Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Ýermeýa 1:7 - Mukaddes Kitap

7 Emma Reb maňa şeýle diýdi: «Sen özüňe ýaş oglan diýme. Kimiň ýanyna ibersem, gidersiň; näme buýursam, şony aýdarsyň.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

7 Эмма Реб маңа шейле дийди: «Сен өзүңе яш оглан дийме. Кимиң янына иберсем, гидерсиң; нәме буюрсам, шоны айдарсың.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Ýermeýa 1:7
20 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Mikaýa: «Rebden ant içýärin, Reb maňa näme diýse, men şony hem aýdaryn» diýdi.


Indi, eý, Hudaýym Reb, Sen guluň–meni kakam Dawudyň ýerine patyşa etdiň. Men ýolbaşçylyk etmäge ukyby bolmadyk, tejribesiz, ýaş oglandyryn.


Mikaýa: «Rebden ant içýärin, Hudaýym maňa näme diýse, men şony hem aýdaryn» diýdi.


Reb Musa: «Men Rebdirin. Meniň saňa aýdýanlarymyň hemmesini Müsüriň patyşasy faraona ýetir» diýdi.


«Reb şeýle diýýär: Rebbiň öýüniň howlusynda dur-da, sežde etmek üçin Ýahuda şäherlerinden ol ýere gelen her kese aýt. Saňa aýtmagy buýran sözlerimiň ýekejesini-de gaçyrman, baryny olara ýetir.


Ýermeýa tutuş halka özleriniň Hudaýy Rebbiň sözlerini, olaryň Hudaýy Rebbiň öz üsti bilen iberen sözleriniň baryny doly ýetirende,


Sen olara şu sözleriň baryny aýdarsyň, emma olar seni-de diňlemezler. Sen olary çagyrarsyň, emma olar jogap bermezler.


Olar seni isle diňlesinler, isle diňlemesinler, olara sözlerimi aýt, çünki olar pitneçi halkdyr.


Emma Men seniň bilen gepleşip, diliňi açaryn we sen olara: „Hökmürowan Reb şeýle diýýär!“ diýersiň. Goý, diňlän diňlesin, diňlemedik ýüz öwürsin, çünki olar bir pitneçi halkdyr».


Emma Reb meni süriniň yzyndan aldy-da, maňa: „Bar, git-de, Meniň halkym Ysraýyla pygamberlik et“ diýdi.


Şol gije Hudaý Bilgama görnüp, oňa: «Eger bu adamlar seni çagyrmak üçin gelen bolsalar, sen olar bilen git, ýöne diňe Meniň aýdanlarymy edersiň» diýdi.


Bilgam Ballaga: «Ine, men seniň ýanyňa geldim! Mende näme bir zat aýtmaga güýç barmydyr? Men diňe Hudaýyň agzyma salan sözlerini sözlärin» diýdi.


Size buýran ähli zatlarymy berjaý etmegi olara öwrediň. Men hemişe, tä dünýäniň ahyryna çenli siziň bilen bolaryn» diýdi.


Sebäbi men Hudaýyň ähli islegini size wagyz etmekden boýun towlamadym.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ