da galdyrmaryn». Muny Reb aýdýandyr.
Babyl patyşasyndan gorkmaň. Siz ondan gorkýardyňyz, emma indi ondan gorkmaň. Muny Reb aýdýandyr. Çünki sizi halas etmek we onuň elinden gutarmak üçin Men siziň bilendirin.
Patyşa: «Emma men oduň içinde gezip ýören, el-aýagy çözülen dört adamy görýärin. Olara hiç hili zeper ýetmändir we olaryň dördünjisiniň keşbi hudaýlaryň biriniňkä meňzeýär» diýdi.
Mejlis agzalary Petrus bilen Ýohannanyň batyrgaýlygyny görenlerinde we olaryň okuw okamadyk bir ýönekeý adamlardygyny bilenlerinde haýran galdylar, olaryň Isanyň şägirtleridigine göz ýetirdiler.
Dözümli we mert boluň! Olardan gorkmaň, dowla düşmäň, sebäbi siziň bilen gitjek hut Hudaýyňyz Rebbiň Özüdir. Ol sizi hiç wagt ýeke taşlamaz, terk etmez».
Ömrüňiň bütin dowamynda hiç kim seniň garşyňda durup bilmez. Musa bilen bolşum ýaly, Men seniň bilen hem bile bolaryn. Senden hiç wagt bir ädim-de daşlaşmaryn, hiç wagt seni ýeke taşlamaryn.
Men saňa şeýle buýruk berýändirin: dözümli hem mert bol! Gorkma we dowla düşme, çünki sen nirä gitseň-de, nirede bolsaň-da, Hudaýyň Reb seniň bilendir!»